Kitiň çagasy doglan pursatyndan başlap ýüzüp bilýär. Ol ep-esli wagtlap enesi­niň süýdi arkaly iýmitlenýär. Kitiň süýdi örän ýokumly bolýar. Onuň süýdi syg­ryň süýdüne garanyňda 10-12 esse ýag­lydyr. Uly kitleriň ýaňy doglan çagasy­nyň uzynlygy alty metre çenli ýetýär. * * * Ynsanyň saçy bütin ömri boýunça orta­ça 725 kilometre çenli ösýär. Saçymyzy ýygy-ýygydan aldyrýandygymyz se­bäpli onuň şonça uzynlyga çenli ösýän­digini göz öňüne getirmek mümkin däl ýaly bolup görünýär. * * * Adam gülen wagty onuň 17 muskuly iş­leýär. * * * Adamyň DNK-sy 80 müň geni özünde jemleýär. * * * Leýkositler adam bedeninde 2-4 gün ýaşaýar, eritrositler bolsa 3-4 aýlap ömür sürýär. * * * Bedenimizdäki bakteriýalaryň ählisiniň agramy ortaça 2 kilograma deňdir. * * * Adam beýnisinde bir sekundyň dowa­mynda, takmynan, 100 müň reaksiýa bolup geçýär. * * *

Köneler, magnit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir