Salam gadyrly Talyplar.com sahypasynyň agzalary we myhmanlary. Bizem näme, futbol oýnalyň diýip ahyry şu gün oýnadyk. Köpetdag stadionynyň daşyndaky uly meýdançada şeýle bir oýun boldy welin jemi 18 pökgi derwezä geçäýen eken. Ýöne şol pökgüleň köpürägi biziň derwezämizden geçen bolsa nätjek. Ine belleşilen wagta gijä galyba men geldim welin diňe Ertir.com-yň agzalary bar eken. Olaram menden soradylar - Hany Talyplar.com - diýip. Bolsada Talyplar.com-yň oýunçylary dilleşen ýaly aňyrda üýşüp duran eken. Olaram geldi, tanyşdyk. Häzir olaram oýun barada öz pikirlerini aýdarlarda. Indi oýun barada aýtsak, biz ýagny Talyplar.com 8sany bolup oýnady, olar: 1.Ata aga (köne agza,agzalygy ata bolmaly ) 2.Bravo 3.1merdan 4.Shahriyar 5.Broker 6.Leonardoo 7.Notyetperfect 8.Mirasymyz Indi Ertirler.com 7sany bolup oýnady, olar: 1.Gudrat 2.Batyr 3.Oppish 4.ChemicalMan 5. Wyždanyň sesi 6.Merdan (myhman bolup gelipdir) 7.mgazak Zenit diýip bir agza bar eken welin, ol oýundan öň tramwa alyp elini döwdüren eken. Eli gipsli bolansoň oýuna janköýerlik edip oňmaly boldy. Oýunda ilki goly olar saldy (kimiň salany ýadyma düşenok). soň bir-bir boldy. Soň 2-1 utubam ugradyk welin oýunyň ahyrynda hasap 6-12 ertir.comyň peýdasyna gutaraýan eken. Biziň şu oýunymyzy gurnan Batyryň (ýat agza däl, talyplardaky nigi Goool bolmaly)gynansamam gözüni gögertdim öýdýän. Ýene bir gezek Batyr bagyşlarsyňda. Uglawoýdan galdyranlarynda kellede süsjek bolamda tirsegim edil çep gözüniň aşagyna degdi. Aý garaz oýun gyzykly boldy. Ata aga bolmadyk bolsa gaty uly hasap bilen utulardyk. Tüweleme meň galdyran pökkimi dagy kelle bilen gaty owadan saldy. Shahriyar hakda aýtsak olam tüweleme gaty gowy oýnaýan eken. Oýnuň soňragynda ýöne çala tramwa alyp oýny terk etmeli boldy. Biziň derwezämize geçen gollaň köpüsem şondan soň geçdi. 1merdan hakda aýtsak ol hem goragda gowy oýnady. Talyplar.comyň agzalary size ýatladaýyn, 1merdan Turkmentug agzamyzyň hem agasydyr. Tüweleme söz ýok oňa hem. Bravo hakda aýtsak derwezä super. Hüjümde-de erbet däl eken. Ýöne welin hakyky derwezebanyň barda. Leonardoo hakda aýtsak, tüweleme meň-ä göwnüm ýetdi. Hakyky Leonardaň barda. Notyetperfect jan edip oýnady. Hüjümde-de, goragda-da. Muňa-da söz ýok. Broker dostumyz, bu hem tüweleme ylgap geçdi. Arasynda derwezebanam durdy. Aý men-ä aslynda biziňkileri üýşüribem bolar öýtmedim welin tüweleme geldiler hemmesi. Onsoňam biziňkiler gowy oýnady welin olar has güýçliräk ekenler. esasy zat dostlyk, gowy gatnaşyk, agzybirlik. Bu utmak utylmak diýilýän zat hökman bolaýmaly. Oýun bolsa ýa utarsyň ýa-da utylarsyň. Bu gezek biz utyldyk. Indiki gezek nesip bolsa utarys. Agzalar uzak ýazyp siziňem wagtyňyzam aldyk. Bilemok öň bolupmy bolmanmy, ony Ata aga gowy bilýändir welin şunuň ýaly çäre öň geçendigini men-ä agza bolalym bäri birinji gezek duşdym. Galanynam oýna gatnaşanlar aşakda öz pikirlerini paýlaşarlarda. Bolýar sagboluň.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir