Talyplar.com saýtynyň aktiw agzalaryndan bolan, şahyr dostumyz Aladin bilen şu gün söhbetdeşlik guramagy makul bildim. Mundan öň ikimi üç gezek käbir agzalar bilen söhbetdeşlik boldy welin agzalaň garaşyşy ýaly jogap alyp bilmediler käbirlerinden. Dogrysyny aýtsaň gyzyksyz geçdi, käbir soraglara jogabam berilmedi ýa-da ýarym-ýalta jogaplandy. Ony agzalar gowy bilýändir. Berilen soraglara doly we dogry jogap berip agzalaryň ýüregine jüňk bolmalyda. Aladin dost siziň bilen boljak söhbetdeşlik, garaşyşymyzdanam gowy bolar diýip umyt edýäs. Onda başlabereliň gadyrly agzalar. Ýöne gaýrat edip temadan çykmalyň we floodlamalyň. biderek soraglar bozuljakdyr.
ALADIN AGZA BILEN SÖHBETDEŞLIK
-
byagulechka
13 years ago
- Salam,admin aladin agzamyz onlineda gorunsin bizem yuvas yuvasdan gosulybererisda )
-
Hezretli
13 years ago
- Esselemaleýkum jemagat, sag gurgunmysyñyz, size ähli gowulyklary diläp, hormatly @aladin dostumyzyñ söhbetdeshligini dowam edeliñ.
Geliñ ilki bu agzanyñ adyny, niredendigini we näme bn meshgullanýandygyny soralyñ. Soñ onsoñ bashga soraglara gechibereris.
Ýeri, dostum @aladin, söz sizden :)
-
Hezretli
13 years ago
- Wüi @admin dostum sizi agzamandyryn, bagyshlañ. Sizede ähli gowulyklary arzuw edýäris. :)
-
ALADIN
13 years ago
- Salam talyplar.сomyň agzalary!
Meni sylap açan temaňyz üçin sag boluň admin! Dogrymy aýtsam men intäk bu söhbetdeshlige garashmandym.Bashardygymdan jogaplaryn,soraglaryňyzy bosh goýmajak bolaryn.
1)Talyplar.comy nireden tapdyňyz?
-googleden goshgy gözläp ýörkäm gabat geldim.
2)Siz üçin ERtir.com gyzyklymy ýa-da Talyplar.com?
-ertir.сom bu meň iň köp wagtymy geçirýän esasy saýdym,ýöne ertir.çom saýdynyň agzalaryndan talyplar.çomyň agzalary has mähirli,parahat,hem ýuwash.Ikisem öz ýerinde gowy taraplary bar.
3)Talyplar.com-dan aýrylyp bilmeýänizi düşündiräýseňiz?
-men goshgy okamogy has d
ogursy edebiýat bilen gyzyklanýan,talyplar.çom saýdynda gowy goshgular,hekaýalar,oýlanmalar ýazylýar we indiki gejeki shahyrlar goshgy ýazýalar olaň goshgulary mende uly täsir galdyrýar.ýenede dünýa garaýshymy giňeltjek temalary okamak üçin...
-
idealman92
13 years ago
- salam.aladin,lakamyny.nadip.sayladyn?adyn.name?
-
ALADIN
13 years ago
- nireden? 1)Meň aslym Marydan,ýöne shu wagyt Ashgabatda ýashaýan.
meshgullanýaň? 2)Özüm Ýokary okuw jaýynda okaýan,okuwdan dashary kampýuter we edebiýat bilen gyzklanýan
-
ALADIN
13 years ago
- salam idealman92.
1)lakamyny.nadip.sayladyn? özüm ALADIN ady gowy görüp saýladym :)
2)Hakyky adym: Rahat
-
messibet
13 years ago
- Aladin salam. menem sorag beräýjek. Futbol barada.
a.Realmy ýa-da Barsa?
b.Gurban berdiýew Rubinden gitse öňki abraýy bolarmy?
c.Messimi ýa-da Ronaldo?
-
ALADIN
13 years ago
- messibet salam.
1)Barcelona
2) elbetde abraýy bolar,tälimçe çalshany bilen tälimçiň ady ýitip gitmez.Tälimçiň öwreden tilsimlerini saklap bilseler...
3)с.messi
-
messibet
13 years ago
- sagbol jogap bereniň üçin. ýene bir sorag berjek jogabyny bermäkäň sagbolsun aýdýan.
şu wagt barsa bilen sewilýa oýnaýar 10-njy minudy. hasap 0-0. oýun näçe näçe boup gutarar? çaklamaňy aýdaýsaň. Başga soragym ýok.
-
ADALATLY
13 years ago
- Aladin dost siz näčinji ýyl.okuwda ugruňyz näme?
-
ALADIN
13 years ago
- Oýunda sheýle bir ideýa bar fudbolçylarda haýsy komanda worotasyndan bir ýa-da iki gezek gool geçse sho kamanda oýuna bolan höwesi gaçýar we utulmak bilen bolýar,ýöne Barcelonada bu ýagdaýa kän gabat gelemok.
Meň pikirimçe Barcelona 2:0 gool hasabynda utarmyka diýän :)
-
Jemka91
13 years ago
- Salam Aladin sizñ pikr.çe (sada dilde)tm ýigdi we tm gyzy nähili bolmaly?
-
ALADIN
13 years ago
- 1991 ýyl.
okaýan ugrumy käbir sebäpler görä aýdyp bilmerin gaty görme dos:) ýöne adamzada iň peýdaly ugur
-
AHAL
13 years ago
- menem bir iki sany sorag berayin.
1) HAYSY ESERI HAS GOWY GORYANG? kitap?
2)dunyade in gorkyan zadyn name?
3)dunyade in hormat goyyan hasyeting?
4)hazirki zaman politiklerinden haysynyn yerini eyelasin gelerdi? (eger wozmozhnost bolsa)(fantazia)
-
ALADIN
13 years ago
- Salam Jemka91.
Tm.gyzy sada dide aýdaňda: namysjaň,imanly,köp gürlemeýän,süýji tagamlar bishirip bilýän,ulyny kiçini sylamaly,öz söwer ýaryna wepaly,özüniň gyzlyk namysyny gorap bilmeli,adyna hapa degdirmeli däl...
Tm.ýigidi merdana,watany söýüji,gerek ýerinde agras bolmany basharmaly,bir hudaýa ynanmaly,diýen sözüniň yzynda durmany basharmaly,ene atsynyň beren duzuny haklamaly...
-
ALADIN
13 years ago
- 1) HAYSY ESERI HAS GOWY GORYANG? kitap?
-Leýli Mejnun ...kitaplardan Pragyng,jelaleddin Ruminiň,Kerim aganyň,Halyl kulýewiň...
2)dunyade in gorkyan zadyn name?
-Bu döwüriň adamlaryndan gorkýan,dostlarymdan gorkýan,hudaýymdan gorkýan,men menlikden nebsimden gorkýan..
3)dunyade in hormat goyyan hasyeting?
-edep terbiýe,sadalyk...
4)hazirki zaman politiklerinden haysynyn yerini eyelasin gelerdi? (eger wozmozhnost bolsa)(fantazia) ?
-(fantazia)...Politikada sowuk urush(halodny waýna) beýlekilere garanyňda ýeňil we gyzykly...
-
AHAL
13 years ago
- yene sorag berse bolyandyrlay dosslar?? gyzykly ekenday.
1) oz durmushunda 1 je zady uytgetmane rugsat berseler namani uytgederding?
2) in shatlykly gunun haysy boldy?
3) turkmen taryhynda gokdepe urshy barada oz shahsy pikirlenni beyan edayseniz.
4) turkmenistan edil hazirki wagt haysy strategiany ulansa halk uçhin watanymyz uçhin gowy bolar.
-
Friendship
13 years ago
- Salam, aladin! Saña öñki eserleri, ýagny, 20-nji, 21-nji asyrlara degi$li bolmadyk eserleri okamak has gyzyklymy ýa häzirki döwrüñ eserlerini okamak?
-
idealman92
13 years ago
- aladin,senin pikirinche Barcelona Messi bilen Barcamy ya-da messi barca bilen messimi?
-
Tourist
13 years ago
- Salamlar @aladin mendenem sorag.
1.sen heý bir wagt eden zadyña ökunip gördunmi? Mes. men shuny etmeli däl ekenim, wah shu tazeden bashlansady diýen wagtyñ. Mumkin bolsa durmushyndan yekeje mysal getirsene.
2.akylly adam bolmak ucin name etmeli?
3.sen optimistmy ya pessimist?
4.Masgalanda näcenji caga?
5. In gowy görýän sözüñ ya-da söz düzümiñ (mes. gecdiler, geceris yene gecerler! ya-da sen aman bol bu dunyade)!
Jogaplara garashyan @aladin.
-
byagulechka
13 years ago
- Салам аладин , гоз дегмек,чиле душмек, дога едилмек йалы затлара ынынйанызмы ве наме учин ? Икинджи сорагымам шейлерак,ынсан арасындакы сойга ынанйанызмы? Оз жасминыныз учин едип билайджек ин уйтгешик поступокыныз?
-
ALADIN
13 years ago
- 1) oz durmushunda 1 je zady uytgetmane rugsat berseler namani uytgederding?
-çaga wagytlarym ýekeje gün bosh geçiren günümi,dashary ýurt dillini öwrenmäge çalshardym,sheýden bolsam bosh wagymyň köpüsi dill öwerenmek bilen bolardy we bir dostum köpelerdi...
2) in shatlykly gunun haysy boldy?
-dostlarym bilen geçiren günlem.
3) turkmen taryhynda gokdepe urshy barada oz shahsy pikirlenni beyan edayseniz.
-Gökdepe urshy bu taryhda iň kän gan dökülen we wagshylykly hereket edilen urushlaň biri bolupdyr.Russlaň bärini basyp almaklary:shol wagyt rusýa pagta ekmek üçin we ýer asty baýlyklarymyza almak üçin,iňlislere bermejek bolup türkmeni basyp alypdyrlar.Ikinji sapar Gökdepe galasyna urush bolanda shol wagyt Nurberdihan bolmandyr ol wagyt ol maryda boupdyr diýäler eshtshime görä,eger Nurberdihan bolan bolsa onda beýle kän gan dölülmezdi....
4) turkmenistan edil hazirki wagt haysy strategiany ulansa halk uçhin watanymyz uçhin gowy bolar.
-Telekeçiligi ösdürümek,öz önümlerimizi özümüzde gaýtadan ishledilsek,ylym-bilim ugurlara has ünüs berilse we transpordy gowlasak demir ýollary iň tiz gitýän otlylar ýola goýsak,ýollarymyzy gowlandyrsak.Adamyň köp wagtyny alýan zat ýol bolup durýa,adamlar näçe çalyt hereket etse ösüsh has çaltlashar.iň gymat zat bu wagytdyr.söwda ugrunda hem ýol iň wajyp hem köp pula durýan,wagymyzy köp alýan zatdyr.
-
ALADIN
13 years ago
- Saña öñki eserleri, ýagny, 20-nji, 21-nji asyrlara degi$li bolmadyk eserleri okamak has gyzyklymy ýa häzirki döwrüñ eserlerini okamak?
-Dogursy häzir okarýaly üýtgeshik eserem ýok bizde,20nji asryň eserleri gowy,21 asryň gowy eserine dushamok heniz,elbetde dashry döwletlerde bar ýöne gynansakda olar türkmen dillinde ýok.
Meň üçin öňki eserler gowy,20 nji asaryňam eserleri gowy 21asryng gowy eserine tm.de dushamok
-
ALADIN
13 years ago
- senin pikirinche Barcelona Messi bilen Barcamy ya-da messi barca bilen messimi?
-Barcelona öňem güýshli komanda...,messi barceelona bilen messi
-
nightwolf
13 years ago
- futbol hakdamay yazanlarynyz? dusunmedimay yekejesinede
-
byagulechka
13 years ago
- Menin soragymam jogapsyz goymarsynyz diyen umydym bar ( ̄▽ ̄)
-
idealman92
13 years ago
- aladin,söýgä ynanýañmy?ynsanlaryn arasyndaky
-
Younglord
13 years ago
- Aladin meñ pikirimce edil $u wagt barca messiñ arkasy bilen barcelona öñler realda zidan, bekham, ronaldo, carlos ýaly güýcli oýuncylar barka barcyn ady hem agzalanokdy
-
byagulechka
13 years ago
- Ideal menin soragyyyyymmmm ( ̄▽ ̄)
-
idealman92
13 years ago
- younglord,messi barcany barca etse name ucin argentinada gowy oynanok?o girdenejik 2010 afrikada oyunyny gordunmi?yurekbulanch
-
nightwolf
13 years ago
- ay bu temany futbola owurdiniz, futbola gyzykmayanlar name etmeli?
-
Younglord
13 years ago
- Aý näme kristianam mancestri az wagtlyk one sürdä ýyldyz bolup. Messin ýyldyzlygam wagtlaýyn
-
ALADIN
13 years ago
- 1.sen heý bir wagt eden zadyña ökunip gördunmi? Mes. men shuny etmeli däl ekenim, wah shu tazeden bashlansady diýen wagtyñ. Mumkin bolsa durmushyndan yekeje mysal getirsene.?!
-Hawa bolup gördi sheýle diýen ökünen günlem.
2.akylly adam bolmak ucin name etmeli?
-Filosofi dersiniň düshündüshüne görä:"Akyl ýetiriş teoriýasy ýa-da gnoseologiýa (grek sözi bolup gnosis-bilim,bilmek akyl ýetirme manylary aňladýar) filosofiýanyň döremegi bilen fundamental bir bölüm bolup orta çykýar."
Adam näçe köp çeper edebiýat okasa akylly has hem goýulshar.Adam her ýylda ýa bolmasa iki ýylda bir gezek bir hasahanayň(bolnisa) dashyndan aýlanyp adamlaryň nähili ejir çekishini görse,öwülýälere (mazarystana) aýlanyp zyýarat etse,türmelerde adamlaň nähili ezýet çekýänini bilse dashyndan shol zyndany görse onda bu adamyň has hem dünýä garaýshyny ulaldar we akylly has akyllanar we kynçylyklaryň bardygyny biler.
3.sen optimistmy ya pessimist?
- filosofiýa dersindäki optimizm diüip soraýan bolsaň,onda optimistm (optimizm)
4.Masgalanda näcenji caga?
- ikinji (ortanjy)
5. In gowy görýän sözüñ ya-da söz düzümiñ?
-Buda geçer :)
-
idealman92
13 years ago
- Aladin
-
vipboy
13 years ago
- Salawmaleykum! Aladin doss menem sarag berayeyn?
Kadili mantini gowi goryanmi? We sebabi
-
ALADIN
13 years ago
- Салам аладин , гоз дегмек,чиле душмек, дога едилмек йалы затлара ынынйанызмы ве наме учин ?
-Elbetde ynanýan,bu zatlar ata babalarymyzdan gelýän däp...
Икинджи сорагымам шейлерак,ынсан арасындакы сойга ынанйанызмы?
-Hawa ynanýan,ýöne edil häzirki döwürde hakyky söýgi esasan hem nikadan soň bolýar.Ýöne häzirki döwüriň söýgi diýilen zadyndan gorkmanam duramok:)
Оз жасминыныз учин едип билайджек ин уйтгешик поступокыныз?
-shu wagyt mende jasmin ýok:) Ýöne bolsa oň üçin durmush gurmakdan uly üýtgeshik bagyt ýok.(durmush gurmak)
-
byagulechka
13 years ago
- Sag bol jogaplaryn ucin=)
-
ALADIN
13 years ago
- aladin,söýgä ynanýañmy?ynsanlaryn arasyndaky ?
-Hawa ynanýan,ýöne edil häzirki döwürde hakyky söýgi esasan hem nikadan soň bolýar.Ýöne häzirki döwüriň söýgi diýilen zadyndan gorkmanam duramok
-
ALADIN
13 years ago
- Salawmaleykum! Aladin doss menem sarag berayeyn?
Kadili mantini gowi goryanmi? We sebabi ?
Ýok gowy göremok.ishdäm alanok
-
magnit
13 years ago
- salam mendenem soragjyk jogaplasan
1.aladin cilim cekyamin?
2. Chyrachylar hakda name aydyp biljek?
3. Gowy güldiren wakany yatlaysan :D
4. Syýasatda (politikada) kimin yolyny goldayan?
5. Dashary yurda gitmane uly mumkincilik dörese haysy yurda giderdin?
-
nightwolf
13 years ago
- aladin aga, bratok, dayy, gayyn, cykan, dogan gaty gorme welin seninem elin egrimi diyip ideal soraya
-
Abadan
13 years ago
- Salam. Tuweleme manadagy soragam goymandyrlara :-D))
1. Aladin "hasap edenin bolmaz,nesip edenin bolar"diyleni senin pikirinci dogrymy? We sonun yaly yagday sende boldymy?
2.BAGT -diyip name dusunyan?
3.int bu saytdan basga haysy saytlara giryan?
4. Oglan bn gyzyn arasynda dostluk bolarmy?
5. Bir degismejik aytmaly :-)
-
mirasymyz
13 years ago
- Tüwelem Aladin ullakan sagbolsun aýdýan. Soraglara gaty gowy jogaplar beripsiňiz. Menem size 3sany sorag beräýin.
1.Nesip bolsa öýlenersiň. Şonda gelniňi maşynyň öňünde oturdarsyňmy ýa-da yzynda?
2.Agzalar haýsy kitaby okamaklygy maslahat berýäň?
3.Allah dostlary bilen bagly bolan bir hekaýat aýdyp beräý, eger mümkin bolsa?
Gadyrly agzalar eger siz bilenem şunuň ýaly söhbetdeşlik açylsa, Aladin dostumyzyň jogap berşi ýaly giňişleýin jogap bermegiňizi haýyş edýän.
-
ahmetjan18
13 years ago
- Goldaýan mirasymyz agam.
-
ALADIN
13 years ago
- 1.aladin cilim cekyamin?
-öň çeken bolýadym häzir goýdum.
2. Chyrachylar hakda name aydyp biljek?
-çyraçylar meň pikirimçe peýdaly ýerlerem bar zyýanly ýerlerem bar.Peýdaly taraplary: Ashgabat shäherimiziň gözelligine goshant goshýalar mashynlaryny bezäp:) ýene bir tarapdan türkmenleri awto ulag bezegi boýuça,her tüýsli forzash oýunlary bilen beýleki ýurtlaryndan kem galanoklar bu bolsa biz üçin sportda at abraý.Zyýanly taraplary: ýashajylaryň rahatlygyny bozýalar gaty magintofon ses açyp,sygyrdyp ses edirip adamlary howsala salýalar.Ýene bir erbet tarapy beýleki mashynlaryna awarýala howupuny salýalar.
3. Gowy güldiren wakany yatlaysan ?!
-Bir Obada belli sylanýan ýashuly adam bar eken,olam bir gün köpçülikde saklanyp bilmän erbet ses bilen osurupdyr,onsañ ýañky ýashuly bu masgaraçylyga çydap bilmän bashga oba göçüp gidipdir.Birnäce gün geçenden soñ ýañky ýashuly öz ogluna sheý diýipdir bar oglum öñki oba baryp gör,men hakda gybat gürüñler ýatyshypdyrmy bilip gel diýipdir.Ogullam oba gidip gelipdir,ýok kaka gürüñ ýatyshmandyr oba barmaly diýipdir.Ýenede birnäce hepde gecipdir ýenede kakasy bar oglum oba gidip gel gürüñ ýatyshypdyrmy diýipdir.Ogly ýenede obadan dolanyp gelip ýok kaka henizem gürüñ ýatmandyr diýipdir.Birnäce aýlar gecipdir ýenede kakasy oglum bar oba gidip gel gürüñ ýatyshypdyrmy görüp gel diýipdir.Oglam oba gidip gelipdir-de kakasyna sheý diýipdir:kaka olara señ osuran günüñi kalendar edip ulanýar ekenler diýipdir.
Görüp otursak obañ adamlary hool pylan ýashulyñ osuran gününden soñ mashyn aldym ýa bolmasa pylan ýashulyñ osuran gününden 15 gün gecenden soñ toý etdim diýip kalendar edip ulanýar ekenler :)
4. Syýasatda (politikada) kimin yolyny goldayan?
-wagytlaýynça Putiniňkini goldaýan...
5. Dashary yurda gitmane uly mumkincilik dörese haysy yurda giderdin?
-mydamalyga gidip bilmerin wagytlaýyça giderin Hytaýa,Taýlanda,Hindistana,Russiýa...gitsemde söwda üçin giderin...we syýasat üççin
-
ALADIN
13 years ago
- aladin aga, bratok, dayy, gayyn, cykan, dogan gaty gorme welin seninem elin egrimi diyip ideal soraya ?
Hudaýa shükür egri ýerimä ýok 12 süňümem göni:)
-
ependi
13 years ago
- salam aladin, mendenem sorag:
1. gaçyp gien gyza nähili garaýaň?
2. hytaýyň ýuany dollardan öňe geçip bilermi?
3. näme üçin ýaşaýaň?
-
ALADIN
13 years ago
- 1. Aladin "hasap edenin bolmaz,nesip edenin bolar"diyleni senin pikirinci dogrymy? We sonun yaly yagday sende boldymy?
-meň pikirimçe elbetde dogry,hasap edeniň diýip bashga manyda düshünýän,ýagny: bir sowap ish etdim diýip hasap sanamak birhiliräk bolýar düshünshime görä...
köp zat nesip edibem gördi etmänem..
2.BAGT -diyip name dusunyan?
-"bagyt näme" diýip goshgam bardy.Bagyt bu jan saglyk,agzabirlik,söýgi,ýakynlaryň bilen bile bolmak.
3.int bu saytdan basga haysy saytlara giryan?
-ertir.com,mail.ru we özüme bashga gerek bolan programa saýytlaryna we aýdym saýytlaryna..
4. Oglan bn gyzyn arasynda dostluk bolarmy?
-dogan bilen doganyň arasynda dostluk bolup bilýän bolsa elbede bolup biler.mysal üçin: bir gyz uýaly oglan öz dogany bilen hem dogan hem dost bolýara.
Eger dogan däl gyz bilen oglan bolsa onda dostluk az wagytlyk bolup biler...
5. Bir degismejik aytmaly ?
-ÇORBANYŇ ÇORBASY
Günlerde bir gün bir daýhan Ependä towşan getirip beripdir.Bir hepdeden soňra şol daýhan ýene Ependiniňkä gelipdir. Ependi ony tanamadyk bolýarmyş.
Ol daýhan:
-Men geçen hepdede saňa towşan getirip beren adam-diýip, özüni tanadypdyr. Ependi göwünli-göwünsiz:
-Öýe gireliň-diýipdir hem-de onuň öňünde çorba goýupdyr. Ol:
-Towşan çorbasydyr, alyň myhman! - diýip, kakdyryp gürläpdir.
Aradan ep-esli gün geçenden soň, Ependiniň öýüne bir topar daýhan gelip, hezzet-hormat tamakin bolupdyrlar. Olar:
-Biz şol towşan getirip beren daýhanyň goňşulary bolarys-diyipdirler. Ependi tapan-tupanlaryndan bulara-da hezzet edipdir.
Bir hepdeden soň ýene bir topar daýhan gelipdir.
-Siz nireden? -diýip, Ependi olardan soranda:
-Saňa towşan getirip beren daýhanyň goňşularynyň goňşulary-diyip jogap beripdirler.
-Geçiň oturyň!-diyip, Ependi olary myhman alypdyr hem-de ýaňky daýhanlaryň öňüne bir tabak suw getirip goýupdyr. Daýhanlar geň galypdyrlar. Tabaga seredişip:
-Ependi bu näme?-diýip sorapdyrlar. Ependi bolsa:
-Bu çorbanyň çorbasynyň çorbasy-diyip jogap beripdir.:)
-
ependi
13 years ago
- aladin ýene-de sorag:
4. Nurmuhammet Meredow nähili bagşy seň üçin?
5. rap diňleýäňmi?
-
ALADIN
13 years ago
- 1.Nesip bolsa öýlenersiň. Şonda gelniňi maşynyň öňünde oturdarsyňmy ýa-da yzynda?
-mashynyň yzynda otursa menä gowy görýän,yzky sidenýada oturtjak:)
2.Agzalar haýsy kitaby okamaklygy maslahat berýäň?
Jelaleddin Rumy,Magtymguly,kerim aga we dashary ýurt ýazjylaryny okasalar gowy bolar Sasiologiýa we filosofiýa dersler bilen gyzyklansaňyz içinden käbir gowuluklara dusharsyňyz okamaklygy maslahat berýän.
3.Allah dostlary bilen bagly bolan bir hekaýat aýdyp beräý, eger mümkin bolsa?
-Hekaýa...Dostluk barada.
Gadymy Ýunanystanda Sokrat çuň bilimli adam hasaplanypdyr. Günleriň bir güni beýik akyldara bir aşnasy duşup şeý diýen: “Meniň seň dostuň barada ýap-ýaňyja eşiden zadymy bilýäňmi?” Sokrat ondan biraz säginmegini sorap, şeý diýen: “Sen hiç zat aýtmakaň men seni kiçijik bir synagdan geçireýin. Muňa Üç gat süzgüçli synag diýilýär.” “Üç gat süzgüçli synag?” “Hawa, hut şeýle” diýip, Sokrat sözüni dowam eden. “Sen maňa dostum hakynda aýtmazyňdan öň aýtmakçy bolýan zadyňy süzgüçden geçirsek gowy bolar öýdýärin. Şu sebäpden men ony Üç gat süzgüçli synag diýip atlandyrýaryn. Birinji süzgüç Hakykat. Sen öz aýtjak bolýan zadyň dogrudygyna mazaly göz ýetirdiňmi?” “Ýok, hakykatda men ony ýaňyja eşitdim we...” diýip, ol adam jogap beren. “Bolýar, onda sen öz aýtjak bolýan zadyň çyndygyny ýa däldigini bileňok” diýip, Sokrat sözüni dowam eden. “Gel indi ikinji süzgüji, Haýyr süzgüjini synaly. Seniň meň dostum hakynda aýtjak bolýan zadyň gowy zatmy?” “Ýok, tersine...” “Onda sen maňa ol hakda bir ýaramaz zat aýtmakçy bolýaň, ýöne sen şol zadyň çyndygyna ýetik däl. Ýöne seň entegem synagdan geçip bilmegiň mümkin, sebäbi ýene bir süzgüç galdy. Ol süzgüjiň ady Peýdalylyk. Dostum hakynda aýtjak bolýan zadyňdan maňa bir peýda bolmagy mümkinmi?” “Ýok, beýle däl.” Sokrat netije çykaran: “Hoş, eger seniň aýtjak bolýan zadyň ne çyn, ne gowy, ne-de peýdaly bolsa, onda ony maňa aýtmagyň nämä geregi bar?”
-
ALADIN
13 years ago
- 1. gaçyp gien gyza nähili garaýaň?
-erbet garamok,sebäbi herhili ýagdaý bolýa,belkide oglan gyzy almaga müňkinçiligi üokdur,ya bolmasa gyzda bashga bir mesele bardyr aý garaz sebäp köp sebäpsiz zat bolmaýar.Ýöne ene ataň razylygy bu hökmazy zat.
2. hytaýyň ýuany dollardan öňe geçip bilermi?
-Müňkin geçmegi ýöne kynyrak bolar..
3. näme üçin ýaşaýaň?
Watan üçin,özüm üçin ýakynlarym üçin..
-
ALADIN
13 years ago
- 4. Nurmuhammet Meredow nähili bagşy seň üçin?
-gowy bagshy,sungata berlen adam
5. rap diňleýäňmi?
-kä wagyt
-
Jemka91
13 years ago
- Arma(weri)...
-
Studentka91
13 years ago
- Salam aladin.menem sana yekeje sorag beryayeyinda eger mumkin bolsa durmushda öñùnde goyan maksadyn name?
-
ependi
13 years ago
- sagbol jogaplar üçin:)
-
ALADIN
13 years ago
- bar bol özüňem arma:)
-
Jemka91
13 years ago
- Ýadatdykmy? :-|
-
Studentka91
13 years ago
- Men soragyma jogap yokmy aladin:(
-
ALADIN
13 years ago
- @studentka91 soragyñ jogabyny ertir ýazaryn,sagat1:31 giç boldy
-
ALADIN
13 years ago
- @jemka91 ýadamanam duramok :)
-
garypjan
13 years ago
- Alladin dost mendenem soragjyk!
1 eger bir gyzy ýurekden söýseñ olam saña ýok diýse, soñ nadip ýatdan chykararsyñ?
2 gowy adam bolmak ûchin name etmeli?
3 dowamy bar...
-
Studentka91
13 years ago
- Hormatly aladin mena senden öykelejek hemme kisin soragyny jogapladyn dine men soragyma jogap yok:(
-
Jemka91
13 years ago
- studentka ýokaryña seret temadan kitap cykjaga ýadapdyr o
-
nightwolf
13 years ago
- aladin 12 sunnin abatmay cyndanam?
-
magnit
13 years ago
- sagbol dost minnetar :-)
-
Jemka91
13 years ago
- Aladin(multkdäki) ogry dälä, abu maýmn ogry hatda bir bölmnde totygu$ ki$mi$li gutap sarganda hurmalysyny ogurlaýara totg$am özüni kö$e$diren bolýa: mugt bolsa alaý dýp.
-
Younglord
13 years ago
- Klasda$ aladin jadyly cyrany ogurlaýa
-
Jemka91
13 years ago
- Ýoo-o kinoda ogry bolaýmsa multkdä ýadma dû$enak
-
Younglord
13 years ago
- Multikde-de ogurlaýar Japardan (Soňky çykanynda)
-
Jemka91
13 years ago
- Ona göremk (sen matemkañ mesel.ni cözýäkäñ menem multk görýädim)
-
Younglord
13 years ago
- Haýsy multik gördüñ
-
nightwolf
13 years ago
- ay realy multige garyp zyndynyzay
-
Younglord
13 years ago
- Aý sebäbi kicikak multik kop görupdik
-
Jemka91
13 years ago
- Admin11 gaharlanar tema oñky ekenä
-
ALADIN
13 years ago
- durmushda öñùnde goyan maksadyn name?
-Adam näçe köp bildigiçe üýtgäp durýa ýöne öñde goýan maksatalarynyñ hemesi üýtgänok.Men nesip bolsa okuwymy gutaryp ýenede okajak ugurlam bar eger öýlendirmeseler :) gutaran ugrumdan i$lärin oñ da$yndan telekeçilik bilen me$gullanjak...ba$arsam bir kärhana açjak we ýenede etsem petsemler bar.
-
ALADIN
13 years ago
- 1 eger bir gyzy ýurekden söýseñ olam saña ýok diýse, soñ nadip ýatdan chykararsyñ?
-ýatdan çykyba gidesi ýokla kelldäni täzeden formarat etmeseñ.Ýöne ýadan çykarmagyñ has dogursy $ony ýatlamazlyk üçin öýlenmeli ýa-da edil söýen gyzyñ ýerini tutjak ba$ga söwer ýar tapmaly bolar ýa-da ba$ga bir i$e ýa okuwa özüñi bagy$ etmeli.
2 gowy adam bolmak ûchin name etmeli?
-köp okamaly,i$lemeli gepiñ gysgasy kösençligi görmeli,adamlara kömek etmeli,bilen zadyñy öwretmeli,hallka näme edeñde ýarap bolar gowy i$ edip bolar $ony bilmeli
-
Ayjagash
13 years ago
- Salam hormatly agzalar, salam aladin. Menem size soragym bar. Jogaplarsynyz diyen umytda. 1)namaz okayañyzmy? 2)dashary ýurtda okaýan gyzlar barada pikiriñiz? 3)Kerim Gurbannepesowyñ goshgusyndan iñ halaýanyñyz?
-
Novcha
13 years ago
- salam aladin dogan. Eger mumkin bolsa mendenem 3 sanjak sorag :-) 1.aydymchy bolmany arzuw edip gorupmidiniz?2.naili gornushdaki aydymlary halayanyz?3. i halayan aydymchynz?
-
nightwolf
13 years ago
- novchajyk goraymane sen aydymcy gozel oytyan, dogrymy?
-
Novcha
13 years ago
- yok mojejik men aydymcha dal yone aydym aytmany,dinlemani gaty gowy goryan
-
nightwolf
13 years ago
- aydym aytmany dinlemani gowy goryan bolsan sen gaty owadanja gyz bolmaly))))
-
Tourist
13 years ago
- Aladin jogaplanyñ u.n minnetdar! gaty gowy jogaplar bravo:-)
-
Tourist
13 years ago
- Aladin jogaplanyñ u.n minnetdar! gaty gowy jogaplar bravo:-)
-
Tourist
13 years ago
- Aladin jogaplanyñ u.n minnetdar! gaty gowy jogaplar bravo:-)
-
Tourist
13 years ago
- Aladin jogaplanyñ u.n minnetdar! gaty gowy jogaplar bravo:-)
-
Tourist
13 years ago
- Aladin jogaplanyñ u.n minnetdar! gaty gowy jogaplar bravo:-)
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- Салам достларым!
Салам Аладин!
менинем сорагла-
ръма жогап берсен
1)наче яшында?
2)шу омруне наче гыз билен союшип гордун?
3)нахили тагамлы гызлары, нахарлары халаян?
4)гыза ел готерип гордунми?
5)нахили гейинмани халаян?
6) говы танс едип билянми, тип-тонинг тансыны едип билярмин?
7)@маил.ру-да гыз бн союшип горупдинми?
8)параларына долы гатнаярмынай?
9)дилин бурнуна йетярми?
10)мен сана кан хемде гын сораглар бердиммия?
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- ΨΨΨΨΨΨ¶¶¶¶¶¶ алладин жогаба сабырсызлык бн Ашырдаден гарашяр!
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- ahow barmy biri uuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuuu
admin11 13 years ago- 1)Talyplar.comy nireden tapdyňyz?
2)Siz üçin ERtir.com gyzyklymy ýa-da Talyplar.com
3)Talyplar.com-dan aýrylyp bilmeýänizi düşündiräýseňiz?