Gelen geçer, gonan göçer, adamzat, Ýöri, sen hem bir menzile ýeter sen. Ýalançyda ýegdir galsa ýagşy at, Bu dünýäge gelmiş bolsaň, öter sen. Gapyl adam ýada salsa asylyn, Pelek goýmuş ajal atly masylyn, Gelen-geçse, eken-biçsa hasylyn, Orta ýerde sen ne işler tutar sen. Jepa goýma, kaýitmegin bu janyň, Serişdesi hiç tutdurmaz jahanyň, Terpendikçe, derdi artar dünýäniň, Gadam goýsaň, göwräň birler batar sen. Joşgun geldi, heddin ýardy, söz aşdy, Bu ýollardan dogry bargan düz aşdy, Bihuda imesdir ömrüň güzeşti, Her çäştiňe bir günüňi satar sen. Duzak durar al kumaşyn, sim-zeriň, Güzergähiň, tutup durmuş bu ýeriň, Germ eýlediň, pelek, sen bu bazaryň, Maglumdyr ki, bu söwdada utar sen. Magrur olup bu tört günüň dirligne, Ebed galma kyýamatyň, horlugna, Ynanmagyl bu dünýäniň, barlygyna, “Bar-bar” bilen, ýok bolar sen, ýiter sen. Magtymguly, başyňda ýüz köý bardyr, Aýry menzil, aýry mekan, jaý bardyr, Lahat (gabyr) atly dar, düşeksiz öý bardyr, Ol öý içre tä kyýamat ýatar sen.
Magtymguly atamyzyng dur-hazynalaryndan:"yeter sen"goshgusy
-
samat
12 years ago
- Şeydip yetirip duraweriñ.
-
turkmenntug
12 years ago
- sag bol ayna,eliñ yûziñ dert görmesin!
-
zagajkis
12 years ago
Bihuda imesdir ömrüň güzeşti,
Her çäştiňe bir gotüňi satar sen.
shu yeri dash bolupdyr
-
Auditor
12 years ago
- Aynam köp sag bol! Zaga túweleme gözùn yaman ýiti eken, dogruja okapsyn!
-
littil
12 years ago
- aýnaş sag bol. şular ýaly gowy goşgular ýazyp dur.
-
mirasymyz
12 years ago
- Aynash sagbol, yene-de yazyp dur.
Zaga... Shunuñ yaly temada bir oyun etme-dä.
-
aynash
12 years ago
- nesip bolsa!!!
muzazzi 12 years ago- gaty gowy goşgy!sagja bol