öz söýenmiz üçin hemmämiz jomart! biz bu dünýä öýe kimin garýarys. iň gymmat, in zerur, gözel zatlary alýarys-da ýare sowgat berýäris. bütin ýeri sowgat berýäs gyzlara, onuň minaradyr şäherlerini, onuň al şerap deý iňriklerini, dumanly-dumanly säherlerini. soňra ýyldyzlary, deňiz-derýany, soň kellämiz gyzyp gidiberse has,— aýy iki ýaryp zergär mysaly ondan ýara gulakhalka ýasaýas. emma bize ýeň berenok eneler: «biz-ä asyl boş sözlere düşemzok; asmanyň ýyldyzyn kakanyň bilen olar ýere teňňe bolup duşenok. aý diýýärler, deňiz-derýa diýýärler, tapanlarny jomartlarça seçýärler, emma ujypsyzjä galyň tölemän, şagal deý alyp gaçýarlar...»

Köneler, ependi tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir