Bu gün! Bu gün studente, Berilýär pul-stipendiya! Bu gün! Bu gün, gör, birgiden Çykyp boljak bergiden! Tamam okuw Hem kafedra! Kim teatr, Kim kafeda! Saç syrylyp, atyr kükäp, Alynýar tom-tom kitap! Bu gün, bu gün, gör inçeden Edilýär örän kyn jedel! Bu gün! Bu gün arzyly gün: Arzygülli Arzygülün Sonagülli Sonagülün Yene gülli, Yene gülün Kino ya parka çagyrýar... ...A Çaryýar? Ah, Çaryýar! Gör, bir giden, gör bir giden, Çykyp bolup bar bergiden, Indi kimden karz alarka? Indi kimden karz alarka Gurbannazar Ezizow.

Köneler, magnit tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir