Ýolagçy! Howlukma uzakdyr ýollar, geldik, munda dyzy epip geçeli. Saýalarlar ýaly bizden soñkular, Adama bir nahal ekip geçeli. Bu durmu$yñ haýasy bar, $eri bar, adamlaryñ batyly bar, keri bar, Akar ýabyñ öter ýaly ýeri bar, $onda-da paýapyl atyp geçeli. Bilmesek, bilenden geçeli sözläp, gideli uzaga, maksady gözläp, aý aýdyñ gijeler ýar zülpün çözläp, hersine bir posa dakyp geçeli. Ömür gysga, ýol uzakdyr, ýadadar, käte gamgyn eder, käte $at eder, kimler:diýip, dat eder, ýöne ba$ymyz dik tutup geçeli. Bir ömürde $atlyk-da köp, gussa-da, baryn aýdyp bolmaz ýeke kyssada, käte-käte ýüregimiz gyssa-da, bu giñ dünýä $atlyk sepip geçeli. Doguldyk, bu dünýä eýledik togap, bir elde günä bar, bir elde sogap, ýolagçy! Ömrümiz geçmänkä tozap, sogaby alky$a çatyp geçeli.

Köneler, Tourist tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir