SEJDEDE DOGA ETMEK BARADA Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) bir hadysynda şeýle buýurýar: „Guluň (bendäniň) Robbuna iň golaý bolan wagty, onuň sejdä baran wagtydyr. Şonuň üçin sejde halatynda Oňa (Allah j.j.) köpräk dileg ediň“. (Muslim). ŞERHI: Sejde ybadatynyň Yslamda üýtgeşik ruhy täsiri bardyr. Sejde halatyndaky ynsanyň Allahyň (jelle jelaluhu) öňünde boýun egişini, ejizligini, Oňa (jelle jelaluhu) gul bolandygyny, diňe şoňa gulluk edýändigini görkezýär. Sejde adamyň ruhynda şol duýgylaryň döremegine sebäp bolup, imanyň tersi bolan-tekepbirligi kalbynda öldürýär, kalbyny ýumşadýar, ruhyny kämilleşdirýär, päkleýär we adamçylygyny kämilleşdirýär. Hatda bir alymyň düşündirişine görä, sejde sanynyň köplüginiň we sejdäniň uzaklygynyň imana we takwalyga güýçli täsiri bar. Sebäbi hadyslarda aýdylyşy ýaly şol sejde ýagdaýynda Allah (jelle jelaluhu) bilen bendesi arasynda hemme perdeler aýrylýar we eden tobalary, dileg we zikiri Beýik Allaha (jelle jelaluhu) ýetýär. Allahyň (jelle jelaluhu) adamy iň gowy görýän wagty - onuň sejdede wagtydyr. Şonuň üçin birnäçe hadyslarda sejde etmeklik (nefil namaz okamaklyk) buýrulýar. Allaha (jelle jelaluhu) ýakyn bolan bendeler, gijäniň köp wagtyny sejdede geçirip, sejdede aglap we dileg edip geçiripdirler. Şol sejde halatynda adam köpräk dileg etmeli. Biziň aňymyzda diňe „Subhane Robbiýel ag'lä“ diýmeli diýip galypdyr. Sejdede köpräk dileg etmelidir. Mysal üçin nähili eliňi galdyryp dileg edýän bolsaň, sejdede hem şonuň ýaly dileg edibermelidir. Sejde Allahdan (jelle jelaluhu) başga hiç kimiň öňünde edilmeýär, bu düýbinden haramdyr. Sebäbi, bu hereket adamyň doly boýun egişini we gul boluşyny, öz erk we eradasyny sejde edýän zadyna berýändigini görkezýär. Sejde Allah (jelle jelaluhu) bilen guluň aragatnaşyga çykýan halatydyr, gepleşmegidir, oňa golaýlaşmagydyr. Sejdeler adamyň Allaha (jelle jelaluhu) bolan söýgisini güýçlendirýär, tagzym we hormatyňy artdyrýar, kalpdaky hapalyklary aýyrýar we päkleýär. Şonuň üçin sejde hemme ylahy dinlerde bardyr. Ýöne Yslam dininde her musulman diňe parz namazlaryny okasada, günde 34 gezek sejde edýär.

Köneler, yslam tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir