Söýgi-güli tikeni bilen ellän ýalydyr. Elleriñ gana bulanar, emma tikenleriñ awusy üçin güli günäkärlemersiñ! Iñ gowy ýol gidilmedigidir, iñ päk çaga heniz ulalmady, iñ $adyýan günlerim señ bilendir we saña diýmek islän iñ mylaýym sözlerim heniz aýdylan däldir: men seni söýýän! Dü$egiñi gül ýapraklary bilen, düý$leriñi gülälekler bilen bezedim. Üstüñi söýgüm bilen örtdüm, hemme garabasmalaryñy-erbet düý$leriñi özüme aldym. Sen rahat ýat, ezizim! Dagdan gaçsam, ýapy$yp galjak $aham bolsañ, ölmekden däl, seni ynjytmakdan (döwmekden) gorkaryn! Iñ agyr i$çi men. Sebäbi, günde 24 sagat sen hakda pikir etýän! Guýrukly ýyldyzlar asmanda 70 ýylda bir gezek görünerler. Adamlar ony ömründe bir gezek görerler ýa-da asla görmezler. Men eýýäm gördüm. Olam sensiñ, ezizim! Aramyzdaky ýollar näçe da$ bolsa-bolsun, soñsuzlyga giden her ýodada señ adyñy ýazdym. Haýsy ýoldan geçseñ-geç, seni söýýänimi okarsyñ! Bir ýagy$ damjasy seni söýýänimi tassyklaýan bolsa we menden özüñi näçe köp söýýänimi sorajak bolsañ, ynan, ezizim, her gün ýagy$ ýagardy! Gözleriñ derýa, kirpikleriñ köpri bolsa, men üstünden geçýärkäm ýüpleri üzülse, dü$jek ýerim señ dodaklaryñ bolsa!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir