Suw daşgyny, tupan,ýer titremeleri ýaly tebigy hadysalar dürli döwürde,dürli ýerlerde ynsan ömrüne zamun bolan esasy apat hasaplanýar. Emma 1952 ýyl Londonda suw daşgyny ýa-da ýer titremesi däl-de ümür (туман) sebäpli 12 müň kişi wepat boldy.

1952 ýyl 5 dekabr güni şemalsyz, sowuk howa wagtynda Londona antisiklon ýapyrylýar,netijede şäher asmanyny zyýanly maddalar,esasan kömürden ybarat galyň ümür (туман) gaplaýar. Bu ýagdaý 4 gün dowam edýär. 8 dekabr güni çagalar, dem alyş ýollary keselli kişiler hemem garrylardan ybarat jemi 12000 kişi wepat bolýar. Ilatyň köp bölegi öýken keselli bolýar. (Öýkenleri zaýalanýar).

Ümür wagty gözi görmeýän adamlar beýlekilere ýöremäge kömek edipdirler. Muňa ümüriň galyňlygy sebäp bolup,göz bilen görmegiň hiç- hili alajy ýokdy. Gözi görmeýän adamlar bolsa garaňkyda hereketlenmäge uýgunlaşan bolýarlar. Britaniýa taryhyndaky iň uly howa hapalanmasy 1956 ýylda "Arassa howa dogrusynda" ky kanunyň kabul edilmegine sebäp bolýar.





Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir