IŇ HAÝYRLYŇYZ WE IŇ ÝAMANYŇYZ Asma binti Ýazid (radyýAllahu anha) rowaýat edýär: Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) bir gün sorady: Araňyzda iň haýyrly bolanyňyzy habar bereýinmi? Adamlar elbetde ýa Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýdyber-diýdiler. Şonda Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýtdy: „Ol şeýle adamlardyr, olaryň görnüşi size Beýik Allahy ýatladar“. Soň bolsa Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) sorady: „Araňyzda iň ýaman adamlary aýdaýynmy? Olar şeýle adamlardyr olar gep-gybatlary ýaýradarlar, bir-birlerini söýýän adamlaryň arasynda agzalalyk tohumlaryny ekerler we bigünälere azar bererler“. (Ahmet bin Hanbel) ŞERHI: Allahyň iň soňky we söýgüli Pygamberi bolan Hz.Muhammet (sallaLlahu aleýhi we sellem)-iň şu soraglary we jogaplarynyň terbiýeleýji häsiýeti bardyr. Ol adamlara Allahdan gelýän (hemme zady, şol sanda hem adamyň içki dünýäsini onuň özünden has gowy tanaýan) wahiýni ýetirýär. Ol ilki bilen musulmanlaryň arasynda iň haýyrly adamlardan söz edýär. Olaryň görnüşiniň özi daş-töweregindäki adamlara Allahy ýatladýar. Sebäbi adamlar ony, onuň ýaşaýyş obrazyny gaty gowy tanaýarlar. Onuň Kuran we Sünneti hemme zatdan beýik saýýandygyny bilýärler. Bütin ömrüni Allahyň ýoluna bagş edendiklerine göz ýetirýärler we öz nebsiniň din Yslama boýun egdirendigini bilýärler. Onuň ilki bilen daşky görnüşi, ýagny sada we arassa geýnişi, sakgal-saçynyň sünnete laýyk boluşy, beden tämizligi, üstünden gelýän gözel ysy, takwa adamlara laýyk pespäl ýöreýşi, agras we edepli hereketleri onuň Allahdan gorkýan adamdygyny görkezýär. Sebäbi onuň özüni şeýle alyp baryşy, onuň öz nebsini Yslama boýun egdirendigini görkezýär. Indi onuň ruhy ýagdaýyna seredeliň! Ol öz takwalygy, hikmeti, ylymy, pespälligi, agraslygy, dine bolan yhlasy bilen hem adamlara täsir edýär. Ol baran ýerine derrew Yslamyň gözel howasyny ýetirýär, şol ýeriň atmosferasyny düýpli üýtgedýär we gözelleşdirýär. Şu wasplary bilen ol nirä barsa derrew adamlara Allahy ýatladýar, ýagny onuň barlygynyň özi Allaha zikir we gözel dagwat bolup durýar. Ine şeýle adamlar adamlaryň içinde iň haýyrly adamlardyr. Olaryň mysaly öz içlerini aýdyňladýan we daş-töweregine yşyk saçýan çyra ýalydyr.... Indi bolsa iň şerli adamlary bolsa Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şeýle taryplaýar: 1) Gep-gybat ýaýradyp ýörerler. Olaryň hemme işi gep ýaýradyp entäp ýörmekdir. Olarda beýik maksatlar we düşünjeler ýokdyr, heleý häsiýetli gep daşamak olaryň pişesidir. Şu edýän işleriniň hem zyýandygyny hem diýseň gelşiksizdigine olaryň akly çatmaz. Sebäbi olar bitakwa, nadan we hikmetden mahrum adamlardyr. Edýän işlerinden bir hem haýa-utanç duýmazlar. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şeýle häsiýetleriň adamyň kalbyny garalap, olary şere eltýändigini aýdyp adamlary şu häsiýetden saklajak bolýar... 2) Bir-birini söýýän adamlaryň arasyna agzalalyk girizerler. Olar söýgä mynasyp bolmansoň we söýmäni başarmansoň (öz ownukçyl we pis häsiýetleri sebäpli) olar hiç kimi söýmezler we olary hem hiç kim söýmez. Şonuň üçin olar Allahyň razylygy üçin bir-birlerini söýýän adamlary görenlerinde görüplik ederler we ýigrenerler. Şol sebäpli olar derrew olaryň muhabbetini bozjak bolarlar. Birini başgasyna ýamanlarlar, gep daşarlar, ýaman gümany olarda oýandyrjak bolarlar. Çala öýkeleşseler hem şol problemany ulaldyp fitnäni tutaşdyrmak bilen bolarlar. Şol hereketleri olaryň aýrylmaz häsiýeti bolup, bütin işleri şol bolup galar. Ynsan (esasan hem hapa kalply we görüpler)hemişe başgasynda üstün häsiýetler görse şoňa görübilmezçilik edip ony garalamak bilen bolýar... 3) Bigünä adamlara azar berýän adamlar barada aýtsak, adamçylyk ysy bolmadyk bu iki aýakly haýwanlar özlerinden gowşagrak adam görseler heziller edýärler. Indi olar şolary peseltmek, üstlerinden gülmek, göwniýetmezçilik, töhmet, ýaman güman bilen olara azar baryny bererler. Sebäbi häsiýetsiz, edepsiz, gedem we ahlaksyz adamlardyr. Başgalary ýamanlamak we peseltmek bilen olar öz nebislerini sypap derejelerini beýgeltjek bolarlar. Gör nähili pis we häsiýetsiz, terbiýesiz adamlar olar. Resulullahyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýdyşy ýaly „adam“ adyny göterýänleriň iň şerlisidir.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir