ÖZÜŇI UNUTMAK Usame bin Zeýd (radyýAllahu anhu) rowaýat edýär: Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurýar: „Kyýamat güni bir adam getirilip Dowzaha taşlanar, içegeleri garnyndan daşyna çykarylar (atylar) we şol halatda degirmeni aýlaýan gatyr ýaly aýlanyp durar. Dowzahylar onuň daşynda toplanyp şeýle diýip sorarlar: „Eý pylany, bu neneň ýagdaý? Sen bize ýagşylygy buýrup, ýamanlykdan bolsa alyp galýardyň ahyryn? “ Ol hem şeýle jogap berer: „Hawa ýagşylyga buýrardym, ýöne özüm etmezdim, ýamanlykdan gaýtarardym ýöne özüm şony ederdim“ . (Buhary we Müslim) ŞERHI: Adamzat-diýseň çylşyrymly tebigatdyr, oňa düşünmek üçin onuň kalbyny, içki dünýäsini bilmek gerek.. Şu bolsa bize köplenç başartmaýar. Adamyň kalbyny bütin syrlary bilen Allah Tagala bilýär. Näme üçin şu hadysda aýdylýan adamlar peýda bolýar? Näme üçin başgalaryň kemini görüp, aldygyna nesihat edip, aýat-hadyslary delil getirip, wagyzlar edip we din Yslama çagyryp ýören adamlar köp babatda özleri şol aýdýan zatlary bilen amal etmeýärler? Sebäbi şol adamyň içki dünýäsini bilemzok. Iň birinji sebäbi şol adamda yhlas ýok. Onuň esasy maksady Allahyň razylygyny gazanmak dälde adamlara ýaranmak, olaryň gözünde at-abraýa eýe bolmak. Sebäbi köp gepläp, owadan gepläp, sözleriňde okamyşlygyňy görkezseň adamlar saňa daşky görnüşiňe görä baha bererler. (Köplenç ylmy pes adamlar). Ylymly we hikmetli adamlary aldap bolmaz, olar derrew ýalançylary tanarlar. Ikinji sebäbi öz ylymsyzlygyny, amalsyzlygyny ýaşyrmak, köp we owadan gepläp özüni beýgeltmek we aklamak. Üçünji sebäbi bu adamda şizofreniýa psihiki keseli bar. Ýagny şahsiýetiniň ikilenmegi, bir adamda iki adam ýaşaýar. Ol bir görseň bir adam, bir görseň düýbinden başgaça adam. Bu bolsa onuň ruhy taýdan kesellidigini görkezýär. Dördünji sebäbi Yslama düşünmeýändigini görkezýär we düýbinden adamçylyk ahlagynyň ýokdugyny görkezýär. Sebäbi Yslama düşünýän adam hiç wagt özüniň etmeýän zadyny başgasyna buýurmaz we talap etmez (utanar). Sahaba we alymlaryň ýoly hem şeýledir. Bäşinji sebäbi adam özüni şeýle alyp barmak bilen Yslamyň ýaýramagyna diýseň uly zyýan ýetirýär. Adamlar şonuň ýalanyny görüp Yslamdan sowaýarlar we ýalňyş netijeler çykarýarlar. Şonuň üçin şol adama ahyretde şeýle uly jeza berilýär. Ýahudi milleti hem özüni hondan bärsi saýyp aslynda öz aýdýan gepleri bilen,öz Kitaplary bilen amal etmeýärdiler. Gynansak hem şeýle adamlaryň sany aramyzda diýseň köpeldi. Olar ýalan sözler bilen amal etmän Yslam barada ylymlary we amallary bolmasada gürläp ýörler. Sebäbi bu barada gürrüň etmek moda boldy. Emma Yslam gury gürrüň bilen hiç wagt özgermez. Ynanýan we diliň bilen aýdýan zadyňyzy amal bilen ykrar etmeli. Emma şol ýok we Yslam dini halkymyzda şol sebäpli pese düşýär. Iň uly dagwat adamyň öz ynanjyny ýaşap görkezmekdir. Şonuň täsiri müň sagat wagyz etmekden haýyrlydyr. Aslynda adamyň aýdýan sözleri bilen edýän işiniň gabat gelmeýşi, onuň psihiki näsag adam bolandygyny görkezýär. Onuň içinde şahsyýet ikilenmegi özüni görkezýär. Yslamda şeýle adama riýakär diýilýär. Riýa bolsa diýseň howply kalp keselleriniň biridir. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) ymmatyna gizlin şirkden, ýagny riýadan saklanmagy we gorkmagy köp hadyslarynda buýrupdyr: „Men siziň täzeden butlara, Aý-Güne, Ýyldyza, Otlara çokunmagyňyzdan gorkamok, meger hem gizlin şirk etmegiňizden howatyr edýärin“ diýýär. Musulman adam ýygy-ýygydan öz kalbynyň içindäki duýgulary barlap durmaly, edýän amallaryny näme niýet bilen edýändigini öz-özüne sorag berip durmaly. Gerek ýerinde saklanmany başarmaly we öz kalbyny päklemeli. öz etmeýän zadyny adamlara nesihat bermekden alymlar we takwa musulmanlar saklanypdyrlar. Sebäbi şu we şuňa meňzeş hadyslardan çekinip, kyýamatda masgara bolmakdan gorkupdyrlar.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir