Bu synag Albert Enşteýn tarapyndan taýýarlandy. Bu synagy dünýädäki adamlaryň 2% niň çözüp biljekdigini aýdypdyr. Siz şol 2% girip bilersiňizmi?!
Şertler.
1)5 dürli reňkde bäş öý bar.
2)her öýde 5 dürli döwletden 1 adam bar
3)bu öýde ýaşaýan kişiler:
-üýtgeşik marka içgi içýärler.
-üýtgeşik marka çilim çekýärler.
-üýtgeşik jynsly haýwan saklaýarlar.
4)çilim,içgi we haýwanlaň hiç biri meňzeş däl.
Berlen maglumatlar:
1) Iňlis gyzyl öýde ýaşaýar.
2) Şwesiýaly güjük (it) saklaýar.
3) Daniýaly çaý içýär.
4) Ak öýüň çepinde ýaşyl öý bar.
5) Ýaşyl öýüň eýesi kofe içýär.
6) Guş saklaýan adam Pall Mall marka çilim çekýär.
7) Sary öýüň eýesi Dunhill marka çilim çekýär.
8) Edil ortaky öýde ýaşaýan süýt içýär.
9) Norwegiýaly birinji öýde ýaşaýar.
10) Pişik saklaýan adamyň ýanyndaky öýde ýaşaýan adam Blend marka çilim çekýär.
11) Dunhill marka çilim çekýäniň öýüniň ýanyndaky öýde ýaşaýan adam at saklaýar.
12) Blue Master marka çilim çekýän adam şol bir wagtda piwo içýär.
13) Nemes Prinse marka çilim çekýär.
14) Gök öýüň ýanynda ýaşaýan kişi Norwegiýaly.
15) Suw içýän kişiniň goňşusy Blend marka çilim çekýär.
SORAG: Balygy kim saklaýar?

Sorag-jogap, Гость tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir