Köpimiziň bilşimiz ýaly köp zatlarda limit bar. Men bu blogymda telefonlardaky sms-iň limiti barada belläp geçjek. Öňki classic nokialarda 6 ýa-da 7 sany sms-i bir bukja bilen iberip bolýardy. Meselem, 1 sms-iň limiti latyn harplarda 160 harp, rus harplaryny ýa türkmeniň ý, ş, ž harplaryny ulansaň 70-e çenli azalýar. Onsaň 6 sany 70 harply sms-i bir gezekde ýazyp ugradyp bolýar. Latyn harpynda ýazsaň 900-dan gowrak (917 öýdýän, anyk ýadymda ýok) harpy adaty sms edip ýazyp ugradyp bolýar. Limitden geçseň mms-e öwrülýär. Indi şu limit her telefonlarda her hili, classic nokialar (Nokia 27 00, 27 30, 63 00, 63 03 we ş.m) 6 sany,
SAMSUNG-laryň takmynan ählisi 3
Huawei Y220 model telefonuňky 10 sany...
Huawei 10 sany;
Nokia 6 sany;
SAMSUNG 3 sany.
Siz haýsy telefonuň limitlerini bilýäňiz?
Şu limiti nädip köpeldip bolýar?
#Prosta pikirler,
Ahmet Gurbanmyradow.
08.01.2022, 22:12.

Tehnologiýa, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir