Sagatlar jaňyny urup başlady,
Diýmek peýkamlary ýetipdir 12-ä.
Täze ýylyň gelenini buşlady,
Bulgurlaryň sesi goşulyp gülkä.

Şu şatlygyň, şu şowhunyň astynda,
Geliň bir azajyk serden geçeliň!
Arzuwlaryň gijesimiş aslynda,
Ak arzuwlary pişme deýin seçeliň!

Ýagyşlary bilen garlary bilen.
Pasyllar parahat aýlanyp dursun!
Säher bilen işe rowan adamlar,
Ojagyna sag-aman dolanyp gelsin.

Adamzat unutsyn erbet niýetin,
Diňe çaga basalaşyp oýnasyn.
Goý, gunça  gyzlaryň bagtlary çüwsün,
Ýigitlerem hyrçyn dişläp galmasyn.

Belentden ýaňlansyn bagşyň aýdymy,
Çapyşykda çyn bedewler saýlansyn.
Goý, alawlap ýansyn ojagyň ody,
Gelinlermiz gazygynda garrasyn!

Köne ýyldan kinämiz ýok hiç hili,
Täze ýyl ondanam şöhratly gelsin!
Müňlesin topraga oklan dänesi,
Her kim zähmetiniň eşretin görsün!

Törde orny bolsun ak saçly enäň,
Günlerimiz nabat- şeker atylan.
Dowamat bolmagyny  şu süýji günleň
Töwirden soň dileg etsin atalar!



Saýtdakylaryň ählisini Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn. Täze ýylyň her güni iň ajaýyp duýgularyňyzyň, kalbyňyzyň iň näzik tarlaryny kakyp çalýan owazy bolup gelsin-de, ruhuňyzy güle büresin,  gün şöhlesiniň ýagtysy bilen öýüňize bagt girsin! Ýakynlaryňyzyň söýgüsi, mähri bilen ojagyňyz, kalbyňyz ýylasyn! Alla ähliňize jan-saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, agzybirlik bersin! Ýylyňyz bereketli, rysgally, düşümli gelsin!

Bilim, Nirvana tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir