"Eje" iň bir gudratly we keremli sözleriň biridir. Muňa delil edip "Jennet - enelermiziň dabanynyň astyndadyr" ýa-da "Atasyz - ýetim, enesiz -ýesir" diýlen atalar sözlerimizi hem mysal bermek bolar. Edil şolar ýaly bul söz dürli dillerde dürliçe aýdylýar, aşakda mysal getirjek sanaw edip:

Türkmençe - eje
Özbekçe - o'yi
Rusça - мама
Britança - mother
Amerikança - mom
Ispança - maman
Koreýçe - moe ýo

Emma dürli dilde dürli söz bolanda hem, şol söz gudratyny we manysyny üýtgedenok. Edil şu söze mysal alyp "Gurhan" ýa "Kuran" diýen Ahmedik_97 soragyny alsagam bolýar. Men 1nji teswirde düşündirdimem goçme manyda, ýagny "Bu soragyň Gurbanby ýa Kurban diýen ýaly boldy" diýip, emma düşünmek islemändir, ýa düşünesi gelmändir.

Gurhan diýip Türkmen dilinde aýdylýar, şiwämizde Kurany Kerimem gabat gelýär, Özbekler Kuran, Ruslar Karan, iňlisler Köýan diýýäler. Bu diňe kitabyň adynyň dürli dilde üýtgeýänligi. Edil Alla sözüniň üýtgeýşi ýaly, ruslar gospod ýada bog diýýä, iňlisler god ýada ýunewer diýýä.

Garaz diýjegim, anyk delili ýarag edinmezden, boş we manysyz zady galkan edinip millionlaryň garşysyna çykjak bolmaň. Sizi diňlemezden depelärler. Anyk argumet doly, emma argument ulanmazdan ýöne bir kitabyň adyna at dakyp, ondada düşündirilip boljak zady uly goh edip otyrsyňyz.

Eger musulman adam bolsaňyz, onda özüňiz Mukaddes kitabyň ady agzalan mowzukda, biri biriňiz bilen eje bajy ýatlaşyp durmazdyňyz. Howwa Ahmedik_97 samsykmyş diýeliň, emma ol günä edip duran ýerinde, sizi hem öz günäsine çolaýar we sizem kerebe düşýän siňek ýaly özüňiz baryp bulaşýaňyz.

Täzelikler, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir