Bambeý polisiýasy dyklyşykda (пробка) signal çalýanlara garşy gyzykly usuly oýlap tapdy.
Swetoforlarda ses ölçeýjiler goýuldy. Signal sesi 70-80 дБ.den geçende, gyzyl yşyk ýanandaky sekuntlar ýene nola gelýär we tabloda: «Signal çalmagy dowam ediber. Näçe köp signal çalsaň,şonça-da köp durarsyň» diýen ýazgy peýda bolýar.
Signal çalan sabyrsyz sürüjiler bolsa swetoforda uzagrak durmaga mejbur bolýarlar, hat-da bu ýagdaý uznüksiz dowam etmegi hem mümkin.
«Jezalaýjy swetoforlar» sebäpli Bombeýiň köçelerinde goh-galmagalyň derejesi hakykatdan hem peselen.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir