ABŞ-da adam şekilli Figure robotlarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişildi
Kaliforniýada (ABŞ) ýerleşýän Figure AI startapy adam şekilli (gumanoid) robotlaryň köpçülikleýin önümçiligine girişmek üçin, ilkinji önümçilik hatary BotQ-ny işe girizdi. Kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 12 müň robota deň bolar. Başgaça aýdanyňda her gün, takmynan, 30 sany robot öndüriler diýip, «Interesting Engineering» neşiri habar berýär. Käbir ulanyjylar Windows 10 üçin KB5053606 täzelenmesini gurnandan soň, çynlakaý kynçylyklar bilen duçar boldular. 11-nji martda çykan patç, täzelenmeler petiklense-de, awtomatiki usulda gurulýar diýip, Windows Latest ýazýar. Daşoguz welaýatyndaky Türkmen oba hojalyk instituty 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary “Açyk gapylar” gününe çagyrýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gowşut Akmyradow CloudFest 2025 halkara bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girdi. Çäre 17–20-nji mart aralygynda Germaniýanyň Rust şäherinde geçirilen serginiň çäklerinde boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Germaniýada Mercedes-Benz zawodynda adam şekilli robotlar synagdan geçirilip başlandy. Bu barada Carscoops habar berýär. Ýöne awtoöndüriji olaryň işgärleriň ornuny çalyşmajakdygyny aýdýar. «DataForce-yň» maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň fewral aýynda Ýewropada Hytaýda öndürilen awtoulaglaryň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 64% artdy. Jemi 38 müň 902 sany awtoulag satyldy. Hytaý brendleriniň Ýewropanyň awtoulag bazaryndaky paýy 2,5%-den 4,1%-e çenli ýokarlandy diýip, «Automotive News» neşiri habar berýär. Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň (UCLA, ABŞ) alymlary insultdan soňky bejergi boýunça uly açyş etdiler. Olar ilkinji gezek fiziki reabilitasiýanyň täsirini doly gaýtalap bilýän «DDL-920» atly dermany döretdiler. Bu barada geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri «Nature Communications» ylmy žurnalynda çap edildi diýip, agzalan uniwersitete... 19–20-nji martda ýurdumyzda Daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň III jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda gysga möhletli kurslara gatnaýan ýaşlaryň arasynda guraldy. Nissan-yň Awstraliýadaky şahamçasy uly sepgide ýetdi – şu güne çenli ýurtda jemi 250 müň sany «Patrol» ulagy satyldy. Bu model off-road janköýerleriniň arasyndaky meşhurlygyny henizem dowam etdirýär. RR Auction amerikan öýüniň auksionynda Bayville hökmünde belli bolan seýrek we häzirem işleýän Apple-1 kompýuteri satyldy. Onuň auksionda bahasy 375 000 dollar boldy diýip, Macrumors habar berýär. “Barselona” futbol kluby üç sany täze firma dükanyny açmak meýilnamalary barada habar berdi. Bu barada klubuň resmi saýtynda aýdylýar. rezident Serdar Berdimuhamedow Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga... Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär. 22-nji martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş Türkmenistan boýunça agaç nahallarynyň 632 müň 498 düýbi ekildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Samsung Galaxy smartfonlarynyň ulanyjylary indi One UI 7.0-däki «Awtomatiki barlag» (Automatic verification) funksiýasynyň kömegi bilen CAPTCHA-lardan aňsatlyk bilen geçip bilerler diýip, «Android Authority» habar berýär. Buzluklaryň eremegi bütin dünýä boýunça 2 milliard adamyň azyk we suw üpjünçiligine howp salýar. Bu barada ÝUNESKO-nyň hasabatyna salgylanyp, «The Guardian» neşiri habar berýär. Perplexity kompaniýasy TikTok-y satyn alyp, onuň algoritmini düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär. Sekiz aýlyk güjük Kadabomb Okami dünýäde iň gymmat it boldy – ol 5,7 mln dollara satyldy. Bu it ýabany möjek bilen kawkaz owçarkasynyň çaknyşdyrylmagy arkaly döredilen seýrek tohuma degişli diýip, The New York Post ýazýar. ermaniýanyň Rips obasynda dynç almak üçin özboluşly jaý peýda boldy. Onuň meýdany bary-ýogy 11 inedördül metre barabar diýip, BILD habar berýär. Awtoulaglar köpden bäri diňe bir ulag serişdesi bolmagyny bes etdi. Käbir adamlar üçin olar indi status nyşany, döredilen ajaýyp nusga we ş.m. bolup çykyş edýär.
KB5053606 täzelenmesi Windows 10-ny haýalladýar, printer bilen işlenende kynçylyk döredýär
Gurnamak işleri adatdakysyndan has köp wagt alýar: käbir ýagdaýlarda birnäçe sagat dowam edýär ýa-da ýalňyşlyklar bil...
Türkmen oba hojalyk instituty okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin “Açyk gapylar” günlerini geçirýär
2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 10-njy maýynda institutda ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, şeýle hem hünärler we taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy...
Türkmen talyby "CloudFest 2025" halkara bäsleşiginde I orna mynasyp boldy
Gowşut «Bank plast...
Mercedes-Benz zawodynda robotlar işläp başlady, ýöne olar adamlary çalyşmaz
Kompaniýanyň beýanyna görä, synaglar täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça taslamanyň çäklerinde geçirilýär. Apollo atly robotlar Apptronik amerikan ko...
Ýewropada Hytaýda öndürilen gibrid awtoulaglaryň satuwy 64% ýokarlandy
Bu ösüş esasa...
Amerikaly alymlar insultdan soň beýnini dikeldýän dünýäde ilkinji dermany işläp düzdüler
Aşgabatda gysga möhletli okuwlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşiginiň jemi jemlendi
Bu çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmek derejesini kes...
Nissan Awstraliýada 250 müň sany «Patrol» satdy
«Patrol» ilkinji gezek 1961-nji ýylda bazara çykaryldy. Ulagyň iň uly artykmaçlygy – onuň berk we ygtybarly bolmagy. Ulag awstraliýaly müşderil...
Seýrek we doly işleýän Apple-1 Bayville kompýuteri auksionda 375 000 dollara satyldy
Kompýuter ähli saklanyp galan modeller barada maglumatlary öz içine alýan Apple-1 Registry resmi sanawynda 91-nji belgi bilen hasaba alyndy.
“Barselona” Tbiliside ilkinji daşary ýurt dükanyny açar
Birinji dükan 29-njy martda Tbiliside açylar. Ol klubuň daşary ýurtda ilkinji dükany bolup, Gruziýanyň paýtagtynyň taryhy merkezinde ýerleşer.
1-nji aprelde ikinji dükan işläp başlar – ol Ispaniýanyň M...
Bilim ministrligine täze okuw ýyly üçin noutbuklary satyn almaga ygtyýar berildi
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny ýurduň milli baýramy bilen gutlady
Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublik...
Ýazky bag ekmek dabarasynda Türkmenistan boýunça 632 müň 498 düýp agaç nahallary ekildi
Öň, habar berşimiz ýaly, bu möhüm ekologik çärä Prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Agaç nahallaryny ekmekden başga-da, seýilgähleri we toka...
Samsung "One UI 7.0" täzelenmesinde CAPTCHA-lardan geçmegi aňsatlaşdyrar
Bu funksiýa «Yzarlamadan akylly gorag» (Smart anti-tracking) ulgamynyň bir bölegi bolup, diňe bir CAPTCHA-lardan geçmegi...
ÝUNESKO: Buzluklaryň eremegi 2 milliard adamyň suw üpjünçiligine howp salýar
Dünýäde oba hojalygy üçin suw bilen üpjün edilýän ekin meýdanlarynyň üçden iki bölegi buzluklaryň eremeginden we daglyk sebitlerdäki garyň mukdarynyň azalmagyndan tä...
Perplexity TikTok-y satyn alyp, onuň algoritmini düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýär
Perplexity-niň meýilnamasyna görä, platforma satyn alnan ýagdaýynda, TikTok-yň algoritmi doly üýtgediler we munuň ähli tapgyrlary ABŞ-nyň gözegçiliginde bolar. Kompaniýa platformanyň maslah...
Dünýäde iň gymmat it: möjek bilen owçarkanyň gibridi 5,7 mln dollara satyldy
Satuw wagty Kadabomb Okaminiň agramy 75 kilogram we boýy 76 santimetrdi.
Iti Bangalordan (Hindistan) 51 ýaşly zaw...
Germaniýada dynç almak üçin dünýäde iň kiçi jaý peýda boldy: bary-ýogy 11 inedördül metr
Jaýyň eýeleri Marita Hannemann-Moos we Andreas Moos köne transformator podstansiýasyny 1,19 ýewro satyn aldy. Desgany üýtgetmek işleri 140 000 ýewro düşdi we pandemiýa hem býurokratiýa sebäpli dört...
Milliarderler üçin ulaglar: Uçardan arzan bolmadyk awtoulaglaryň 10-lygy
Aşakdaky reýtingde diňe bir dizaýny bilen däl, eýsem bahasy bilen haýran galdyrýan ulaglar jemlendi. Olaryň bahasy şahsy uçarlar bilen deňleşip bilýär.
Aston Martin Valkyrie<...