Buharestiň häkimi Nikuşor Dan Rumyniýanyň täze Prezidenti saýlandy
Buharestiň häkimi Nikuşor Dan Rumyniýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňdi. Resmi maglumatlara görä, býulletenler 100% işlenenden soň, ol 6,1milliondan gowrak ses (53,60%) aldy diýip, Associates Press habar berýär.
Onuň garşydaşy, ultra-sagçy “Rumynlary birleşdirmek üçin bileleşigiň” lideri Jorje Simion 5,3 milliondan...
“Altyn top – 2025” baýragynyň gowşuryljak senesi we ýeri belli boldy
France Football žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Parižde geçiriler. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berilýär.
Baýrak üçin dalaşgärler awgust aýynyň birinji ýarymynda yglan ediler. Şeýle-de, 2025-nji ýylyň dabara...
Britaniýaly alpinist 19 gezek Ewereste çykyp, daşary ýurtlularyň arasynda rekord goýdy
Britaniýaly alpinist Kenton Kul 19-njy gezek Ewereste çykyp, dünýäniň iň beýik depesine çykmagyň sany boýunça daşary ýurtlularyň arasynda täze rekord goýdy. Bu barada BBC we CNN habar berýär. Türgeniň özi hem Facebook sahypasynda depede alnan suraty ýerleşdirip, maglumaty tassyklady.
Kul çür depä alpinistler topary bilen bilelikde 18-nji maý...
Huawei eplenýän displeýli ilkinji noutbugy çykardy. Bahasy $3300
Huawei Hytaýda MateBook Fold Ultimate Design noutbugyny hödürledi. Kompaniýa ony “ýokary durulygy bolan çeýe displeýli dünýäde ilkinji PK” diýip atlandyrýar.
Noutbugyň agramy 1,16 kg, korpusynyň ýogynlygy bolsa açyk ýagdaýda 7,3 mm barabar.
Noutbuk iň ýokary ýagtylygy 1600 nit bolan iki gatly OLED displeýi we energiýany az sarp etmäge...
Kanadaly erkek adam lotoreýadan $57,29 mln utdy. Bu ýurduň taryhynda bir adama düşen iň uly baýrak boldy
Kanadaly Jastin Simporios «Lotto Max» lotereýasyndan 80 million Kanada dollary (takmynan, 57,29 million ABŞ dollary) utdy. Onuň utan jekpoty ýurduň taryhynda bir adama düşen iň uly baýrak boldy diýip, «The Economic Times» habar berýär.
Neşiriň habar bermegine görä, Kanadanyň Britan Kolumbiýasy prowinsiýasynyň Sarri şäheriniň ýaşaýjysy Simpor...
Bu eýýäm geň… Emeli aň aragatnaşyk kadalaryny we dili özbaşdak oýlap tapyp başlady
Uly dil modellerine (LLM) esaslanýan emeli aň modelleri sosial kadalary we dil düzgünlerini özbaşdak döretmäge ukyplydyr. Şeýle netijä Siti Sen-Jorj uniwersitetiniň (London) we Kopengageniň IT uniwersitetiniň alymlary geldi. Bu barada makala Science Advances žurnalynda ýerleşdirildi.
Ylmy barlagçylar adamlarda sosial konwensiýalary öwrenmek...
Garri Potter barada täze serial düşürmek üçin Angliýada mini-şäher gurulýar
X sosial ulgamynda HBO-nyň “Garri Potter” serialyny düşürmäge taýýarlyk işlerinden ilkinji surat peýda boldy. Kadrda baş gahrymanyň çagalykda ýaşan ýeri bolan Privet Drive köçesindäki jaýlar görünýär. Suraty UnBoxPHD akkaunty paýlaşdy.
Serialy düşürmek üçin mini-şäherçe Uotforda (Angliýa) Warner Bros. Studios Leavesden studiýasynda gurulýar....
B.e. öňki 355-nji ýylyň hytaý ýyldyzlar kartasy iň irki asman atlasy diýlip ykrar edildi
Hytaýyň Milli astronomiýa obserwatoriýasynyň halkara alymlar topary gadymy hytaý resminamasy “Ussat Şiniň ýyldyz gollanmasyny” öwrenip, munuň ýyldyzly asmanyň iň irki atlasydygy baradaky netijä geldi.
Täze maglumatlara görä, karta biziň eýýamymyzdan öň, takmynan, 355-nji ýylda döredilipdir. Bu öň çak edilenden iki ýüz ýyl irdir. Ozal bu kart...
Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy
18-nji maýda Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy. Şol güni türkmen halky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi baýram etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, dostlukly çäre hem-de Gruziýa tarapyndan Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän parahatçylyk...
Raşid Meredow Tähran dialog forumy – 2025-de çykyş etdi
18-19-njy maýda Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň guramagynda Tähran dialog forumy – 2025 (Tehran Dialogue Forum) geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynd...
Ähli janly-jandarlaryň juda gowşak ýagtylyk bölüp çykarýandygy ýüze çykaryldy
Kanadanyň Kalgari uniwersitetiniň we Milli gözleg geňeşiniň barlagçylary ähli janly-jandarlaryň hemişe örän gowşak we göze görünmeýän ýagtylyk bölüp çykarýandygyny ýüze çykardylar. Bu hadysa «örän gowşak foton şöhlelenmesi» (UPE) diýlip atlandyrylýar. Bu ýagtylyk jan berlenden soň doly diýen ýaly ýitýär. Bu barada geçirilen barlaglaryň netijeleri «...
Alymlar kebelekleriň howada nädip gaýyp saklanyp bilýändiklerini düşündirdiler
Beýhan uniwersitetiniň alymlary kebelekleriň uçuşyna gözegçilik edip, olaryň howada gülleriň depesinde nädip gaýyp durmagy başarýandyklaryny anykladylar. Bu açyş ýyladyşhanalarda ösümlikleri tozanlandyrmaga we barmasy kyn ýerlere girmäge ukyply mikrodronlary döretmekde gerekli bolup biler diýip, Science Daily habar berýär.
Barlag Pieris bras...
Ford rul mehanizmindäki kemçilik sebäpli, 2025-nji ýylda çykan täze F-150 pikaplaryny yzyna çagyrýar
Ford kompaniýasy rul mehanizminde kemçiligiň bardygy sebäpli 9181 sany F-150 2025 kysymly pikabynyň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Zawodda berkidijiler nädogry oturdylypdyr, bu bolsa rul mehanizmindäki birikdirijini gowşadyp ýa-da onuň sypmagyna sebäp bolup bilýär. Bu ulagy dolandyrylyşdan çykmak howpuny döredýär.
Bu kemçilik mart aýyn...
Awstraliýada GPS-iň ornuny tutjak nawigasiýa ulgamy döredildi. Ol 50 esse takyk
Awstraliýanyň Q-Ctrl kompaniýasy Ironstone Opal nawigasiýa ulgamyny hödürledi. Ol hemrasyz işleýär we ýerleşýän ýerini kesgitlemek üçin Ýeriň magnit meýdanyndan peýdalanýar.
Tehnologiýa GPS-den 50 esse takyk we päsgelçiliklere durnukly. Ol eýýäm dronlarda, uçarlarda we awtoulaglarda ýokary netijeliligi görkezdi.
Tehnologiýa kwant magn...
Dünýäde 300 milliona golaý adam azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär
Häzirki wagtda dünýäniň 53 ýurdunda 300 milliona golaý adam agyr azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. «Global Report on Food Crises» hasabatyna görä, bu häzirki wagta çenli hasaba alnan iň ýokary görkezijidir. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär.
Hasabatda aýdylmagyna görä, 295,3 million adam çynlakaý azyk ýetmezçiliginden ejir...
ABŞ-da ilkinji gezek adama peşew haltasyny göçürmek boýunça operasiýa geçirildi
Amerikaly hirurglar dünýäde ilkinji gezek adama donor peşew haltasyny göçürdiler. Operasiýa 2025-nji ýylyň maý aýynda Los-Anjelesde Kaliforniýa uniwersitetiniň ýanyndaky Ronald Reýgan lukmançylyk merkezinde geçirildi. Ony hirurglar Inderbir Gill bilen Nima Nassiri ýerine ýetirdi.
Amerikalylar dünýäde ilkinji bolup donor peşew haltasyny göçür...
Türkiye Gara deňzinden 30 milliard dollarlyk täze gaz gorlaryny tapdy
Türkiye Gara deňzinden tebigy gazyň uly ýatagyny tapdy. Bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi.
Türkiýäniň baştutanynyň sözlerine görä, “Göktepe-3” guýusyndaky ýatakda 75 milliard kub metr gaz bar diýip hasaplanýar. Goruň ykdysady gymmaty 30 milliard dollardyr.
"Bu ýatak öý hojalygymyzy, takmynan, üç ýarym ýylyň d...
Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy
18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenilip geçildi. Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary boldy.
Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary,...
Fizik Braýan Koks ylmy leksiýasynyň tomaşaçylarynyň sany boýunça rekord goýdy
Britaniýanyň ýadro fizigi, teleýaýlymyň alypbaryjysy, ylmy ýaýradyjy we professor Braýan Koks özüniň ylmy leksiýalaryna satylan petekleriň sany boýunça rekord goýdy. Onuň “Gözýetimler: XXI asyryň kosmos odisseýasy” (“Horizons: A 21st Century Space Odyssey”) atly dünýä aýlanan leksiýalaryna 2022-nji ýylyň awgustyndan 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli 3...
Apple iň gymmat brendleriň reýtinginde yzygider 4-nji ýyl öňdebaryjy boldy
Kantar analitiki kompaniýasy her ýylky BrandZ reýtingini hödürledi. Dünýäniň iň gymmat brendleriniň arasynda birinji orny Apple saklap galdy. Onuň bahasy 28% ýokarlanyp, 1,3 trln dollara ýetdi. Bu ilkinji 100-lüge girýän ähli kompaniýalaryň umumy bahasynyň 12%-den gowragydyr.
Brendiň güýji üç ölçeg boýunça kesgitlenýär: ähmiýeti, özboluşlyly...