Gel,men saňa goşgy okap bereýin
Gel,men saňa goşgy okap bereýin
Söýgi hakda-aşyk ýigdiň nalasyn
Gowy dälmi göwnüň biraz güýmesem
Ýöne haýyş-soňlananda setirim
«Aý,munyň-a erteki-le!» diýme sen
Syna-da göräý!
-----
Gel,men saňa goşgy okap bereýin
Gaýgy hakda-Leýlisine zar bolan
Aşyk ýigdiň kalba salan agysyn
Özü...
Gojanyñ Pendi
Bir gurply adamyñ ýalñyz perzendi - ýeke ogly bar eken. Ol ölmeziniñ öñýany ogluny ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir: "men saña üç sany pent bereýin, sen ömür boýy oña berk eýermelisiñ: 1. hiç haçan birinji bolup salam bermegin, 2. her gün agşamlyk süýji tagamlar iýginiñ, 3. günde irden öýden çykanyñda, täze köwüş geýip çykgynyñ" şondan soñ uzak gitmä...
Türkmenlerde çaga at dakmak dessury
Türkmenlerde çaga at dakma dessury
Türkmenler çaga at goýanda, haýsydyr bir zady niýet edinýärler. Ogullarynyň batyr, edermen adam ýetişdirmek arzuwy olara güýçli, çalasyn haýwanlaryň, berdaşly, çydamly ösümlikleriň, metallaryň, ýaraglaryň adyny dakan bolsalar, abraýly, mertebeli adam ýetişdirmek maksady bilen halkyň, taýpanyň at-abr...
MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLAR BILEN ARAGATNAŞYGYŇ ETİKİ DÜZGÜNLERİ
Gürrüňe nädip başlamaly?
Maýyplygy bolan biri bilen tanyşanyňyzda oňa eliňi uzatmak tebigy ýagdaýdyr, hatda ol elini zordan galdyrýanam bolsa ýa-da protez golly hem bolsa.
Gepleşik wagty özüňi nähili alyp barmaly? Aragatnaşykda kynçylyk çekýän adam bilen gepleşýän bolsaňyz, ony üns bilen diňläň. Ol aýtjagyny aýdýança sabyr ediň. Ony d...
Dostluk we söýgi
Ýadymda
Şol gün gara saçlaryňy penjeläp
Gözleriňe gan öýdürip,ýürekden
Ýakyp giden ilki söýgiň barada
Gürrüň beripdiň…
-----
Gahar jemlenipdi göreçleriňe
Ýigrençden dodagyň titredi durdy
Bilseň, şol gün duýgularym gorjalap
Ýüregmiň burçuny pytradyberdi.
-----
Söýmek hakda...
Maşgala agzalarynyñ özara gatnaşyklary (H. Gurbanow, A. Gurbangulyýewa)
Maşgala agzalarynyň özara gatnaşyklary
Türkmenlerde maşgala mukaddes ojak hasaplanýar. ―Maşgalam, baş galam diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Maşgala türkmen jemgyýetiniň kiçijik özenidir. Ol jemgyýetde möhüm sosial we terbiýeçilik orny eýeleýär. Şeýlelikde maşgala ykdysady we sosial ösüşiň tizleşmegine täsir edýär. Sebäbi millet...
Türkmenlerde gadymdan gelýän maşgala we maşgala gatnaşyklary
Türkmenlerde gadymdan gelýän maşgala we maşgala gatnaşyklary
Türkmenistanyň günorta sebitlerinde ýagny Köpetdagyň eteginde häzirki Ahal welaýaty ýerleşýär. Ahal welaýatyna Baharly, Gökdepe, Ruhabat, Ak bugdaý, Gäwers, Kaka, Tejen, Sarahs, Altyn asyr we Babadaýhan etraplary degişlidir. Ýagny geografik ýerleşişi boýunça Ahal welaýaty K...
Türkmenlerde naharlanmak düzgüni, etiketi (H. Gurbanow, A. Gurbangulyýewa)
TÜRKMENLERDE NAHARLANMAK DÜZGÜNI, ETIKETI
Türkmenlerde däp bolup galan milli naharlaryny gündelik naharlara hem-de däp-dessur naharlara bölmek bolar. Gündelik nahar iki görnüşe bölünýär: her günlik we myhman naharlary. Däp-dessur naharlary hem öz gezeginde baýramçylyk, däp-dessur we sadaka naharlaryna bölünýär. Şunlukda däp-d...
Türkmenleriñ milli tagamlary (H. Gurbanow, A. Gurbangulyýewa)
TÜRKMENLERIŇ MILLI TAGAMLARY
Adam özüne geýim, köýnek, köwüş edinse, umuman, haýsydyr bir egin-eşik alsa, ony azyndan bir ýyl geýip oňup bilýär. Şonuň üçin ol geýme şonça wagtlap mätäçlik çekenok. Emma adam günde azyndan üç mertebe naharlanmasa welin, ol oňup bilmeýär. Şeýlelikde tagam halkyň maddy medeniýetiniň iň esasy görn...
Çagalaryñ geýimleri (H. Gurbanow, A. Gurbangulyýewa)
ÇAGALARYÑ GEÝIMLERI
Geýinmeklik edebinde gyz-gelinleriň ähmiýeti ulydyr. Sebäbi bu olaryň diňe arassaçylygyny däl-de, eýsem olaryň işeňňirligini, tygşytlylygyny hem kesgitleýär. Az zatdan çagalara gelşikli egin-eşikleri tikip geýdirmek çagany bezeýär.
Enelerimiz öz perzentlerini yssydan, sowukdan goramak üçin howa şertlerine g...
GÖRMEÝÄNLER HAKDA GÖRMEÝÄNLERIMIZ
Ilkinji resmi Bütindünýä Braýl Güni 2019-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda bellenildi. Häzirki wagtda Braýl elipbiýi körleriň ýazuw ulgamy hökmünde bütin dünýäde kabul edilýär. Ol ähli ýurtda ähli dile diýen ýaly terjime edilen. Braýl alty nokadyň kömegi bilen harplary, sanlary, hatda saz notalaryny, matematiki we ylmy simwollary şekillendirýär we barmakl...
Türkmenlerde egin-eşikler we olaryñ görnüşleri (H. Gurbanow, A. Gurbangulyýewa)
TÜRKMENLERDE EGIN-EŞIKLER WE OLARYŇ GÖRNÜŞLERI.
Türkmenleriň milli egin-eşikleri we olaryň taryhy. Türkmen halky müňýyllyklaryň taryhynda özüniň milli däp-dessuryny, edebini ýtirmän gelipdir. Şol däp-dessurlaryň we edepleriň biri hem göze gelimli geýinmek edebidir. Adamzat özünuň ýaşaýan dürli döwürlerinde egnine eşik geýmek düzgünini kämill...
Topraga name üçin “Ene toprak” diýýäris?
Adamzat takmynan 10-12 müň ýyl mundan ozal daýhançylyk bilen meşgullanyp başlady we şeýlelik bilen awçy-ýygnaýyjy gaýbana durmuşdan oturumly ýaşaýyşa geçdi. Mundan soň adam topraga eken ekininiň miwesi bilen iýmitlenip başlady. Topraga tohum berseň miwesini berýärdi, ene ýaly dogurýardy.
Özüniň we töweregindäki janly-jandarlaryň nädip döränd...
Omar Haýýam (Osman Öde)
OMAR HAÝÝAM (1048 – 1131 ý.)
Ýüzlerçe ýyllyk taryhynda gündogar-yslam edebiýaty biri-birine meňzemeýän, «hersi bir deräniň şiri» bolan beýik läheňleri öňe çykardy. Olar adamzat kowmuna berlip bilinjek şahyrana söz ukybynyň iň beýik derejesine ýetdiler. Adamzat üçin şol derejeden aňyrda, dogrudanam, entek hiç bir belentlik...
Sberbankda moşennikleriň nädip kartyň maglumatlaryny alýandyklaryny aýtdylar.
Dawos, 21-nji ýanwar .
Moşennikler russiýalylaryň bank kartlarynyň elýeterliligini diňe bir internetiň çäginde dälde, eýsem maglumatlary dürli setden, meselem, adamlaryň dürli messenjerlerden biri-birine ugradýan plastiki kartlarynyň suratlary arkaly hem alýarlar.
Bu barada Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynda Sbe...
Tagam (Osman Öde)
TAGAM (hekaýa)
Göwnüme bolmasa, şol öňki bag birneme gojalan ýaly. Gum-gukluk. Kakabaş oglanlygymyň geçen ýeriniň beýle ümsümligine ram etmändirin. Ol meniň aňyma mydama galagoply, şowhun-gykylykly bolup siňipdir. Jübimizi, köýneklerimiziň içini erikden dolduryp düwdenekläp gaçyşymyz, Aýjemal ejäniň uzyn syrykly yzymyzdan kowuşy şuş-...
Ugradyş (Osman Öde)
UGRADYŞ (hekaýa)
Ogulmaral ejäniň külçe bişirip ýörşüne howsalasy artdy. Bir ýerde durup karary ýetmedi. Oglunyň ýanyndan aýrylmady. Oňa sargyt etdi. Agşamlaryna gezip ýörmeli däldigi, diňe okamalydygy, puldan kösençlik çekjek bolsa, dessine öýe hat ýazmalydygy barada oglunyň gulagyna guýdy. Onuň agşam gözüne uky gelmedi. Per...
Ojak (Osman Öde)
OJAK (Osman Öde)
Ene oglunyň äkitjek gününe sabyrsyz garaşdy. Indi onuň garaşyp ýörenine bir aýdan gowrak wagt geçdi. Her sapar «Şu ýekşenbede gideris» diýip, ogly söz berýär. Ýöne dynç alyş güni bolsa-da, onuň işi çykaýýar. Soňky wagtlar-a gitmek baradaky gürrüňler selçeňleşdi. Sebäbi her gün diýen ýaly ogluna gitmek barada ýatladyp...
Marynyñ binagärçilik ýadygärlikleri (O. Ekäýew, Ö. Gündogdyýew)
MARYNYÑ BINAGÄRÇILIK ÝADYGÄRLIKLERI
Mary welaýatynda neolit, bürünç, antik we orta asyrlar döwrüne degişli köp sanly ýadygärlikler bar. Biz saklanyp galan binagärçilik ýadygärlikleri barada gürrüñ bermekçi.
ULY GYZGALA (VI-VII asyrlar) Gäwürgalanyñ günbatar tarapynda beýik platformanyñ üstünde ýerleşýär. Onuñ ägirt diwarlary...
Pikir soraşma
Robert Kiýosakiniň Baý kaka garyp kaka kitabynyň terjimesini işleýän. Öň barmyka şuň terjimesi, bilýäniňiz bar bolsa ýazaýyň.