Söyüp ulaldym men ene topragy, Men şondan öwrendim mahribanlygy. Söyüp ulaldym men ata watany, Men şondan öwrendim gahrymanlygy. Guşlardan öwrendim ejizlik name? Yolbarsdan öwrendim batyrgaylygy. Garşylyk isleman bol nurun dökyan, Güneşden öwrendim hatamtaylygy. Söygi name şuglaly ay sözledi: Özün hakykada pida etmekdir. Gayybana söyüp bir perizady, Şon ugrunda jebri-jepa çekmekdir. Enemden-atamdan galyp uzakda, Olan gymmatyny dirikam duydum. Öz söwer yarymdan galyp uzakda, Önkidenem has kan,köpürak söydüm. Watanyn manysyn başga bir yurtda, Şyltak atan gazetlerden öwrendim. Diyarymyn durmuşynyn eşretin, Uzak yurtda ezyetlerden öwrendim. Öwrenmeli diysen zat kan ekeni, Dine halallaryny öwrenaymeli. Okap,bilim alyp in sonunda-da, Öz dogduk iline köwlenaymeli.
Durmuş Mekdebi
-
konedost
16 years ago
- az galdy:)
-
ovodon
16 years ago
- vallahi bravo
-
mahymka
16 years ago
- super goşgy!
-
lewlion
16 years ago
- soz yok!!
-
Rowshen-Jm
16 years ago
- Bet goshgy eken
-
daKING
16 years ago
Enemden-atamdan galyp uzakda,
Olan gymmatyny dirikam duydum.
Öz söwer yarymdan galyp uzakda,
Önkidenem has kan,köpürak söydüm
Edil men üchin yazylan yaly ;P
-
daKING
16 years ago
Öwrenmeli diysen zat kan ekeni
bet
-
Lider
16 years ago
- sagbol yigitler gyzlar hemma sagbolsyn aytyan!!!
Bu goşgy bir naçe gün ön gije sagat üçün yarynda yatjak bolup yerime giremde kellami bulaşdyryp yatyrmady son sotowoy telefonymda mesaj yazylyan yerine yazyp aldym.
goşgyny men goşgy yazjak diyip yazyp bolanok.
on özi gelyar.
Lider
garabekewul 16 years ago- oz duzenleindenmi lider? gaty gowy gosgy!!
y ha shu setirlerine goshulyan! mahriban diyara dolanmaga wagt yetdi oytyan...