ÖKÜNÇ
(hekaýa) 
Nurmyrat mekdebi oňat bahalar bilen tamamlanam bolsa, häzir ýokary okuw mekde-
bine gitmäge höwes etmedi. Ýogsam ene-atasy öz ýeke perzendiniň ýokary bilim almagy-
ny arzuwlaýardy. Bu meseläni kakasy oňa birki sapar ýaňzytdam. Emma Nurmyrat entek 
okuwyny dowam etmäge howlukmaýandygyny anyk aýtmasa-da, kakasyna belli bir anyk 
jogabam pyşgyrmandy. Kakasynyň soňky sapar ýanyna çagyryp: 
— Oglum, senem mugallymçylyk ugrundan okuwyňy dowam etdiräýseň näder? 
Geljekde ýokary bilim alyp, öz obamyzdaky mekdepde mugallym bolup işleseň kem bol-
mazdy — diýen teklibine:
 — Kaka, garşy bolmasaňyz ilki bilen Watan öňündäki gulluk borjumy ýerine ýetirip 
geleýin diýýän, okamak meselesinem soň görübereris-dä — diýip, agraslyk bilen kesgitli 
beren jogabyndan soň kakasam onuň pikirine garşy çykyp durmady. 
Ol diýişi ýaly hem etdi. Aý-gün geçip dur. Ine-de, oňa harby gulluga çagyrylýandygy 
barada etrap harby wekilliginden çakylyk haty geldi. Çakylyk hatyny eline alan ýigidiň 
aýagy ýere ilenokdy. Ol esger lybasynyň özüne nähili gelişjekdigini ýatlap buýsanýardy, 
harby lybasy geýip esgerlik borjuny berjaý etmäge howlugýardy.
Ýöne soňky günler Nurmyradyň kalbynda dörän başga bir ünji hiç ynjalyk bermeýär-
di. Ýigit kalbyna gozgalaň salýan bu duýgy barada entek hiç ýerde dil ýarmandy. Ony iň 
pynhan syry hökmünde ýüreginiň töründe saklaýardy. 
Onuň içki dünýäsini gozgalaňa salyp, sabyr-kararyny jylawlap, kalbyny lerzana salýan 
duýgynyň sebäpkäri on ýyl bir mekdepde bile okan synpdaşy Arzuwdy. 
Arzuwyň boý syratynda beýleki gyzlardan mesaňa saýlanyp duran görk-gör megi bolmasa-da, biline ýetip duran goşa örüm ýogyn gara saçlary, mydama ýyl-
gyryp duran nurana ýüz keşbi, gyýma gaşlarydyr kirpikmen gara gözleri ýigitleriň 
nazaryny özünde eglemänem duranokdy. Synpdaş oglanlarynyň arasynda Arzuwa 
maýyl bolup ýörenler başga-da ýok däldi. Olaryň birem Nurmyrat ýaly ýygra däl-de, 
geplemsek Annaguludy. Ol synpdaşlarynyň arasynda özüniň Arzuwy gowy gör
ýändigini ýaşyrjagam bolman, tiz wagtda bu gyzyň göwun guşuny awlajakdygyny 
aýdyp öwnüp ýördi. Bir günem ol arakesmede Arzuwyň kitabynyň arasynda öz ýa-
zan söýgi hatyny goýandygyny oglanlaryň arasynda magtanyp gürrüň berdi. Şol 
wagt onuň gürrüňlerini bir gyrada eşidip duran Nurmyradyň bu sözlere gahary 
bokurdagyna gelip, ýüzi-gözi boz-ýaz bolupdy. Annagulynyň eden hereketlerine 
sabyr käsesi pürepür dolan Nurmyrat häzir onuň ýakasyndan ebşitläp tutaýsam 
diýýärdi. Arzuw eýýäm öz elinden gidip barýan ýaly duýýardy. Ol gönüläp bir zat 
diýmese-de, Annagulynyň suwjuk sözlerini öňem halap baranokdy. Häzir-ä oňa 
bolan gazaby hasam möwjedi. Bu gürrüňi eşitmek näçe agyr degse-de, pynhan 
syryny aýan etmezlik üçin ýuwdunyp çydapdy. 
 Bugdaýly obasynyň bir däbi bardy. Ýigitler harby gulluga ugradylanda olaryň 
dogan-garyndaşlary, synpdaşlarydyr deň-duşlary obany ikä bölüp geçýän gara ýo-
luň ugrunda ýerleşýän obanyň gaýra çetindäki duralga ýygnanardylar. Häzirem şol 
duralganyň töwereginiň adamy ýetikdi. Bu gün olar harby gulluga barýan obadaşlary 
Nurmyrat bilen hoşlaşmak üçin ýygnanypdylar. Bu ýere Nurmyradyň synpdaş oglan-
gyzlarynyňam birnäçesi gelipdi. Onuň teşne dideleri bolsa häzir olaryň arasyndan 
Arzuwy gözleýärdi. Göwni Arzuw bilen biragyz gürleşip bolmazmyka diýip hyýal 
ýüwürdýärdi. Şol wagtam onuň gözleri synpdaşlary bilen duralga tarap uz basyp gel
ýän Arzuwa sataşdy. Şol pursat olaryň otlukly nazary biri-birinde eglendi. Göreçler 
az wagtam bolsa sözsüz gürleşdi. Gyz ýüregi bu otly bakyşlara çydam edip bilmän, 
gabaklaryny emaý bilen aşak goýberdi. Şonda onuň nowjuwan ak ýüzi daň säheriniň 
elwan şapagy deýin gyzaryp, görküne görk goşdy. 
Arzuw öz bolup durşuna daş-töweregindäkilerden ejap edip, nazaryny gapdala sow-
dy. Bu lezzetli bakyşlardan jadylanana dönen Nurmyradyň ýüregindäki umyt uçgunlary 
täzeden möwç alyp onuň kalbyna ýeňillik çaýdy. Bu ýagdaýy goşa juwanlaryň özünden 
başga duýan bolmady. 
* * *
Annaguly lukmançylyk ugrundan Aşgabatda ýokary okuw mekdebinde okaýardy. Ol 
Arzuwa birnäçe sapar söýgüsini duýduryp hoş söz eşitmedigem bolsa tamasyny üzmändi. 
Gaýtam: «Bolmanda beýle gyzlar bir sapar hat ýazanyň bilen dessine razylyk berip, seniň 
törüňi bezäp oturyberesi ýok-la» diýip, özüni köşeşedirip ýördi. 
Hä diýmänem talyplar gyşky dynç alşa çykdylar. Annaguly şu sapar Arzuw bilen duşu
şyp, bu mesele boýunça düýpli gürleşmegi berk ýüregine düwüpdi. Oňa ýörite niýetläp alan 
gymmatbaha sowgadyny hem gowşuryp, gyzyň göwnüni awlaryn diýen pikir bilen dynç 
alyşda bolýan günleriniň birinde Arzuwyň el telefonyna jaň edip, alajyny tapyp, duşuşyga 
gelmegini, oňa aýtjak möhüm bir gürrüňiniň bardygyny aýdanda, Arzuw ör-gökden gelip, 
ony synpdaşy hökmünde sylaýandygyny, ikisiniň arasynda başga hiç hili möhüm zadyň 
bolup bilmejekdigini, eger ýene-de jaň edip şeýle hokga tapaýsa, özüniň gaty görjekdigini 
aýdyp, soňky özelenmelerine gulagam gabartman telefonyny öçüripdi. Bu ýagdaý Anna-
gulyny hasam kejikdirdi. Emma şonda-da öz pikirinden el çekmedi. Gaýtam Arzuwy razy 
etmegiň başga bir ýoluny gözlemeli, nädibem bolsa ony özüne göwnetmeli diýen karara 
gelip, hyýalynda çykalga agtarmaga başlady. 
Iki ýylam iki gün ýaly geçip gitdi. Nurmyrat harby gullugyny tamamlap, obalaryna gaý
dyp geldi. Harby gulluk ony ýagşy taplapdy. Boýy ösüp, hereketleri dogumly we çalasyn gö
rünýärdi. Özem indi öňküsi ýaly ýygra däl, gürlände dogumlylygy mese-mälim duýulýardy.
Ol iki ýylyň içinde obalarynyň keşbiniň düýpgöter üýtgändigini görüp haýran galdy. 
Gyralaryny tertiplenip ekilen arçalar bezäp duran giň ýoluň ugrunda rejelenip gurulan iki 
gatly täze ýaşaýyş jaýlary, obanyň ortasyndaky ak mermere beslenen kaşaň täze ak mek-
dep, owadan çagalar bagy obanyň görküne görk goşup, ony şäher bilen bäsleşdirýärdi. 
Nurmyrat dogduk obasynyň bu owadan, döwrebap keşbine ýürekden buýsanýardy. Ba-
sym obalaryny alkymlap etrap merkezine tarap demir ýoluň hem geçjekdigini, häzir onuň 
gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny aýdanlarynda bolsa bu ajaýyp 
ösüşlere begenjinden guş bolup uçýan ýigidiň gursagynda amala aşyrylýan bu beýik iş
leriň arasynda bolup, öz goşandyny goşmak arzuwy möwç urýardy. 
Gullukdan gelenine köp wagt geçmedigem bolsa, ol bikär aýlanyp ýörmegi özüne 
uslyp görmedi. Bir gün agşamlyk naharynyň başynda täze çekilýän demir ýola işe girmek 
höwesiniň bardygyny kakasyna ýaňzytdy. Ene-atasy hem oglunyň göwnüni ýykaýmaly 
diýen niýet bilen indi okuwly meseläni agzabam durman onuň pikiri bilen razylaşdylar. 
Şeýdibem Nurmyrat täze gurulýan demir ýoluň gurluşygynda işe başlady. Turuwbaşdan 
öz işine yhlasly ýapyşdy. Tiz wagtyň içinde işdeş ýoldaşlarynyň arasynda salyhatlylygy, gu-
jurlylygy, işeňňirligi bilen özüni aldyrdy. Ýolbaşçylary hem onuň iş başarjaňlygyny gözden 
salmaýardylar. 
Demir ýoluň gurluşygynda ussanyň kömekçisi bolup işleýän Nurmyrat işiň abyny-ta-
byny ýagşy alypdy. Gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýardy. Bu ýerde işe gümra 
bolup, wagtynyň nähili geçýänini hem duýanokdy. Bir günem ony demir ýol gurluşyk bö
lüminiň başlygy ýanyna çagyryp, yhlasly çekýän zähmetine ýokary baha berýändiklerini, 
geljekde demir ýol gurluşygy üçin ökde hünärmenleriň gerekdigini, eger garşy bolmasa, 
bu ugurdan ony okuwa ugratmak barada karara gelendiklerini duýdurdy. Nurmyrat bu 
habary ene-atasyna aýdanda ozaldan ýeke perzentleriniň ylymly-bilimli bolmagyny ar-
zuwlap ýören ene-atanyň begenjinden ýaňa aýaklary ýere ilmedi. Kakasy: 
— Her zadyň öz nesibeli wagty bar diýileni-dä oglum. Tüweleme, sen-ä bizi gaty be-
gendirdiň, okap ýokary bilim alsaň, oňa ýetesi näme bar, Alla ýaryň bolsun! Öz görüp ýören 
ugruňdan okamak saňa hiç hili kyn düşmez — diýip, ogluna ak pata berdi. 
Ýigit okamaga gidýänine begense-de, obada nämedir bir zerur zadyny goýup 
barýan ýalydy. Ol harby gullukda wagty Arzuwa iki sapar hat ýazypdy. Emma ondan 
hiç hili jogap bolmansoň: «Belki, men gaýdanymdan soň Annaguly ýaly birine göwün 
berendir. Ýogsam meniň hatlarymyň birden-birine jogap ýazardy ahyry. Besdir, indi 
men olaryň arasyna düşüp, masgara bolup ýörmäýin» diýip, öz gelen kararyna näçe 
kynam bolsa boýun bolup, indi bu barada ýatlamazlygy berk ýüregine düwüpdi. Em-
ma näçe unutjak bolsa-da, kalbyndaky kiçijik umyt uçgunjyklary gijeki şemiň şuglasy 
ýaly ýylpyldap ynjalyk bermeýärdi. 
* * *
Nurmyrat indi ýokary okuw mekdebiniň üçünji ýyl talybydy. Bu günler talyplar tomusky 
synaglary tabşyrmaga taýýarlyk görýärdiler. Okuwyň şeýle gyzgalaňly wagty garaşylma-
dyk bir waka boldy. Bir gün Annaguly onuň bolýan ýaşaýyş jaýyna gelip, özüniň basym 
durmuş toýuny tutýandygyny aýdyp çakylyk hatyny gowşurdy. Şol pursat Annaguly bilen 
öňdenem mäşi bişişip barmaýan Nurmyrady şagga der basdy. Emma syr bildirmezlige 
çalşyp, ýuwaşlyk bilen: 
— Oňuna bolsun! Bagtly boluň! — diýende sesi gyryljyk çykdy. Häzir onuň gö
züniň öňüne Annaguly bilen Arzuwyň toý lybasynda gol tutuşyp dähedem-dessem 
ýöräp barýan keşpleri janlandy. Nurmyrat mundan artyk çydam edip bilmän, özüni 
golaýyndaky oturgyja goýberdi. Şol wagt onuň içki dünýäsinde gopýan harasaty dil 
bilen aýdyp beýan eder ýaly däldi. Synpdaşynyň näçe syr bildirmejek bolsa-da, bir zada 
biynjalyk bolýandygyny duýan Annaguly ara düşen ümsümligi bozdy: 
— Nurmyrat, meniň sen bilen möhüm bir gürrüňim bardy. Häzir saňa aýtjak sözlerimi 
eşidip, belki-de, sen çydam edip bilmän, meni tike-tike edesiň geler. Emma men indi bu 
gürrüňleri saňa aýtmasam asla ynjalyp bilemok. Şonuň üçinem şu gün seniň ýanyňa göni 
gelip, ähli zady bolşy ýaly gürrüň bermegi ýüregime düwdüm. 
 Men tasdanam siziň Arzuw ikiňiziň araňyzdaky päk söýgiňize böwet bolupdym. 
Entegem seniň gullukdaş dostuň Baýram bilen wagtynda tanşypdyryn. Ol biziň ýokary 
okuw mekdebimizde meniň gutaran hünärim boýunça okaýar. Baýram seniň adam-
kärçiligiňe hormat goýýar. Bir saparam ol seniň Arzuwy halaýandygyňy, emma oňa 
öz söýgiňi açyk duýduryp bilmändigiňi, gullukda wagtyň oňa ýazan hatlaryňa jogap 
bolmansoň Arzuw özüňden ýüz öwrendir öýdüp, uzak wagt örtenip gezendigiňi, şol 
kyn pursatlaryňda saňa dostlarça göwünlik berendigini janygyp gürrüň berende, onuň 
sözlerini tolgunman diňlär ýaly däldi. Baýramyň seniň düşen ýagdaýyň barada aýdyp 
beren gürrüňleri meni düýpli oýlandyrdy. Şondan soň men öz hereketlerimiň düý
bünden ýalňyşdygyna düşünip galdym. Ondan bäri bir ýyldanam gowrak wagt geçdi. 
Emma men eden ýalňyşlyklarymy saňa aýtmagyň ugruny tapman gezdim. Dogrusy, 
öz eden oňaýsyz hereketimden utanyp gezdim — diýende onuň sesiniň sandyrap 
çykyşyndan goýberen hatasyna ökünýändigi mese-mälim görünýärdi. Soňra Annagu-
ly nazaryny bir nokada dikip oturyşyna az salym dymdy. Häzir onuň tolgunýandygy 
ýüz keşbindenem, hereketlerindenem bildirip durdy. El ýaglygy bilen ýetişdiginden 
maňlaýynda peýda bolýan der düwmejiklerini süpürýärdi, tolgunmakdan ýaňa kepän 
dodaklary bolsa çala müňňüldeýärdi. Ara düşen ümsümlikden soň, ol ýene-de yzly-
yzyna ýuwdunyp ýuwaşlyk bilen sözüni dowam etdi:
 — Men Arzuw ýüz bermese-de, söýýändigimi aýdyp yzyndan galmadym. Ahyry göw-
nüni awlaryn öýtdüm. Emma beýdip özüňi söýdürip bolmaýan eken. Senden bolsa ony 
gabandym. Nurmyrat, dost, indi bu eden gabahat işlerime özüm utanýan. Seniň öňüňde-
de, Arzuwyň öňünde-de nädip günämi ýuwjagymy bilemok —diýip, aşak bakyp, sözüni 
soňlan terzde dymdy. 
— Ýamanyň ýaryndan gaýtmagam peýda diýipdirler Annaguly. Indi bolan zatlar üçin 
özüňi gynap oturmakdan peýda ýok. Esasy zat, sen öz ýalňyşyňa düşünipsiň — diýip, mer-
demsi gürlän söhbetdeşiniň äheňinde üýtgeşik öýke alamatlaryny duýmadyk Annagulynyň 
göwni az-kem teselli tapan ýaly boldy:
 — Men siziň Arzuw bilen bagtly durmuşda ýaşamagyňyzy isleýärin — diýende sesi 
begençli çykdy. Soňra ol soňky sapar dynç alşa baranynda ejesiniň garyndaşlarynyň biriniň 
gyzyna özi üçin sawçylyga barjagyny aýdandygyny, şonda eger gyz ene-atasynyň göwnüne 
ýaran bolsa özüniň garşy däldigini aýdyp, olaryň pikiri bilen razylaşandygyny gürrüň berip, 
Nurmyrady ýakyn günlerde boljak durmuş toýuna çagyrdy. Nurmyrat synpdaşynyň toýuna 
hökman gatnaşjakdygyny aýdanda Annaguly ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy. Garşysynda 
müýnli halda elini uzadyp duran Annagula seredende Nurmyradyň oňa nebsi agyrdy. 
Synpdaşlar biri-biriniň elini mäkäm gysyp dostlarça gujaklaşdylar. 
Halmuhammet HAJYÝEW
ÖKÜNÇ (hekaýa)
- 
                Jupiter_Fire
                4 years ago
                
- Nurmyrat intägem Annaguly gelende "Sen Arzuwa öýlenýäñmi, hä??" - diýip topulmandyr.
 
                    
Jupiter_Fire 4 years ago- 10. 2020 sanly GARAGUM žurnaly. 108-111-nji sahypalar.