Atan awçy bilen bolup geçen bu wakany onuň agtygyndan eşitdim. Atan awçy ömrüni Gaplaňgyr, Akjagaýa sebitlerinde mal yzynda çopançylyk edip geçiripdir. Özem bütin ömrüne elguşdur tazy bilen aw edipdir.
Adatça, awçylar elguşy gojaly berse, olary erkinlige goýberýän ekenler. Atan awçy bolsa eldekileşdiren elguşlaryny iki üç ýyl awa salansoň, galan ömründe erkinligiň hözirini görüp ýaşasyn diýip, olary ugruna goýberýän eken.
Bir gezegem Atan awçy gyşyň ahyrynda ýanyny ýere berýär. Baharyň başynda bolsa, belli külli düşege baglanýar. Bir günem Atan awçynyň erkinlige goýberen guşlary bir wagtky öwrenişen öýlerine yzly-yzyna gelmäge başlaýarlar. Özlerem Atan awçynyň ýatan öýüniň daşyndan aýlanyşyp, şoňa golaý gonýarlar. Atan awçy dowar öldürip, täzeje etden olary naharlap goýbermegi ogullaryna sargaýar. Elguşlar garynlaryny doýransoňlaram, gitmek islemeýärler.
Şol gün daňdanam Atan awçy birden gaýralap jan berýär.
Goja awçynyň jesedi salnan tabyt öýden ugranda,guşlaram ala-goh bolup, onuň yzyna düşýärler. Soňam dolanyp gelmeýärler.

Şöhrat Abdyýew.
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti

Bilim, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir