Giderin men seniň giden ýoluňdan,
Aýry ýoly saýlamaryn men hergiz.
Kynam bolsa, ýalňyz menzil agtarmak,
Sözümden dänmerin, dänmedim heniz.

Gadam taşlap külterlärin ýollary,
Sökerin basyp men, ädimiňe ädim.
Bu täleýe özüm günäkär ýaly,
Her demde, özüme irginsiz käýdim.

Düýşümde-de şu ýol, huşda-da şu ýol,
Şu ýol dämi bizi bagta ýetiren.
Edil şonuň ýaly, edil şonuň deý,
Ikimiziň ýolumyzy ýitiren.

Geçerin men ýodalary-ýollary,
Ýörän ýollaryňa derim saçaryn.
Nesibedir çüwmese gara bagtym,
Saňa tarap ak guş bolup uçaryn.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir