Obamyzyň ortarasyndan geçýän esasy ýoluň gyrasynda gojaman bir tut agajy hellewläp, başlaryny göge diräp ösüp otyrdy.Onuňhaçan we kim tarapyndanekilendigini bilýän adam ýokdy.Obanyň iň bir ýaşuly, goja aksakgallaryndan sorasaňam, olar “Bizem şu tuduň kölegesinde kän oýnapdyk” diýişýärdiler.Bir gün ir säher şol tuda seredipdurşuma oýa batanymy duýmangalypdyryn...Ynha, indi, gör, näçe ýyllar bäri bugoja tut adamlaryň hyzmatynda.Obada onuň goýry kölegesiniňhözirini görmedik adam bardyröýdemok. Oba aksakgallaryonuňsaýasynda oturyp, düzzimdir küştoýnasalar, çagalar uzak gününionuňsaýasynda bökjekleşip geçirýärler. Tomus aýlary ýazlaga çykan adamlaryň, gaýdyşyn bu tuduň kölegesinde säginmän geçýäni ýok diýen ýaly.Gojaman tut özünden hemaýat isläp gelýän adamlara ýagşy-ýaman, oglan-uşak… diýmän gülerýüz bilen saýasyny eçilip otyr. Agraslyk bilenbaşlaryny egip, öz sapaly gujagyna ötegçileri mäkämbasyp, tämiz arassa howasyny,salkyn saýasyny olara bagyş edýär...Oýa batyp oturyşyma birden agamyň sesi geldi:- Ahmet, ýör, inim! Agaç ekmägegideli. Wagtam birçene baran ýaly. Tizräk öýe-de dolanmaly bor.Şol gün agam ikimiz uzyn günläpagaç ekdik. Şol gün ömrümde ýatdan çykmajak günleriň biri boldy...

Köneler, ependi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir