Bu gün sözler jylawsyz atlar ýaly. Öñler ynsanlar üçin aglardym. Hasam ýa$lar üçin aglardym. Gyzlar üçin aglardym. Edil böwrüme saplanan pyçak ýaly ýaralaýardy gözlerim köçede i$leýän gyzlar. Sowuk gy$ howasynda köçäñ çetinde sübse bilen palçyk süpürýän eneler, olaryñ balajyklary üçin aglardym. Edebiñ, haýanyñ, namysyñ, hakykatyñ aramyzdan ýuwa$-ýuwa$ gaçyp bar$yna aglardym. Ukyma, ýa$aý$yma siñipdi bu duýgular. Edil ne$eke$ ýaly baglydym bulara... Utanardym barlygymdan. Allahyñ öñünde ýazgarardym öz-özümi... Bu duýgy birden öldi. Saña pida etdim. Seni hemi$e synlap oturmak üçin, söýgä pida etdim bu duýgulary. Sözlerimi "bas" diýip atdym señ aýagyñ a$agyna. Bu sowgadyñ kabul ederden juda uludygyny men nireden bileýin, gülüm?! Men seni $eýle bir ýürekden söýüpdirin ahyry!!!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir