Gadym zamanlarda Çynma-çyn ýurdunyň bir ülkesinde zalym Aždarha mesgen tutupdyr. Ol öz jadysy bilen özüne köşki-eýwan gurnan badyna şol ülkäniň ýaşaýjylaryna çekip-çydar ýaly bolmadyk paç-hyraç salypdyr, üstesine-de her aýda bir owadan gyzy özüne owkatlyk bermegi talap edipdir. Il-gün birbada zalym Aždarhanyň zulumyna boýun bolman, iň edermen, batyr, mert ýigitlerini oňa garşy söweşmäge ýollapdyr.
Halkyň ak pata bermegi bilen Aždarhanyň üstüne gaýdan merdanalar gazap bilen söweş çakylygyna gygyryp, zalym jandaryň köşgüne urdurylyp giripdirler-de onuň bilen döwüşmäge başlapdyrlar. Ýöne...
Zalym Aždarhanyň köşgüniň derwezesi her bir merdana ýigdiň yzyndan ýapylandan soň, birneme wagt geçirip, Aždarhanyň hyzmatyndaky jarçy köşgüň eýwanyna çykyp, gaty ses bilen yglan edýän ekeni:
-Aždarha diri! Aždarha ýeňdi!
Şeýle halda ýüzlerçe merdana ýigitler zalym Aždarhanyň köşgüni zabt edip, onuň içine girenlerinden soň zalym jandardan ýeňlip, yzsyz-tozsuz zym-zyýat bolupdyrlar. Onsoň adamlaram bu rehim-şepagatsyz mahlugy güýç bilen ýeňip bolmaýandygyny görüpdirler-de, onuň erkine tabyn bolup, Aždarhanyň diýen salgydyny töläp başlapdyrlar.
Aram-aram bolsa, şol ülkede täze merdana ýigit döräpdir-de, ol hem özünden öňki gaýduwsyzlar ýaly, Aždarhanyň garşysyna göreşmäge rowana bolupdyr. Emma, her gezek şol öňki waka gaýtalanypdyr. Nobatdaky edermen ýigit söweş çakylygyny haýkyryp, zalym mahlugyň köşgüne urdurylyp giripdir-de, derweze yzyndan ýapylandan soňam, ondan yzyna dolanmandyr.
Şeýdip nijeme ýyllar geçenden soň, ýene-de bir mert ýigit, öz halkyny bu nägehan beladan dyndarmagyň höwesinde ýarag-şaýyny üpjünläpdir-de, zalym Aždar bilen döwüşmäge gaýdypdyr. Olam söweş çakylygyna haýkyryp, Aždaryň köşgüne urdurylyp girse, mähnet otagyň orruk-ortarasyndaky tagtyň üstünde garrylygyndan ýaňa lagşap giden Aždarha demini sanap ýatyrmyş. Onsoň mert ýigit güýmeň-samaň edip durman, hatda başyny galdyrmaga-da mejaly ýok mahlugy gursagyna gyljyny sanjypdyr-da, onuň janyny jähenneme ýollapdyr.
Onsoň mert ýigit köşkden yzyna çykyp, özüniň il-güni bela-beterden gutarandygy hakyndaky begençlu habary adamlara buşlamakçy bolanda, birdenkä, öz-özünden açylan äpet gapydan zalym Aždarhanyň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda toplan genji-hazynasynyň üýşürilen mähnet otagyny görüpdir. Ol öz-özünden biygtyýar şol altyn-kümüşli, lagly-jowahyrly sandyklara imrigipdir-de, köşgüň çykalgasyna tarap däl-de, hazynaly otaga garşy ýönelipdir. Şol pille-de köşgüň derwezesi öz-özünden ýapylypdyr.
Mert ýigit bolsa, sandyklardaky ummasyz baýlygyň lowurdysyna aňk bolup, olaryň arasynda aýlanjyrap ýörşüne, öz bedeninde öz-özünden guýrugyň, ýiti dyrnakly penjeleriň ösüp emele gelýändigini, tenini bolsa özüniň öldüren aždarhasynyňky ýaly teňňe örtüginiň örtýändiginem duýmandyr. Ol şeýdip çar ýanyndaky genji-hazynadan gözüni aýryp bilmän aýlanjyrap ýörkä, birdenkä, köşgüň açyk eýwany tarapdan öňki zalym Aždarhanyň jarçysynyň:
-Aždarha diri! Aždarha ýeňdi!-diýip ulili bilen jar çekýändigini eşidipdir.
Jarçynyň bu sözlerine geň galan mert ýigit, birdenkä ukudan açylan ýaly bolupdyr-da, jarçynyň duran eýwanyna garşy haýdap barşyna:
-Sen näme üçin halky aldaýarsyň? Aždarhany men ýeňdim. Ol indi ýok!-diýip, gyssanyp gygyrypdyr.
Şonda, oňa tarap gamgyn garan jarçy, sesinem çykarman diwardaky uly aýna garşy ümläpdir.
Mert ýigit aýnanyň öňünde sakga durup seredende, aýnadan özüne bakan gözleri ganguýma gyzyl, ýaş, aç hem zalym Aždarhanyň dergazap bolup garaýandygyny görüpdir...

Hytaý hekaýaty.

Edebiýat, Gözellik. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir