Dinlerde we dindarlarda ýygy-ýygydan aýdylýan synag/ekzamen pikiri barada gürrüň edeliň.
Bir mugallym we bir okuwçy göz öňüne getiriň. Bu mugallym okuwçydan näme üçin synag/ekzamen alar?! Sebäbi okuwçynyň bilimini we derejesini başga hili ölçäp bilmez. Bir mugallym okuwçysynyň bilim derejesini bilmeýäni üçin ony synag/ekzamen eder. Ýeri hemme zady bilýän taňrynyň bu taktikany ulanmagynyň sebäbi näme? Eger üstünlügi synagsyz/ekzamensiz kesgitläp biljek güýçde bolsa synag pikiri bilen hemme zady bilmek pikiri biri birine gapma-garşy bolýar.
Bu barada bu mysaly has-da çuňlaşdyraýyn. Bu mugallym şeýle bir bilgir bolsun, okuwçynyň näme etjegini toçno bilýän bolsun. Edip biljeklerini däl-de toçno näme etjegini bilýän bolsun. Mysal üçin okuwçy soragda “A” jogaby saýlajak bolsa muny mugallym toçno bilýän bolsun, “saýlamagy mümkin” diýmän, 100% bilýän bolsun. Bu ýagdaýda okuwçy “B” jogaby belläp bilermi? Eger şeýdäýse mugallym muny toçno bilmeýän eken diýmek bolýar. Ýöne bu mümkünçiligi biz başdan aradan aýyrypdyk we şeýlelikde okuwçy “A” jogabyndan başgasyny saýlap bilmez we bulam yrada/öz erkiň ýokdugydyr. Ýöne gyzykly ýeri, okuwçyň yradasy, erki ýok bolsa onda näme üçin synag/ekzamen edilýär? Eger okuwçynyň näçe bal aljagyny mugallym owaldan toçno bilýän bolsa onda näme üçin ony synag/ekzamen edýär? Eger çaga owaldan mugallymyň bilýäninden başga bal almajak bolsa synagyň näme manysy bar?

Bu barada Omar Haýýamyň şeýle rubagysy bar;

Meni guwana-bezene ýaradan kim? Sen.
Näme etjegimem ýazypsyň öňünden.
Diýmek günä işledenem sensiň maňa.
Onda nämedir bu jennet-jähennem?

Sorag-jogap, Panturkist tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir