Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeşi Garaşsyzlygynyň 55 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine Bangladeşiň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň şanly 55 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Döwlet Baştutany öz gutlagynda Prezident Mohammed Şahabuddine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançy...
Türkmenistanyň DIM-inde zenanlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara maslahatlar gözden geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça komitetiň (CEDAW) maslahatlaryny we gender deňligini üpjün etmek babatda Ählumumy döwürleýin synyň maslahatlaryny durmuşa geçirmäge bagyşlanan möhüm duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbug...
Türkmenistanda gowaça ekişiniň «bismillasy» berildi
25-nji martda Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine badalga berildi.
Bu möhüm oba hojalyk möwsümine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda girişildi. Döwlet Baştutany ekişiň başlanma...
Londonda Minecraft äheňinde dünýäde ilkinji dynç alyş seýilgähi gurlar
Londondaky «Chessington World of Adventures» seýilgähiniň çäginde 2027-nji ýylda «Minecraft World» tematiki seýilgähi açylar. Variety neşiriniň habar bermegine görä, desganyň gurluşygynyň bahasynyň 70 million dollar töweregi bolmagyna garaşylýar.
Taslamany işläp düzmek bilen «Mojang Studios» we «Merlin Entertainments» kompaniýalary meşgullan...
AFK 2031-nji we 2035-nji ýyllaryň Aziýa Kubogy üçin arzalary kabul etmegi wagtlaýyn togtatdy
Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) 2031-nji we 2035-nji ýyllarda geçiriljek Aziýa Kuboklary üçin berlen arzalara seretmek işini wagtlaýynça saklady. Bu karar halkara oýun senenamasyna girizilip bilinjek üýtgetmeler bilen baglanyşyklydyr.
Konfederasiýanyň habar bermegine görä, bu mesele FIFA bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy üýtgeşme...
NASA Aýda hemişelik baza gurmagy meýilleşdirýär
NASA agentligi Aýda ýörite baza döretmek we Ýeriň hemrasynda adamyň hemişelik bolmagyny üpjün etmek bilen bagly meýilnamalaryny mälim etdi. Agentlik esasy ünsi Aýyň infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirýär we şol maksat esasynda Gateway stansiýasynyň häzirki işlerini wagtlaýynça togtatmagy göz öňünde tutýar.
Bu taslamany durmuşa geçirmäge Ýa...
Salah möwsümiň ahyrynda «Liwerpuly» terk eder
«Liwerpulyň» hüjümçisi Mohamed Salah 2025/2026-njy ýyllar möwsüminiň ahyrynda klubdan gitjekdigini yglan etdi. Müsürli futbolçy bu barada sosial ulgamlarda wideoýüzlenme arkaly habar berdi.
«Möwsüm tamamlanandan soň men “Liwerpuldan” giderin. Ilki bilen bu klubuň, bu şäheriň hem-de bu adamlaryň durmuşymda nähili möhüm orun tutjakdygyny hiç w...
Dior we ÝUNESKO zenanlaryň bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy uzaltdy
Dior moda öýi zenanlaryň bilimini goldamaga gönükdirilen Women@Dior maksatnamasynyň çäginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada karara geldi. Bu barada WWD neşiri habar berýär.
Maksatnamanyň esasy çäresi her ýylky Parižde geçirilýän maslahatdyr. Ýöne mundan beýläk maksatnama sebit görnüşde ösdüriler. Bu çemeleşme ýerlerde hyzma...
Britaniýa syýahatçylyk we talyp wizalarynyň bahasyny galdyrar
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinden başlap, Beýik Britaniýa ýurda girmek üçin zerur bolan wizalaryň köpüsi üçin tölegleri ýokarlandyrar. Bu barada Birleşen Korollygyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.
Alty aýlyk gysga möhletli wizanyň bahasy 127 funt sterlingden 135 funt sterlinge çenli ýokarlanar. Iki ýyllyk wizanyň ba...
Nokia indiki nesliň simsiz internetiniň nähili boljakdygy barada gürrüň berdi
Nokia kompaniýasy sanly hyzmatlaryň häzirki wagt tertibinde durnukly we çalt işlemegini üpjün etmeli bolan Wi-Fi 9 standartynyň ösüşi baradaky öz garaýyşlaryny tanyşdyrdy.
Täze standartyň geljekki 6G ulgamlary bilen bilelikde ösjekdigine garaşylýar. Bu tehnologiýalaryň ikisi hem dürli ulanyş şertlerinde biri-birini doldurmalydyr.
Komp...
Dünýäniň iň gowy howa menzilleri we awiakompaniýalary saýlandy
Skytrax britan konsalting kompaniýasy we AirlineRatings.com halkara portaly dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň we awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Bu barada reýtingi düzenleriň resmi saýtlarynda habar berilýär.
Reýtinge görä, 2026-njy ýylda dünýäniň iň gowy bäş howa menzili Aziýada ýerleşýär. Singapuryň Changi Airport howa...
Täze «Möý-adamyň» treýlerine taryhda ilkinji gezek 1 milliarddan gowrak tomaşa edildi
Tom Hollandyň gatnaşmagyndaky «Möý-adam: Düýbünden täze gün» (Человек-паук: Совершенно новый день) filminiň treýleri taryhda 1,1 milliard tomaşa sanyndan geçen ilkinji wideorolik boldy.
Surata düşürilen wideo ilkinji gije-gündiziň dowamynda 718,6 million tomaşa toplap, mundan ozalky rekordy eýelän «Dedpul we Rosomahanyň» (365 million tomaşa)...
Matematika moda aýlawynyň her 20 ýyldan gaýtalanýandygyny tassyklady
Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan geýimleriniň, takmynan, 37 000 suratynyň seljermesine esaslanýar.
Alymlar etegiň uzynlygyndaky, dilikleriň formasyndaky we biliň çyzyklary...
Renault işçileriniň bir bölegini kellesiz robotlara çalyşýar
Renault kompaniýasy öz zawodlarynda agyr fiziki işleri ýerine ýetirmek üçin robotlary ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Garaşylmagyna görä, 2027-nji ýyla çenli bu enjamlar önümçiligiň käbir bölümlerinde adamlaryň ornuny tutup başlar.
Fransuz startapy Wandercraft bilen bilelikde, bary-ýogy 40 günüň içinde işlenip düzülen Calvin-40 atly robot kelle...
Alymlar Italiýada gladiatora degişli bolmagy örän mümkin aramgähi tapdylar
Arheologlar Italiýanyň günortasynda gladiatorlaryň söweş pursatlary çekilen gadymy rim ýadygärlik guburynyň galyndylaryny tapdylar. Olaryň çaky boýunça gubur biziň eýýamymyzyň I asyrynyň başlaryna degişli bolmaly.
Täsin tapyndy Apolloza munisipalitetinde, belli Appiý ýolunyň golaýynda ýüze çykaryldy. Ýadygärlik ilki bir meýletinçiniň gözüne...
Harri Potter baradaky serialyň ilkinji tizeri çykdy
HBO teleýaýlymy sosial ulgamlarda ýaş jadygöý Harri Potter baradaky serialyň birinji möwsüminiň tizerini hödürledi. Ol «Harri Potter we jadygöýiň daşy» diýlip atlandyrylar we sekiz bölümden ybarat bolar.
HBO Joan Ketlin Roulingiň meşhur kitaplaryna esaslanýan serialyň üstünde işlenilip başlanandygy barada ilkinji gezek 2023-nji ýylda mälim e...
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň Prezidenti Konstantinos Tasulasa ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny ýollady.
Döwlet Baştutany öz gutlagynda Konstantinos Tasulasa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gresiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Gre...
Türkmenistanyň DIM-inde Ugandanyň wekiliýeti bilen birnäçe meseleler maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okello bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de gelj...
Türkmenistan Ýaponiýadaky «Green EXPO 2027 Yokohama» sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär
2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Gepleşikleriň esasy mowzugy 2027-nji ýylyň 19-njy martyndan 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponi...
Türkmenistanda «Geljegiň hünärleriniň atlasy» neşir edildi
Türkmenistanda Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» atly gollanma neşir edildi. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çykaryldy.
Bu atlas Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky 1570-nji Karary bilen tassyklanan Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçi...