Türkmenistanly bilermenler Halkara Gara deňiz teatr festiwalyna gatnaşdylar
1–10-njy maý aralygynda türkmen bilermenleri «Halkara Garadeňiz teatr festiwaly. Döwlet teatrlary – Trabzon-26» halkara teatr festiwalyna gatnaşdylar. «Döwlet teatrlary – Trabzon-26» atly çäre Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet teatrlary baş müdirligi tarapyndan Trabzon şäherinde guraldy.
Halkara bilermen...
Russiýalylar Beýik Watançylyk urşy barada iň gowy görýän filmlerini agzadylar
Russiýanyň ýaşaýjylarynyň uruş barada iň gowy görýän filmleri Leonid Bykowyň «Urşa diňe gojalar gidýärler» we Stanislaw Rostoskiniň «Bu ýerde şapaklar asuda» filmleridir. Şeýle maglumatlary 1600 adamyň gatnaşmagynda barlaglary geçiren «SuperJob» we «Kion» platformalaryna salgylanýan «RIA Nowosti» getirýär.
Russiýalylar Beýik Watançylyk urşy...
Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň...
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda ýagyş ýagar, howa +40 gradusa çenli yssy bolar
Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi...
Amerikada çagalaryny mekdebe eltip ýiten zenan 11 ýyldan soňra tapyldy
Amerikada ýiten aýal 11 ýyldan soňra tapyldy diýip, «Mirror» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
2002-nji ýylyň fewralynda Pensilwaniýanyň ýaşaýjysy Brenda Heýst çagalaryny mekdebe eltenden soňra ýitirim boldy. Şol wagt 42 ýaşly zenanyň adamsy bilen aýrylyşmagy agyr geçirendigi we maliýe kynçylyklara uçrandygy anyklandy. Brendany...
«Barselona» El Klasiko duşuşygynda «Realy» ýeňip, Ispaniýanyň çempiony boldy
«Barselona» 2025/26 möwsüminiň La Liga çempionatynda möhletinden öň çempion boldy. Kataloniýalylar 10-njy maýda «Camp Nou» stadionynda geçirilen El Klasiko duşuşygynda «Real Madrid» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi.
Duşuşygyň ykbaly ilkinji ýarymda çözüldi: gollar 9-njy we 18-nji minutlarda geçirildi. Oýnuň ikinji ýarymynda madridliler basyşy gü...
Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutlady
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Serdar Berdimuhamedowy Ýeňiş güni bilen gutlady. Degişli gutlag «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.
«Sizi 9-njy maý bilen gutlaýaryn. Bu mukaddes sene biziň halklarymyzyň ykbalynda müdimilik orun aldy. Ata-babalarymyz egin-egne berip, nesilleriň röwşen geljegini we gara...
Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 81 ýyllygy bilen gutlady
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Beýik Ýeňiş güni bilen gutlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
«Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Biz bu mukaddes günde fronta gatnaşanlaryň hem-de tyl...
Türkmenistanda «Akym» atly «Oskar» baýragyna eýe bolan multfilmiň döredijileriniň ussatlyk sapagy geçiriler
2026-njy ýylyň 17-nji maýynda Aşgabat şäherinde «Akym» (Flow, 2024) atly animasion filmiň döredijilik toparynyň iki agzasynyň gatnaşmagynda ussatlyk sapagy geçiriler. Bu Latwiýanyň filmi «Iň gowy doly metražly animasion film» ugry boýunça «Oskar» baýragyny gazanan, şeýle hem iň gowy Ýewropanyň animasion filmi diýen adyna mynasyp bolan kino eseri hö...
Ärdogan «Galatasaraýyň» ýolbaşçylaryny Türkiýäniň çempionlygy bilen gutlady
Rejep Taýyip Ärdogan Türkiýäniň «Galatasaraý» futbol klubynyň prezidenti Dursun Özbege hem-de toparyň baş tälimçisi Okan Buruka jaň edip, toparyň Trendyol Süper Lig çempionatynda ýurduň çempiony diýen ada eýe bolmagy bilen gutlady. Bu barada Anadolu Ajansi habar berýär.
Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde döwlet Baştutany klubyň iki ýolb...
Las-Wegas 2027-nji ýylda göreş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder
United World Wrestling we USA Wrestling 2027-nji ýylda göreş boýunça dünýä çempionatynyň ABŞ-nyň Las Vegas şäherinde geçiriljekdigini yglan etdiler. Ýaryşlar 11–19-njy sentýabr aralygynda Newadanyň Uniwersitetiniň Thomas & Mack Center sport arenasynda geçiriler. Bu ýaryş aýratyn halkara ähmiýete eýe bolar, sebäbi ol 2028-nji ýylda Los Angeles şäher...
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyrynyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy
Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport boýunça Baş müdirligine degişli bolan ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň binýadynda 4–8-nji maý aralygynda geçirilen Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyrynyň ýeňijileri sylaglandy.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat t...
Mýanmada agramy 2,2 kilogram lagyl daşy tapyldy
Mýanmada agramy 2,2 kilograma deň bolan (11 müň karat) lagyl daşy tapyldy diýip, ýurduň Habarlar ministrligine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Sary öwüşginli gyrmyzy-gyzyl reňkli lagyl aram dury hem-de aýna ýaly ýalpyldaýar. Ol tebigy ýagdaýyny oňat saklapdyr.
Ýurduň gymmatbaha daşlaryň gazylyp alynýan ýeri bolan Mogok etraby Mandal...
Türkmen halkynyň Milli Lideri meşhur özbek aýdymçysy Farruh Zokirowy ýubileý ýaş toýy bilen gutlady
Özbegistan Respublikasynda geçirilen atçylyk sporty boýunça ýaryşlaryň we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň çäklerinde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Dabara sungat äleminde uly meşhurlyk gazanan Özbegistan Respublikasynyň halk artisti, meşhur aýdymçy Farruh Zokirow hem gatnaşdy. Özbegistanyň s...
Türkmenistan maý aýynda bäş döwlet baýramyny bellär
Maý aýy Türkmenistanda milli senenamanyň möhüm senelerine baýdyr. Bu aýda ýurt birnäçe döwlet baýramyny belleýär, olaryň her biri aýratyn taryhy we medeni ähmiýete eýedir.
9-njy maý — Ýeňiş güni
Türkmenistan 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň hatyrasyny hormatlaýar. Bu gün ýurduň ähli künjeklerinde dabaraly...
Türkmenistanly talyplar «Medeniýetleriň çemeni» atly halkara festiwala gatnaşdylar
Belarusuň döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetinde (BDUIR) bilim alýan türkmen talyplary 29-njy aprelde ýokary okuw mekdebinde geçirilen «Medeniýetleriň çemeni» atly halkara festiwala gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew bu baýramçylygyň hormatly myhmany boldy. Bu barada Türkmenistany...
Aşgabat we Yslamabat awiaaragatnaşygy dikeltmek barada maslahatlaşdylar
Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Legari Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen iki ýurduň arasynda awiaaragatnaşygy dikeltmek meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Pakistanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag we aragatnaşyk u...
Daşoguzda pile möwsümine guramaçylykly girişildi
Daşoguz welaýatynda hem pile möwsümine guramaçylykly girişildi. Möhüm möwsüme taýýarlygyň çäginde welaýatyň etraplaryndaky tohum örüziş merkezleriniň 67-sinde ýüpek önümçiliginiň başlangyç tapgyrynyň işleri göwnejaý geçirildi. Bu merkezleriň iş mümkinçiligi göz öňünde tutulyp, ola...
Hytaýda ulaglaryň heläkçilik synaglarynyň usulyýeti düýpli berkidiler
Hytaýyň awtomobil tehnologiýalary we barlaglary merkezi (CATARC) «C-NCAP» usulyýeti boýunça kraş-testleriň (heläkçilik synaglarynyň) täze, has berk maksatnamasynyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi. Bu täze düzgünler ulaglaryň howpsuzlygyna bolan talaplary ep-esli ýokarlandyrar.
Täzelenen talaplarda esasy üns elektromobilleriň we täze energiýa...
Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi
Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi. Bu netijeler jogap oýunlarynyň öňüsyrasynda «tokaýçylara» we «ýaragçylara» belli bir derejede artykmaçlyk berýär.
«Nottingem Forest» —...