Dubaýda bahasy 2,7 million dollardan 10 million dollara çenli bolan öýli kaşaň Mersedes-Benz Places ýaşaýyş diňi gurlar
Mersedes-Benz Emiratyň Binghatti jaý gurluşyk şereketi bilen bilelikde Dubaýda başy gökdirän Mercedes-Benz Places ýaşaýyş jaýyny gurar, ondaky öýleriň hersiniň bahasy 10 million dollar bolar diýip, Inc. habar berýär.
Kaşaň diňiň gurluşygyna 1 milliard dollar sarp ediler.
65 gatly bina Dubaýyň gyzgalaňly şäher merkezinden, takmynan, 34...
ABŞ-da gidrogelden elektron «deri» döredildi
Adam derisi – adamyň daşarky dünýä bilen baglanyşygyny üpjün edýän iň uly organdyr. Ol galtaşyga, temperatura we basyşa duýgurdyr. Bu häsiýetleri emeli materiallarda dörettmek örän kyndyr.
ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň alymlary bu meseläni nanoinženerlik gidrogellerini peýdalanyp çözmäge synanyşdylar. Olar 3D çap enjamynda çap edilen gyjyndy...
Tesla Buffalo zawodynda Dojo superkompýuterini gurmak üçin 500 million dollar maýa goýar
Tesla kompaniýasy Nýu-Ýorkuň Buffalo şäherindäki Gigafactory klasterinde Dojo superkompýuterlerinden birini gurmak üçin 500 million dollar maýa goýýandygyny ITHome-e salgylanýan IXBT.com habar berýär.
Taslama üçin ýer saýlanda kompaniýa döwletiň ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň, köp sanly zehinli hünärmenleriniň we taslama üçin elýeterli ýe...
TikTok platformanyň beta görnüşinde 30 minutlyk wideolary synagdan geçirýär
TikTok ulanyjylara synag režiminde 30 minutlyk wideo ýüklemäge mümkinçilik berdi. Platforma meşhurlyk gazanan gysga wideo formatyndan kem-kemden daşlaşýar diýip, TechCrunch-a salgylanýan Inc. habar berýär.
Täze wariant Angliýa üçin programmanyň beta wersiýasynda bellendi.
TikTok deslap 15 sekuntdan köp bolmadyk gysga wideolar bilen me...
IOS 18 Apple-iň taryhynda operasion ulgamynyň iň uly täzelenmesi bolar
Apple operasion ulgamynyň iň uly täzelenmesini – iOS 18-i çykarmaga taýýarlanýar. Anonsyň Bütindünýä işläp düzüjiler konferensiýasynda (WWDC) bolmagyna garaşylýar diýip, 9to5Mac salgylanyp, ferra.ru habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze operasion ulgam kompaniýanyň taryhynda iň uly iOS täzelenmesi bolar. Insaýderler Apple-iň progr...
Toyota Ýewropadaky satuw rekordyny täzeledi. Şol bir wagtyň özünde, Toyota GR86 sport awtoulagy Toyota Prius-dan has meşhur boldy
Toyota 2023-nji ýylda Ýewropada (Lexus awtoulaglaryny hem goşmak bilen) 1173419 sany awtoulag satdy. Brendiň iň meşhur awtoulagy Yaris Cross krossoweri boldy (185 569 sanysy satyldy) diýip, Motor1-e salgylanýan IXBT.com habar berdi.
Şereketiň iň köp satylan ikinji awtoulagy Toyota Corolla (166925), üçünjisi Toyota CH-R ykjam krossoweri boldy...
X sosial ulgamynda sporta goýum kabul etmek aýratynlygynyň peýda bolmagy mümkin
Ilon Mask X (öňki Twitter) sosial ulgamyna täze - sporta goýum goýmak aýratynlygyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin kompaniýa BetMGM sanly oýun platformasy bilen şertnama baglaşar diýip, Fortune salgylanýan Inc. habar berýär.
Täze aýratynlygyň sport oýunlarynyň san maglumatyny gönüden-göni saýtda görkezjekdigi, şeýle hem BetMGM-de ut...
WSJ: ABŞ ösen çipleri öndürmek üçin 52 milliard dollardan gowrak serişde bölüp berer
ABŞ-nyň häkimiýetleri ýurtda zawod gurmak üçin ösen ýarymgeçirijileri öndürýän kompaniýalara milliardlarça dollar subsidiýa bermegi meýilleşdirýär. Bu barada abraýly Wall Street Journal-a salgylanýan “Ekonomiçeskaýa prawda” habar berdi.
Neşiriň habaryna görä, 52,7 milliard dollar möçberindäki subsidiýa bazaryň Intel we Taiwan Semiconductor...
Neuralink adam beýnisine ilkinji implanty oturtdy
Telekeçi Ilon Maskyň Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasy 28-nji ýanwarda ilkinji gezek adam beýnisine implant oturtdy. Bu barada TASS habar berýär.
“Ilkinji adam implant aldy, dikeldiş [operasiýadan soň] gowy geçýär” – diýip, Mask X sosial ulgamynda ýazdy. Deslapky maglumatlara görä, enjamyň iş görkezijisi köp zady wada berýär.
Tel...
Toyota 2023-nji ýylda dördünji gezek Volkswagen-den öňe geçip, satuw we önümçilik boýunça rekord goýdy
2023-nji senenama ýylynyň dowamynda Ýaponiýanyň Toyota konserni, şol sanda onuň golçur kompaniýalary Daihatsu we Hino tutuş dünýäde 11,23 mln awtomobil, ýük ulagyny we awtobus satyp, rekord goýdy. Bu görkeziji korporasiýanyň taryhynda iň ýokary görkeziji boldy. Satuwyň ösüşi ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 7,2%-e barabar diýip, ixbt.com habar b...
Hytaýda ykjam telefonlaryň satuwy 2023-nji ýylda 6,5% ýokarlandy
2023-nji ýylda HHR-de ykjam telefonlaryň satuwy 6,5% ýokarlanyp, 289 mln birlik boldy. Bu barada ýurduň Senagat we maglumatlaşdyrma ministrliginiň Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary akademiýasy (CAICT) habar berdi diýip, interfax.ru belleýär.
Şol sanda täze nesil 5G aragatnaşyk toruny goldaýan telefonlaryň satuwy 11,9% ýokarlanyp, 240 m...
Samsung Galaxy S24 smartfonlary rekord mukdarda satyldy
«Samsung» korporasiýasy «Galaxy S24» seriýaly smartfonlary rekord mukdarda satmagy başardy. Bu barada lenta.ru ZDNet neşirine salgylanyp habar berýär.
Kompaniýa Günorta Koreýada 19 – 25-nji ýanwar aralygynda deslapky sargytlar boýunça 1,21 million sany enjam satmagy başardy. Deňeşdirsek, öňki «Galaxy S23» seriýasyna degişli enjamlaryň 1,09 m...
Awtonom usulda ýoly bejermek üçin ilkinji robot-ýol tekizleýji ulag tanyşdyryldy
«Robotiz3d» tehnologiýalar kompaniýasy Liwerpul uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde ýoly bejermek üçin köpugurly roboty döretdiler. Bu barada rambler.ru «Interesting Engineering» neşirine salgylanyp habar berýär.
Robot «Awtonom ýoly abatlaýyş ulgamy» (ARRES) diýlip atlandyrylýar. Ol öňdäki tarapynda tekizleýji gurluş (katok) bolan, futu...
Diňe iPhone-a. iPad-a App Store-dan başga ykjam goşundy dükanlary goşulmaz
«Apple» kompaniýasy «iPad-lara» başga kompaniýalaryň ykjam goşundy dükanlarynyň goşulmajakdygyny aýtdy. Bu barada lenta.ru 9to5Mac neşirine salgylanyp habar berýär.
Korporasiýa ýanwar aýynyň ahyrynda yglan edilen «iOS-da» başga kompaniýalaryň ykjam goşundy dükanlarynyň goldawynyň «iPad» platformasynda peýda bolmajakdygyny aýtdy. Şeýlelikde,...
Toyota maglumatlaryň galplygy sebäpli dört zawodynda önümçiligi togtatdy
Ýaponiýanyň awtomobil konserni Toyota Motor potratçy Toyota Industries Corporation tarapyndan üpjün edilen dizel hereketlendirijileriniň güýji baradaky maglumatlaryň galplaşdyrylmagy sebäpli Ýaponiýadaky dört zawodynda alty önümçilik hatarynyň işini wagtlaýyn togtatdy.
Bu maglumatlary NHK teleýaýlymy berýär we zawodlardaky önümçiligiň togtad...
Tesla 2025-nji ýylda täze Redwood elektromobilini çykarmagy meýilleşdirýär
Tesla kompaniýasy 2025-nji ýylyň ortalarynda Redwood ady bilen täze elektromobil modelini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.
Awtomobil sarp edijiler köpçüligine niýetlenen ykjam krossower hökmünde häsiýetlendirilýär. Onuň başlangyç bahasy, takmynan, 25 müň dollar. Krossoweriň arzan bahasy k...
Google emeli aň çipleri bilen bagly 1,67 mlrd dollarlyk kazyýet dawasyny çözdi
Korporasiýanyň emeli aň tehnologiýasy üçin ulanýan çiplerine patent hukugynyň bozulmagy bilen baglanyşykly kazyýet işinde Google parahatçylyk ylalaşygyny gazanmagy başardy diýip, Reuters habarlar gullugy habar berýär.
Kazyýet işi Singular Computing kompaniýasynyň arzasy boýunça geçýän kazyýetiň gutarnykly diňlenişiginiň başlanjak güni çözüld...
Näsazlyklar düzedilýänçä Boeing 737 MAX uçarlarynyň önümçiligi gadagan edildi
ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa edarasy (Federal Aviation Administration, FAA) Boeing kompaniýasyna ýanwar aýynyň başynda 737-9 MAX uçarynyň howada gapysynyň gopmagy bilen bagly bolup geçen wakadan soň 737 MAX uçarlarynyň önümçiligini giňeltmegi gadagan edýär. Bu barada edaranyň metbugat gullugyna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.
Şeýle-d...
Ýaponiýa öz Aýdaky modulynyň ilkinji suratyny çap etdi. Ol agdarylsa-da, işläp bilýär
Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözleg gullugy (JAXA) Aýyň üstüne üstünlikli gonan özüniň SLIM Aý modulynyň ilkinji suratyny çap etdi. IXBT.com-nyň bellemegine görä, Ýaponiýanyň kosmos programmasy üçin bu uly üstünlik, sebäbi ol Ýeriň emeli hemrasyna modulyny ýumşak gondurmagy üstünlikli amala aşyran bäşinji ýurt boldy.
Modulyň suraty SLIM-iň bortun...
Ford Explorer awtoulaglarynyň bütin dünýä boýunça 2 milliondan gowragy yzyna çagyrylýar
Motor1 neşiriniň habaryna görä, Ford kompaniýasy dünýädäki 2,2 million Ford Explorer kysymly awtoulaglaryny yzyna çagyrýar.
Mesele öňdäki stoýkanyň nakladkasynyň ygtybarly berkidilmezliginde. Bu kemçilik 2011-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli öndürilen awtoulaglara degişli. Ford-yň resmi wekili bu kemçiligiň ulaglaryň umumy sanynyň takmynan 5%-...