Galaxy S25 Edge ultra-inçe korpusyna garamazdan, çydamlylyk synagyndan geçdi

Ultra-inçe Galaxy S25 Edge tehnobloger Zak Nelsonyň (JerryRigEverything) çydamlylyk synagyndan üstünlikli geçdi. Korpusynyň ýogynlygynyň bary-ýogy 5,8 mm we agramynyň 163 g bolmagyna garamazdan, smartfon berk bolup çykdy.
Synag wagtynda smartfon öň we yzky panellere agram salyp, egreltmek synanyşygynda formasyny üýtgetmedi we döwülmedi. Korp...

Dowamy »

39 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Counter-Strike 2-de maý aýyndaky täzelenmeden soň ýalňyşlyklar we näsazlyklar ýygjamlaşdy

Dünýäniň dürli künjeklerinden Counter-Strike 2-niň oýunçylary tehniki näsazlyklaryň artandygyny habar berýärler. Bu näsazlyklar oýna düýpli täsir etmeýän hem bolsa, olaryň aglabasy häzire çenli düzedilmän galýar. Baglar (oýundaky ýalňyşlyklar) we oýundaky bökdençlikler maý aýynyň ortalaryndan başlap has ýygy ýüze çykyp başlady, iýun aýynyň başynda...

Dowamy »

43 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Nvidia ýene Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

Nvidia bazar bahasy boýunça ýene-de dünýäniň iň uly kompaniýasy boldy. Şu hepde onuň bazar bahasy 3,45 trln dollara ýetdi we netijede Microsoft-dan öňe geçdi.
CNBC-niň habar bermegine görä, Microsoft söwda sessiýasyny 3,44 trln dollar görkeziji bilen ýapdy. Tapawut uly däl, ýöne tehniki taýdan Nvidia indi dünýäniň iň gymmat jemgyýetçilik kom...

Dowamy »

42 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

BMW kemçilikli howpsuzlyk ýassygy sebäpli 2010-2012-nji ýyllarda çykan 3 Series-i yzyna çagyrýar

BMW Australia Takata-nyň kemçilikli howpsuzlyk ýassyklary sebäpli 2010-2012-nji ýyllarda çykan 3 Series modellerini yzyna çagyrýar. Yza çagyryş PSDI-5 howpsuzlyk ýassygy, sport ruluny öz içine alýan goşmaça sport bukjaly 2947 sany ulaga degişli.
Munuň sebäbi howpsuzlyk ýassygynyň piropatronynyň zaýalanyp başlandygy bilen bagly. Ol heläkçilik...

Dowamy »

46 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

WhatsApp 1-nji iýundan köne iPhone we Android smartfonlarynda işlemegini bes etdi

1-nji iýundan WhatsApp messenjeri operasion ulgamlarynyň köne wersiýalary bolan smartfonlarda işlemegini bes etdi. Programma indi iOS 15.1-den we Android 5.0-dan pes wersiýaly smartfonlarda işlemez.
Bu täzelenme bütin dünýäde millionlarça ulanyja täsir etdi. Olar indi şahsy we iş hatlaryny açyp, okap ýa-da iberip bilmez.
Ilkibaşda üýt...

Dowamy »

53 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Mask Telegram-yň bäsdeşini – XChat messenjerini hödürledi

Ilon Mask täze nesil XChat messenjeriniň işe girizilendigini habar berdi. Programma Telegram we WhatsApp ýaly meşhur platformalaryň ornuny tutup biljek messenjer hökmünde görkezilýär.
Täze messenjeriň beta-wersiýasy eýýäm tölegli ýazylyşyk bilen X sosial ulgamynyň käbir ulanyjylary üçin elýeterli boldy.
XChat-yň esasy funksiýalarynyň...

Dowamy »

56 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Ýetip gelýän Apple WWDC 2025 konferensiýasynda uly tanyşdyryşlar bolmaz

Apple kompaniýasynyň «WWDC 2025» işläp düzüjiler konferensiýasy 9-13-nji iýun aralygynda ýönekeý formatda, uly anonslar bolmazdan geçiriler. Bu barada «Bloomberg» agentliginiň žurnalisti Mark Gurman ýazýar.
Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa «Apple Intelligence» we emeli aň tehnologiýalaryna aýratyn üns bermez.
Esasy täzelik hökmünde...

Dowamy »

54 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Porsche gyssagly ýagdaýda we düşündiriş bermezden Beýik Britaniýada Taycan modelini satuwdan aýyrdy

Porsche Beýik Britaniýada 2019-2023-nji ýyllarda çykan Taycan-yň ähli ulanylan modelleriniň satuwyny togtatdy. Dilerler öndürijiniň ulagyň haýal etmän satuwdan aýrylmagy barada gyssagly buýruk berendigini aýtdy. Sebäp resmi taýdan aýan edilmedi.
Çak edilişine görä, munuň howpsuzlyk bilen bagly bolmagy mümkin.
Çeşmeleriň berýän magluma...

Dowamy »

66 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Samsung smartfonlary öz güýji bilen çykarýan ýeke-täk öndüriji bolup galdy

Sony kompaniýasy özbaşdak smartfon önümçiliginden gutarnykly ýüz öwrüp, bu işi beýleki kompaniýalara tabşyrdy. Ozal ol arzan we orta modelleri autsorsinge beripdi, indi bolsa gymmat flagmanlar, mysal üçin, Sony Xperia I VII hem Sony-nyň zawodlarynda ýygnalmaz. Ýöne, çeşmeleriň maglumatlaryna görä, bu çözgütden smartfonlaryň hili zyýan çekmedi.

Dowamy »

51 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

SpaceX kompaniýasy 2025-nji ýylda öz uçuş rekordyny täzelär

ABŞ-nyň SpaceX kosmos kompaniýasy 2025-nji ýylda rekord mukdarda orbital uçuş ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň milli howpsuzlyk maksatlary («NSSL») üçin uçuşlar maksatnamasynda kompaniýanyň gatnaşygyny utgaşdyrýan SpaceX bölüminiň ýolbaşçysy Enn Meýson habar berdi.
«Ýylyň ahyryna çenli 170 uçuş amala aşyr...

Dowamy »

48 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Kia täze EV3 elektroulagynyň hatyrasyna XCeed krossowerini önümçilikden aýrar

Kia kompaniýasy ykjam XCeed krossowerini ýygnamagy bes etmek kararyna geldi. Bu model üstümizdäki ýylda önümçilikden aýrylar. Munuň sebäbi, elektrik ulaglary segmentinde markanyň strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüljek täze Kia EV3 elektrik ulagyny satuwa çykarmak ugrundaky taýýarlyklar bilen baglanyşykly.
XCeed 2019-njy ýyldan bäri goýberil...

Dowamy »

59 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Apple iPhone-laryň dizaýnyny indi her ýyl täzelär: iPhone 17, 18 we 19 nähili bolar?

Apple indi iPhone-laryň daşky görnüşini ownuk üýtgeşmeler bilen däl-de, her ýyl has uly özgertmeler bilen täzeläp başlar. Bu barada komponent üpjünçilik zynjyryndaky çeşmelere salgylanyp, Digital Chat Station insaýderi habar berdi.
Täzelenmeler öňümizdäki güýzde çykmagyna garaşylýan iPhone 17 bilen başlar. Aýratyn üýtgeşmeler Pro modellerind...

Dowamy »

57 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«Hermès» 15 müň dollarlyk kaşaň nauşnik çykardy

«Hermès» 15 müň dollara nauşnik hödürledi. Onuň dizaýny üçin brendiň meşhur önümlerinden, esasanam «Kelly» atly sumkasyndan ylham alnypdyr diýip, «WWD» ýazýar.
Model «Hermès-iň» döredijilik ussahanasy bolan «Ateliers Horizons» tarapyndan, dizaýner Aksel de Boforyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülipdir. Ol mundan ozal hem brend üçin deri hiňňild...

Dowamy »

57 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

IPad-de indi WhatsApp elýeterli boldy. Munuň üçin 15 ýyl sarp edildi

WhatsApp messenjeriniň iPad üçin wersiýasy işe girizildi. Bu barada kompaniýanyň resmi blogunda habar berildi.
Bu wersiýany işläp taýýarlamak üçin 15 ýyl gerek boldy: WhatsApp-yň özi 2009-njy ýylda, ilkinji iPad bolsa 2010-njy ýylda peýda boldy.
Indi messenjeriň ähli esasy funksiýalary Apple planşetlerinde elýeterlidir. iPad ulanyjyla...

Dowamy »

58 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Xiaomi her bir satylan ulagdan ýitgini ýedi esseden gowrak – 900 dollara çenli azaltdy

Xiaomi 2025-nji ýylyň birinji çärýegi üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Üç aýda SU7 modelinden 75 869 elektromobil ýola goýuldy, bu modeliň umumy üpjünçiligi bolsa 258 000 birlikden geçdi. Şeýle-de, kompaniýa önümçilik kuwwatyny giňeltmek meýilnamalary barada habar berdi.
Intellektual elektromobiller we EA segmentiniň girdejisi 18,6 mlrd ýua...

Dowamy »

57 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

IPhone 16 2025-nji ýylyň I çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy

iPhone 16 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy. Bu barada Counterpoint Research habar berýär. Ýaponiýada we Afrika ýurtlarynda islegiň artmagy we Apple-iň üstünlikli baha strategiýasynyň netijesinde esasy iPhone modeli ikiýyllyk arakesmeden soň birinji orna gaýdyp geldi.
Apple iň köp satylan smartfonlaryň g...

Dowamy »

51 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

BMW-niň ähli modelleri 3,5 ýylda Neue Klasse dizaýnyna geçer

BMW kompaniýasy 5-nji seriýadan başlap, model hatarynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Üç ýarym ýylyň içinde markanyň ähli awtomobilleri, şol sanda benzin ulaglary Neue Klasse dizaýnyna we tehnologiýalaryna geçer. Ilkibaşda olar diňe elektromobiller üçin işlenip taýýarlanypdy diýip, IT Home neşiri ýazýar.
BMW-niň önüm bölüminiň ýolbaşçy...

Dowamy »

56 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Beýik Britaniýada uçýan taksi ilkinji gezek açyk asmanda synag edildi

Britaniýanyň Vertical Aerospace kompaniýasy Ýewropada açyk howa giňişliginde ilkinji gezek howa taksisiniň uçuşyny amala aşyrdy. Bu barada The Daily Telegraph gazeti habar berýär.
VX4 elektrouçarynyň prototipi Angliýanyň gündogar-günbataryndaky Kotsuolds sebitiniň asmanyna göterildi. Bat almak üçin ýerli howa menziliniň uçuş-gonuş zolagy ula...

Dowamy »

53 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Apple-iň özbaşdak bejeriş programmasy indi iPad-e hem degişli boldy

Apple kompaniýasy Self Service Repair özbaşdak bejeriş programmasyny giňeltdi, indi ol iPad planşetlerini hem öz içine alýar. Mundan beýläk ätiýaçlyk şaýlary we abatlaýyş gurallary dürli modeller, şol sanda esasy wersiýa, mini, Air we Pro modelleri üçin elýeterlidir.
Programma, esasan, Apple-iň häzirki wagtda satýan ýörgünli modellerine degi...

Dowamy »

50 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Instagram Android-de batareýany çalt çökerip başlady: Google eýýäm çözgüt tapdy

Android ulanyjylary Instagram goşundysynyň has köp energiýa sarp edip başlandygyna üns berdi. Bu mesele Reddit-de we beýleki platformalarda işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulanyjylar deň wagtda ulanmak bilen dürli goşundylaryň energiýany sarp edişini deňeşdirdi.
Ulanyjylaryň biri, Samsung Galaxy A53 smartfonynyň eýesi Instagram-yň 54 minutd...

Dowamy »

51 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago