Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji sammitine gatnaşmak üçin Astana barar
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystanyň Astana şäherine iş saparyny amala aşyrar. Bu barada penşenbe güni Hökümet mejlisinde habar berildi.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň belleýşi ýaly, Ýewropa döwletleri, şol sanda Italiýa Re...
Türkmenistanda önümçiliklerde senagat howpsuzlygynyň berjaý edilişine barlaglary guramagyň talaplary tassyklanyldy
Türkmenistanda Senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramagyň we amala aşyrmagyň talaplary tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Bu resminama «Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasyny ýerine ýetirmek, şeýle hem howply...
Türkmenistanda portlarda nebit önümleriniň ýük amallaryny geçirmegiň düzgünleri döwrebaplaşdyrylýar
“Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmegiň Düzgünleriniň” taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada 29-njy maýda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow habar berdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer nebit, nebit önümleri we...
Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda welaýatlarda galla oragyna girişmegiň senesini belläp berdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda ýurdumyzda welaýatlar boýunça galla oragyna girişmegiň senesini belläp berdi.
29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýerlere ýüzlenip, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, döwletimiz tarapyndan ýerden bol hasyl alm...
Aşgabatda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň gurluşygy başlanýar
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň döwrebap binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, ýa...
Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynda obserwatoriýa otagy gurnalar
«Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde ýerleşdiriljek Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagy gurnalar. Kitaphana şeýle hem döwrebap sanly tehnologiýalar we enjamlar bilen enjamlaşdyrylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligine bu...
Ahal welaýatynyň Sarahs şäherinde täze bazar gurlar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäherinde döwrebap täze bazary gurmak bilen bagly teklibi makullady.
29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň çäginde täze gurulmagy göz öňünde tutulýan bazaryň şekil taslamasynyň işlenilip ta...
2 — 7-nji iýunda “Awazada” halkara tans we folklor festiwaly geçiriler
2 — 7-nji iýun aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek meýilleşdirilýär. Penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa bu halkara çäräni geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Festiwalyň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary d...
Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler geçiriler
29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa Ylymlar güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli 12-13-nji iýunda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň...
Türkmenistan we BMG durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy
27-nji maýda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar...
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
28-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirdi. Bu barada DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň barşynda...
Türkmenistanyň Prezidenti 1-2-nji iýunda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar
1-2-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary meýilleşdirilýär. Sapara görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmek we onuň ýokary guramaçyly...
Serdar Berdimuhamedow «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça teklibi goldady
29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi hödürledi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu...
Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝUNISEF çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar
27-nji maýda Daşkent şäherinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, “Çagalaryň hatyrasyna dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF” atly ýokary derejeli forum geçirildi. Forumy Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrligi, “Zamin” halkara jemgyýetçilik gaznasy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) gurady.
Forumuň işine Merkezi Aziýa ýurtlary...
Pakistanyň Senatynyň Başlygy resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär
Pakistanyň Senatynyň Başlygy (Mejlisiň ýokarky palatasy) Saýed Ýusuf Reza Gilani resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär.
Pakistan telewideniýe korporasiýasynyň habaryna görä, bu sapar Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.
Saparyň maksady Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşykla...
ABŞ talyp wizalaryny almak üçin dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirmegi togtatdy
Donald Trampyň administrasiýasy F, M we J kategoriýaly talyp wizalaryny almak üçin dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirmegi wagtlaýyn togtatmagy tabşyrdy. Bu barada döwlet sekretary Marko Rubio tarapyndan gol çekilen içerki resminama salgylanyp, Politico neşiri habar berýär.
Söhbetdeşlik täze görkezmeler alynýança meýilleşdirilmez. Eýýäm meý...
Nike we LEGO ilkinji bilelikdäki krossowka modelini hödürledi
Nike we LEGO bilelikdäki kolleksiýasyndan ilkinji krossowka modelini – Air Max Dn-i hödürledi. Ol 2025-nji ýylyň awgustynda satuwa çykar diýip, Sneaker Bar Detroit habar berýär.
Bu brendleriň döredijilik bilen işjeň durmuş ýörelgesini utgaşdyrmaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ilkinji model boldy.
Model doýgun sar...
Ilon Mask Trampyň administrasiýasyndaky wezipesinden çekilýändigini mälim etdi
«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasyndaky ýörite döwlet gullukçysy wezipesinden çekilýändigini mälim etdi.
Telekeçi administrasiýanyň düzüminde döredilen Hökümet netijeliligi departamentine (DOGE) ýolbaşçylyk edýär. Bu edara hökümetiň çykdajylaryny, şol sanda «netijesiz»...
Alwaro Arbeloa “Realyň” ýaşlar toparyna baş tälimçi bellendi
Madridiň “Realynyň” öňki goragçysy Alwaro Arbeloa klubuň ýaşlar topary “Kastilýa” ýolbaşçy boldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.
42 ýaşly ispaniýaly ýaşlaryň tälimçisi wezipesinde 2019-njy ýyldan bäri topara ýolbaşçy bolan Rauly çalyşdy. Mundan öň Arbeloa “Realyň” dürli ýaşdaky ýaşlar toparynda işledi. 2023-nji ýylda 19 ýaşa...
Yslamabatda türkmen milli aşhanasynyň adaty tagamlary hödürlendi
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy 25-nji maýda Yslamabadyň Daşary ýurtly zenanlar birleşmesi (IFWA) we «Serena» myhmanhanasy tarapyndan guralan «Dünýäniň tagamyny dadyp gör» atly haýyr-sahawat çäresine gatnaşdy.
Yslamabatda bu çärä gatnaşan diplomatik wekilhanalar öz ýurtlarynyň milli aşhanasynyň adaty tagamlaryny hödürlediler. Gatnaşa...