Implant ysmazly syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi
Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler.
Tehnologiýa oňurga ýiliginiň şikes ýeten ýerine ultra inçe biologik taý...
Mbappe psihologik basyş edilmegi babatda “PSŽ”-nyň üstünden ýazan arzasyny yzyna aldy
Fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby bolan “Pari Sen-Žermene” üstünden beren kazyýet arzasyndan özüne psihologik basyş edilmegi babatdaky bölegi yzyna aldy diýip, L'Equipe habar berýär.
Futbolçy "ünsüni sport meselelerine jemlemek" üçin şeýle karara geldi.
Ozal, 2023-nji ýylda “PSŽ-nyň" ýolbaşçylarynyň Mbappäni oýunlardan çetleş...
Ýaponiýada 145 müň dollardan BMW M3 CS Touring-iň ýörite wersiýasy satylýar
BMW Ýaponiýada “zarýadlanan” M3 CS Touring uniwersalyny satyp başlady. Ýerli bazar üçin bary-ýogy 30 sanysy bölünip berildi. Bu diňe ýapon bazary üçin niýetlenen, seýrek duş gelýän M seriýaly modelleriň biriniň ruly sag tarapdaky wersiýasydyr.
Awtoulag has haýbatly dizaýny, gara üçegi, birtopar karbon elementi we agramy 15 kg kemeldilendigi...
Serbiýada Türkmenistanyň täze ilçisi işe başlady
7-nji iýulda Belgrad şäherindäki Serbiýa Respublikasynyň Prezidentiniň köşgünde Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Esen Aýdogdyýewiň Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Dabaranyň dowamynda ilçi E.Aýdo...
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.
Maslahatyň barşynda häkimler welaý...
Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekd...
Ferrari bilen Rolls-Royce-yň ozalky ýolbaşçylary McLaren-iň direktorlar geňeşine goşuldy
McLaren direktorlar geňeşiniň täze düzümini mälim etdi. Bu geňeş kompaniýanyň strategik dolandyrylyşyny alyp barar. Täze geňeşiň düzümine dokuz adam girýär, olaryň arasynda Ferrari-niň öňki ýolbaşçysy Luka di Montezemolo bilen Roll-Royce-a 15 ýyl ýolbaşçylyk eden Torsten Mýuller-Otwos hem bar.
Direktorlar geňeşine Abu-Dabiden CYVN Holdings m...
Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy
NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi.
Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge...
Täjigistanda eýesiniň ady ýazylan I-III asyrlaryň küýzesi tapyldy
Arheologlar Täjigistanda Kuşan imperiýasy döwründe ýaşan bir aýalyň adyny saklaýan baktriýa dilindäki ýazgy bilen keramiki gaby tapdy. Tapyndy Sarband obasynyň golaýyndaky gadymy Halkajar şäherçesinde ýüze çykaryldy diýip, The Times of Central Asia-a salgylanyp, Archaeology Magazine habar berýär.
Biziň eýýamymyzyň I-III asyryna degişli hasap...
Şu ýyl Ýerde iň gysga günler tomusda bolar
Ýeriň aýlanmagynyň we hasaplama ulgamlarynyň halkara gullugynyň (IERS) işgärleri planetanyň adatdakysyndan çalt aýlanyp başlajak senesini hasaplady. Hasaplamalara görä, günleriň dowamlylygy 9-njy we 22-nji iýulda, şeýle-de 5-nji awgustda gysgalar. Deslapky maglumatlar boýunça, gysgalma, takmynan, 1,51 millisekunt ýa-da ondan sähel köp bolup biler.<...
Meksika KONKAKAF Kubogynyň finalynda ABŞ-ny utdy
ABŞ-nyň milli ýygyndysy Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň (KONKAKAF) Altyn kubogynyň finalynda Meksikadan 1:2 hasabynda utuldy. Oýun Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirildi.
Amerikalylaryň düzüminde 4-nji minutda Kris Riçards gol girizdi. Meksikalylardan Raul Himenes (27-nji minut)...
BAE-niň Hökümeti TON kriptowalýutasyny alanlara "altyn wiza" beriljekdigi baradaky habary ret etdi
Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti Toncoin kriptowalýutasyny 100 müň dollar möçberinde steýking etmek (şol kriptowalýutanyň hasabyna şol möçberde pul goýmak) we 35 müň dollar komissiýa tölemek arkaly "altyn wiza" almak mümkinçiligi baradaky TON Foundation tarapyndan ýaýradylan habarlaryň hakykata laýyk däldigini mälim etdi. Bellenilişi ýaly, şeý...
Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi
Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar.
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine uly göwrümli maýalaryň goýulýandygyna we zyňyndylary a...
Astrahanda hroniki ýaralary, başlary we ýanyklary bitirmek üçin täze gel döredildi
Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlagçylary hroniki ýaralaryň bitmegini tizleşdirýän geli döretdi. Täze serişde zeper ýeten ýerlerde ganyň aýlanmagyny gowulandyrmak arkaly täsir edýär. Bu bolsa bitmeýän ýaralary, ýanyklary we ýatmakdan hamyň ölen ýerlerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir.
Farmasewtika ylymlarynyň kandidaty...
Peugeot indi arzan awtomobilleri çykarmaz
Peugeot brendi arzan şäher awtomobillerine gaýdyp gelmekden resmi taýdan ýüz öwürdi we model 108-iň yzyny dowam etdirmegi meýilleşdirmeýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Alen Fawe aýtdy.
Peugeot 108 modeliniň önümçiligi tas bäş ýyl mundan ozal tamamlandy we şondan bäri markanyň iň elýeterli modeli Peugeot 208 boldy. Faweniň aýtmagyna...
Apple Music 10 ýylyň içinde iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çykardy
Apple Music akym hyzmatynyň 10 ýyllygy mynasybetli platformada iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çap etdi. Ed Şiranyň “Shape of You”aýdymy sanawda birinji ýeri eýeledi.
2017-nji ýylda çykan bu aýdym platformanyň taryhynda iň meşhury boldy. Ol iň azyndan bir ýurtda yzygiderli 1000 günden gowrak wagtlap “Top Songs” sanawynda birinji orny sa...
Bred Pittiň düşen “Formula 1” ýaryş dramasy Apple-iň iň köp girdeji gazanan filmi boldy
Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda düşürilen “Formula 1” filmi 10 günde 293,6 million dollar girdeji gazandy we Apple Studios-yň dünýä kinoteatr prokatynda iň köp girdeji gazanan taslamasyna öwrüldi diýip, Variety ýazýar.
Film Ridli Skottuň 2023-nji ýylda 221 million dollar girdeji gazanan “Napoleon” taryhy dramasyndan öňe geçdi.
...
Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi
7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köpt...
Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi
Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek häzirki dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi – bu Gran Chess Tour seriýasyna girýän Zagrebde (Horwatiýa) geçirilen SuperUnited Rapid & Blitz tapgyrynda boldy. Norwegiýaly blitzde ajaýyp oýun görkezip, ýaryşyň jemi boýunça birinji orny eýeledi. Dommaraju amerikaly Uesli Sodan hem yza galyp, üçünji boldy. Milliarder Kennet S. Griffin Sotheby’s auksionynda ABŞ-nyň Konstitusiýasyna girizilen 13-nji düzedişiň Awraam Linkoln tarapyndan gol çekilen golýazmasyny satyn aldy. Gul eýeçiligini ýatyran resminama 12 mln dollara satyldy, auksionyň komissiýalary hem goşulanda, geleşigiň umumy mukdary 13,7 mln dollar boldy. Bu şeýle görnüşli resminamalar üçin reko...
ABŞ-da gulçylygy ýatyrmak baradaky resminama 13,7 mln dollara satyldy: ony milliarder Kennet Griffin satyn aldy