Samsung Galaxy S24 Ultra iň köp satylan emeli aň smartfony boldy
2024-nji ýylyň birinji çärýeginde emeli aň funksiýalary bolan smartfonlaryň arasynda öňdebaryjy orny Samsung eýeledi. Bu barada Counterpoint Research analitik firmasy täze hasabatynda habar berdi.
Sarp edijileriň arasynda iň meşhur smartfon bazaryň 30,1%-ini eýelän Samsung Galaxy S24 Ultra boldy. Ikinji orunda 16,8% paý bilen Samsung Galaxy...
“Çane - 6” Aýyň arka tarapynyň topragynyň nusgalaryny alyp, Aýdan ugrady
Hytaýyň “Çane-6” kosmiki gämisi ýany bilen topragyň gymmatly nusgalaryny alyp, Aýyň arka ýüzünden üstünlikli uçup gaýtdy diýip, Hytaýyň Milli kosmos gullugyna salgylanýan Reuters gullugy ýazýar.
3-nji maýda Wençan hemra uçuryş merkezinden uçurylan “Çane 6” Aýyň ozal öwrenmäge elýeter bolmadyk garaňky tarapyndan nusgalary ýygnan ilkinji zond...
Microsoft: Windows 11-iň täzelenmesi wezipeler panelinde bökdençlikleri ýüze çykarýar
Microsoft Windows 11-iň ulanyjylaryna ýakynda goýberilen hökmany däl täzelenme sebäpli wezipeler panelinde bökdençlikleriň ýüze çykyp biljekdigini duýdurdy diýip, Hi-Tech habar berýär.
KB5037853 täzelenmesi wezipeler panelinde näsazlygyň, jogapsyz galmalaryň ýa-da ýitip gitmeleriň ýüze çykmagyna we wezipeler paneliniň gaýtadan peýda bolmag...
Trampyň gadagan etmek islän TikTok platformasynda açan akkauntyna bir günde 3 mln adam ýazyldy
ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp TikTok-da hasaba alnandan soň, bir günüň dowamynda kanala 3 million adam ýazyldy, onuň platformadaky ilkinji wideosy 56 milliondan gowrak tomaşa ýygnady diýip, Afişa Daily habar berýär.
Tramp platformada “American Bad Ass” aýdymynyň astynda UFC 302 ýaryşynyň zalyna girişini görkezýän wideosy bilen peýda...
Köpden bäri garaşylýan iOS 18 funksiýalary iPhone-laryň aglabasynda işlemez
Apple 10-njy iýunda WWDC 2024-de iOS 18-i hödürlär. Ýöne insaýderleriň maglumatlaryna görä, onuň käbir AI funksiýalary diňe soňky çykan enjamlarda elýeterli bolar.
Neýroulgamlaryna we maşyn öwrenişine esaslanýan funksiýalar diňe iPhone 15 Pro, iPad Pro we M-seriýaly çipleri bolan Mac kompýuterlerinde işlejekdigini Bloomberg-iň analitigi Mark...
Toyota hereketlendirijisindäki hapa zerarly 100 müň sany Tundra we Lexus LX ulaglaryny yzyna çagyrýar
Toyota kompaniýasy hereketlendirijide ýüze çykyp biljek näsazlyk sebäpli 100 müňden gowrak Tundra kysymly pikapy we Lexus LX kysymly wnedorožnigi yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Yza çagyryş täze goşa turbaly V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan 2022-2023 modellerine degişlidir diýip, IXBT habar berýär.
Mesele motoryň içinde mehaniki...
Bloger Apple-iň ussahanasyna baryp, iPhone-yň berkliginiň nädip barlanýandygyny görkezdi
Internetde bloger Markus Braunliniň Apple kompaniýasynda iPhone-yň berkliginiň nädip barlanýandygyny görkezýän wideoýazgysy peýda boldy. Braunli kompaniýanyň synag laboratoriýasyna girmäge ygtyýar alyp, smartfonlaryň synagdan geçirilişiniň dürli tapgyrlaryny wideo düşürdi.
iPhone-lar basyş astynda suwa çümdürilip, yzgar geçirijiligi barlanyl...
Nissan 17 500 dollar bahadan täzelenen Note Autech krossowerini hödürledi
Nissan täzelenen Note Autech krossowerini çykardy, ol aşagynyň beýikligi we üýtgeşik obwesy bilen adaty Note-den tapawutlanýar. Bahasy 17500 dollardan başlaýar diýip, IXBT habar berýär.
Modelde 16 dýuýmlyk Autech garyndy tekerleri we ýerden beýikligini 25 mm ýokarlandyrýan lift-toplumy aldy. Ýerden beýikliginiň üýtgändigine garamazdan, Note...
Kelläni transplantasiýa etmek ýakyn 8 ýylda hakykata öwrülip biler
Newrobiologiýa we biomedisina ýöriteleşen amerikaly BrainBridge adam kellesini donoryň bedenine geçirip bilýän enjamyň konseptini hödürledi diýip, New Atlas ýazýar.
Operasiýa birnäçe robot gollary dolandyrjak emeli aňyň algoritmleriniň kömegi bilen amala aşyrylar. Olar kelläni aýrarlar we ony täze göwrä geçirerler, şeýle hem oňurga ýiligini,...
Hytaý kompaniýasy dünýäde “gaýnadyp boljak” ilkinji smartfon çykardy
Hytaýyň AGM kompaniýasy dünýäde iň berk smartfonlaryň biri hökmünde AGM X6 smartfonyny hödürledi, diýip Hi-Tech ýazýar.
Täze önümiň esasy aýratynlygy, dürli täsirlere aşa çydamlylygydyr. Smartfon IP69 standarty boýunça kepillendirilendir, bu bolsa onuň tozany we suwy hiç hili geçirmeýändigini aňladýar. Mundan başga-da, AGM X6 gazanda bir min...
Hiňlenmek ýeterlik: YouTube Music-de aýdymy hiňlenip tapyp bolýar
YouTube Music aýdym hyzmatyna täze funksiýa goşuldy: indi ulanyjylar islän aýdymlaryny çala hiňlenip ýa-da sazyny çalyp tapyp bilerler diýip, 9to5Google habar berýär.
Täze funksiýa 7.02 wersiýadaky Androidler üçin ykjam goşundyda elýeterlidir. Ol aýdymyň hatda adyny bilmedik wagtyňyz hem tanamaga ýardam edýär. Munuň üçin ykjam goşundynyň sag...
Eplenýän smartfonlar bazarynda Huawei Samsung-dan geçdi, Motorola 1260% ösüş gazandy
TechInsights-yň berýän maglumatlaryna görä, eplenýän smartfon bazary çalt ösüşi başdan geçirýär, Huawei birinji çärýegiň netijeleri boýunça täze lider bolmak bilen, barha öňe dyzaýar. Seljerijiler Huawei-iň eplenýän flagmanlarynyň satuwynyň 257% ýokarlandygyny bellediler. Hytaý kompaniýasy ozal bazarda agdyklyk eden Samsung-dan öňe geçdi diýip, IXB...
1972-nji ýylda çykan dünýäde ilkinji PK auksiona çykaryldy
Dünýäde ilkinji doly derejeli personal kompýuter hasaplanýan 1972-nji ýylyň Q1 kompýuteriniň seýrek nusgasy ABŞ-da Heritage Auctions auksionyna çykaryldy diýip, RBK ýazýar.
Öz döwründen öňe giden bu ykjam kompýuter Londonda tötänleýin tapyldy. Ol ekran, klawiatura we printer bilen enjamlaşdyrylan bolup, hasaplaýyş tehnikasynyň taryhynda özbo...
Redmi Note 14 Pro barada ilkinji maglumatlar peýda boldy
2023-nji ýylyň sentýabr aýynda çykarylan Redmi Note 13 Pro-dan soň, Redmi Note 14 Pro smartfony barada ilkinji maglumatlar peýda boldy diýip, gagadget.com ýazýar.
Weibo portalyndaky Digital Chat Station insaýderiniň maglumatyna görä, Redmi Note 14 seriýasy kamerasynyň mümkinçiliklerine we ajaýyp dizaýnyna ünsi çekip biler. Hatardaky smartfon...
Boeing we NASA Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji kosmos taksisini ibermäge taýýarlanýar
Astronawtlary Halkara kosmos stansiýasyna äkitmek üçin niýetlenen Boeing Starliner kosmos gämisi 1-nji iýunda ilkinji ekipažly uçuşyna taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg habar berýär.
Öň ýüze çykarylan kiçiräk geliý syzmasyna garamazdan, NASA we Boeing kompaniýalarynyň wekilleri CST-100 Starliner gämisiniň howpsuzlygyna ynamly.
Missiýa...
Microsoft kompaniýasy resmi taýdan "Windows 10-y" goldamagynyň gutarýan senesini yglan etdi
Microsoft 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Windows 10 operasion ulgamy (OS) üçin goldawy bes etjekdigini habar berdi. Bu diýildigi Windows 10 OS-ly kompýuterleriň mundan beýläk Microsoft-dan howpsuzlyk täzelenmelerini we tehniki goldawy almajakdygyny aňladýar.
Kompaniýa Windows 10-a goldawyň gutarjakdygy barada ulanyjylara uzak wagtdan bäri...
Bugatti Chiron 55 1 of 1-iň öz görnüşinde ýeke-täk nusgasyny hödürledi
"Bugatti Sur Mesure" topary eksklýuziw giperkar bolan Chiron 55 1 of 1-iň çykyşyny bildiriş etdi. Awtoulag 1931-nji ýylda Žan Bugatti tarapyndan döredilen, rowaýata öwrülen Type 55 Super Sport modeliniň ommažy hasaplanýar diýip, IXBT ýazýar.
Chiron 55 1 of 1 Type 55 Super Sport-yň gara-sary reňk gammasyny, şeýle hem onuň özboluşlylygyny görk...
IFixit Samsung bilen hyzmatdaşlygy bes edýär: koreý enjamlaryny bejermek kynlaşar
Elektronikany bejermek boýunça jikme-jik görkezmeleri bilen tanalýan iFixit kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda Samsung bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini habar berdi diýip, IXBT ýazýar.
Bu karar Samsung enjamlaryny abatlamagy ýönekeýleşdirmeklige gönükdirilen Samsung Repair Hub programmasynyň üstünde iki ýyl işlenenden soň kabul edildi. iF...
BMW täze işgär aldy: SpOTTO robot-iti hereketlendirijileriň ýygnalyşyna gözegçilik edýär
BMW awtoulag konserni Boston Dynamics kompaniýasy tarapyndan döredilen SpOTTO robot itini özüniň Beýik Britaniýadaky Hems-Hall zawodynda ornaşdyrdy.
IXBT-iň habar bermegine görä, robot iki sany Ottonyň adyny göterýär - BMW-ni esaslandyryjylaryň biri Gustaw Otto we onuň ogly, dört basgançakly içinden ýandyrylýan hereketlendirijini oýlap tapyj...
Innopolisde sürüjisiz elektrobus işe girizildi, ýöne ol sagatda 10 km tizlik bilen hereket edýär
Tatarystan Respublikasynyň Innopolis şäherinde sürüjisiz elektrobus synagdan geçirilip başlandy. Ol Innopolis uniwersiteti bilen Innoparkyň aralygynda 3 km ýol boýunça hereket edip, Popowa adyndaky tehnopark duralgasynda säginer. Elektrobus uniwersitetiň işgärlerini we talyplaryny gatnadar diýip, TASS habar berýär.
Elektrobus 10 adamy sygdyr...