Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär. 13-nji oktýabrda Niderlandlaryň häkimiýetleri eýýäm birnäçe ýyl bäri Hytaýyň Wingtech Technology korporasiýasyna degişli bolan Nexperia öndürijisini millileşdirmäge synanyşdy. Hökümet Ýewropada çip üpjünçiligini gözegçilik astyna almak üçin möhüm kärhanalaryň işine goşulmaga mümkinçilik berýän “Haryt elýeterliligi” kanunyna salgylandy. Bu çözgüdiň sebäbi ABŞ bilen ÝB-niň, şeýle-de Hytaýyň arasynda söwda dartgynlylygynyň artmagy boldy. Muňa jogap hökmünde Hytaý ygtyýarnamasyz Nexperia-nyň önümlerini eksport etmegi gadagan etdi. Netijede, bu awtoöndürijileriň işine derrew öz täsirini ýetirdi. Honda Motor kompaniýasy Demirgazyk Amerikadaky käbir zawodlarynda önümçilik möçberini azaltdy. Kanadadaky zawodda bolsa Civic sedanlarynyň we CR-V ulaglarynyň önümçiligi iki esse azaldyldy, Meksikadaky zawod sişenbe güni doly ýapyldy. Ýewropanyň awtoöndürijileri ýakyn günlerde önümçiligiň togtadylyp bilinjekdigini duýdurýar. Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, kompaniýalar zawodlary ýapmazlyk üçin ätiýaçlyklar bilen oňmaga çalyşýar. ABŞ-da Awtomobil we enjam öndürijiler assosiasiýasy, eger Nexperia bilen bagly dawa çözülmese, amerikan zawodlarynyň birnäçe hepdeden önümçilik üçin “düýpli netijeler” bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini belledi. Ford Motor-yň baş direktory Jim Farli bu ýagdaýy “syýasy” mesele diýip atlandyrdy. General Motors-yň baş direktory Meri Barra bolsa çäklendirmeleriň “önümçilige täsir edip biljekdigini” habar berdi. Stellantis NV bolup biljek täsire baha bermek we netijeleri ýumşatmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak üçin Nexperia we beýleki üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Toyota Nexperia-nyň eksportynyň togtadylmagynyň entek önümçilige düýpli täsir etmändigini aýtdy. Nissan-yň baş direktory kompaniýanyň ätiýaçlygynyň noýabryň birinji hepdesine çenli ýetjekdigini habar berdi.