Wirtual hakykatda duran ýeriňde ylgamak üçin täsin aýakgaplar hödürlendi

Iňlis-amerikan startapy Freeaim wirtual hakykatda hereket etmek üçin özboluşly VR Shoes aýakgaplaryny hödürledi. Häzirki wagtda diňe korporatiw müşderileri üçin elýeterli bolan täze önüm elektrik rolikli konkileriň tehnologiasy boýunça işleýär. VR Shoes, ulanyjyny 2/2 metre çenli howpsuz zonada saklap, wirtual dünýäde howpsuz hereket etmäge mümkinç...

Dowamy »

216 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

IQ derejäň peselmegi, ruhy çökgünlik, üzňelik: Internete baglylyk nämelere getirip biler? Alymlaryň jogaby

Häzirki wagtda Internet we sosial ulgamlar durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Adamlar çagalygyndan gajetleri ulanmagy öwrenýärler we Internete ir aralaşyp başlaýarlar. San maglumatlaryna görä, Internet dünýäniň ilatynyň 66%-i (takmynan 5,44 milliard adam) üçin elýeterlidir. Bu san artmagyny dowam etdirer: 2029-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 7,9 milliard ad...

Dowamy »

215 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Xiaomi HyperOS-da smartfonlarda mahabaty öçürmek aýratynlygyny synag edýär

Xiaomi kompaniýasy ulanyjylara tutuş ulgamyň mahabatyny bir düwme bilen öçürmäge mümkinçilik berýän HyperOS operasion ulgamynda täze bir aýratynlygy synap başlady diýip, SmartPrix habar berýär.
Ozal Xiaomi smartfonlarynda mahabatlary öçürmek üçin ulanyjylar köp aýratyn sazlamalardan geçmeli bolýardy we bu iş uzak dowam edýärdi, irizýärdi. Tä...

Dowamy »

203 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

ChatGPT-ni döreden adam emeli aň esasly saglyk "tälimçisi" taslamasyny hödürledi

OpenAI-niň baş direktory Sem Altman Arianna Haffington bilen bilelikde Thrive AI atly täze kompaniýa döretdi diýip, Gizmochina habar berýär.
Thrive AI ulanyjynyň ukusy, iýmitlenişi, hereketleri, stressi we jemgyýetçilik gatnaşyklary baradaky maglumatlary derňemek üçin emeli aňy ulanýar. Soňra şol maglumatlara esaslanyp, ulgam saglygy kadalaş...

Dowamy »

223 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Samsung eplenýän täze Z Fold 6 we Z Flip 6 smartfonlaryny tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy Parižde geçirilen Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşynda täze eplenýän Galaxy Z Fold 6 we Z Flip 6 smartfonlaryny hödürledi. Gurluşlaryň ikisi-de öňki modeller bilen deňeşdirilende, sähel täzelenmä eýe bolsa-da, has kuwwatly, ýeňil we inçe boldy.
Iki smartfon hem Qualcomm-dan Snapdragon 8 Gen 3 prosessory bilen üpjün edildi we...

Dowamy »

221 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Samsung täze akylly ýüzügi Galaxy Ring-i hödürledi. Onuň bahasy $400

Samsung kompaniýasynyň Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşynda esasy premýeralarynyň biri Galaxy Ring akylly ýüzügi boldy. Kompaniýa ony 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda anons edipdi, ýöne şol wagt bu täze önüm barada jikme-jik maglumat ýokdy. Indiki aý geçirilen MWC sergisinde bolsa kompaniýa ilkinji gezek aksessuary ýakyndan görkezdi.
Titan erginden...

Dowamy »

211 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Galaxy Unpacked: Samsung Pariždäki tanyşdyrylyşda ýene näme görkezdi?

Parižde Samsung Galaxy Unpacked çäresi geçirildi we onda günorta koreýaly tehnologiýa ägirdi köp sanly täze önümleri hödürledi.
Galaxy Watch 7 Series
Akylly sagatlaryň täze nesli Galaxy Watch 7 özboluşly dizaýna eýe boldy. Esasy wersiýa alýumin korpusly we ýakut aýnaly iki ölçegde (40 mm we 44 mm) hödürlendi. Galaxy Watch 7 Ultra (47...

Dowamy »

228 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago

Samsung 12 aýyň netijesi boýunça ABŞ-nyň smartfon bazarynda Apple-den öňe geçdi

Samsung kompaniýasyna ABŞ-nyň smartfon bazarynda Apple-den öňe geçmek başartdy. CIRP analitikleri 2024-nji ýylyň mart aýyna çenli, bir ýyldaky satuw barada maglumatlary hödürlediler. Görnüşi ýaly, bu döwürde Samsung bazaryň 38%-ini, Apple 33%-ini eýeledi.
Beýleki kompaniýalar öňdebaryjylardan has yza galýarlar, ýöne Motorola-nyň beýlekilere...

Dowamy »

226 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Windows 11-iň soňky täzelenmesi kompýuteriň işinde bökdençlik döredýär

Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy we ol kompýuterleriň işinde bökdençlige sebäp bolýar.
Windows 11 ulanyjylarynyň köpüsi 2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda çykan KB5039302 täzelenmesini gurnandan soň düýpli meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Apdeýtden soň olaryň kompýuterleri tükeniksiz “gaýtadan işe girizmeler” (пер...

Dowamy »

233 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

"Garagum Ulag" täze Toyota Land Cruiser Prado-ny tanyşdyrdy. Awtoulagy eýýäm şu günden satyn alyp bolýar

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dileri bolan Garagum Ulag kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser Prado wnedorožnigini tanyşdyrdy. Tanyşdyryş çäresi Toyota-nyň Aşgabatdaky dilerlik merkezinde geçirildi.
Şanly wakanyň hormatyna Garagum Ulag owadan Ýangy gala kanýonynda surata düşürilen wideony hödürledi. Çärä türkmen we daşary ýurt kompaniýala...

Dowamy »

221 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

NASA 2030-njy ýylda Halkara kosmos stansiýasyny orbitadan aýyrmagy SpaceX-e ynandy

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary milli müdirligi (NASA) Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy bilen kosmos gämisini (ABŞ Deorbit Vehicle) işläp taýýarlamak we gurmak üçin şertnama baglaşdy. Apparat hyzmat möhleti gutarandan soň, Halkara kosmos stansiýasyny (HKS) orbitadan ygtybarly aýyrmak üçin dörediler.
Şertnamanyň bah...

Dowamy »

204 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

YouTube-da uky taýmeri peýda bolar, irkilen badyňyza wideo öçer

YouTube wideo hyzmaty programmanyň ykjam wersiýasyna uky funksiýasyny goşmagy meýilleşdirýär. Bu ulanyjylara wideo görüp uklap galsa, batareýanyň güýjüni we internet-trafigi tygşytlamaga mümkinçilik berer diýip, Android Authority portaly ýazýar.
Täze aýratynlyk indiki programma täzelenmesinde elýeterli bolar. Ulanyjylar taýmeri düzüp bilerle...

Dowamy »

193 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

IPhone 15 Pro Max täze iOS 18 bilen 25% tizlendi

iOS 18-iň beta wersiýasyndaky iPhone 15 Pro Max-yň ilkinji synaglary smartfonyň öndürijiliginiň ep-esli ýokarlanandygyny görkezýär diýip, 9to5mac ýazýar.
Geekbench synagynda, iOS 18-de iPhone 15 Pro Max 7,816 bal gazandy, bu bolsa iOS 17-de gazanylan 6000 baldan 25% köp.
Iýun aýynyň başynda WWDC 2024-de hödürlenen iOS 18, işjeňleşdiri...

Dowamy »

227 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

GPT-4 Týuring synagyndan geçdi: neýroulgama adamdyr öýtdüler

ABŞ-da ýerleşýän Elektrotehnikanyň we elektronikanyň inženerleri instituty (IEEE) tarapyndan geçirilen barlagda GPT-4 emeli aň (AI) modeli adam aragatnaşygyna öýkünip bilmek ukybyny şeýlebir derejede görkezdi welin, synaga gatnaşanlaryň 54%-i oňa adamdyr öýtdi diýip, LiveScience portaly ýazýar.
Synagda 500 adam hakyky adam we üç sany AI mode...

Dowamy »

223 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Wertikal uçup-gonýan, geljegiň kaşaň uçarynyň dizaýny görkezildi

Şweýsariýaly başlangyç Sirius Awiasiýa işlenip taýýarlanylýan futuristik iş uçarynyň nähili boljakdygyny görkezdi. 28 kanally ýelpewaçlar bilen enjamlaşdyrylan CEO Jet uçary dikligine uçup-gonup we tizligini sagatda 515 km-ä ýetirip biler. Ol wodorod ýangyç elementlerinde işlär diýip, New Atlas ýazýar.
CEO Jet-iň dizaýny BMW Designworks bile...

Dowamy »

213 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Lexus-dan täze wnedorožnik - onda pizza taýýarlamak üçin peç oturdyldy

Lexus kompaniýasy öý enjamlaryny öndüriji Monogram bilen bilelikde pizza peji bilen enjamlaşdyrylan awtoulagy işläp düzdi diýip, Flighter habar berýär.
Öndürijileriň pikiriçe, Lexus Monogram GX hakykata öwrülen ulagdyr. Ol kerpiç pejine meňzeýän 30 dýuýmlyk Monogram Smart Flush Hearth elektirk peji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol elde ýasalyp,...

Dowamy »

229 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Toyota GR Yaris 2024 hödürlendi: ýokary güýç, täze awtomat we batyrgaý dizaýn

Toyota 2024-nji model ýylynyň özünden öňküden has kuwwatly we ýeňil bolan täzelenen GR Yaris awtoulagyny hödürledi. Model eýýäm şu tomus Ýewropada satuwa çykarylar.
Toyota GR Yaris 2024 280 at güýjüni berýän 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisi, şeýle-de 6 basgançakly mehanika ýa-da sekiz basgançakly awtomat GAZOO Racing Direct bilen üpjün e...

Dowamy »

214 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Mask eýýäm üstümizdäki ýylda uçýan Tesla Roadster elektrik awtoulagyny hödürlemegi wada berdi

Ilon Mask ýokary göterilýän Tesla Roadster hakda ýene-de bir gezek çykyş edip, awtoulagyň ýerden 1-1,8 metr beýiklikde aýlanmagyna mümkinçilik berjek “raketa” tehnologiýasy bilen üpjün ediljekdigini tassyklady.
Telekeçi ozal 2017-nji ýylda Tesla Roadster-i yglan edip, awtoulagyň goşmaça enjamlaryň kömegi bilen uçup biljekdigini wada beripdi....

Dowamy »

230 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

ABŞ-ly alymlar derman serişdelerini keseliň göni ojagyna eltmegiň täze usulyny oýlap tapdylar

Ýuta uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary ultrases arkaly işjeňleşdirilýän nanodamjalary ulanyp, derman serişdelerini maksatly ýerine eltmegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Bu usul, dermanyň zyýanly täsirlerini azaldyp, işjeň maddany keseliň ojagyna göni eltmäge mümkinçilik berýär.
Amerikaly alymlar tarapyndan işlenip düzülen nanodamjalaryň diamet...

Dowamy »

216 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago

Londonda ssenarisi ChatGPT tarapyndan ýazylan filmiň ilkinji görkezilişi ýatyryldy

Londonyň Prince Charles kinoteatry ssenarisi emeli intellekt ChatGPT 4.0 tarapyndan ýazylan "Iň soňky ssenarist" (“Последний сценарист”) filminiň dünýä premýerasyny ýatyrdy. Bu çözgüt, kinoteatr tomaşaçylarynyň adam däl-de, AI ulanylmagy baradaky teswirleri bilen baglanyşyklydyr diýip, The Guardian habar berýär.
Kinoteatryň işgärleri: "Filmi...

Dowamy »

230 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago