Mitsubishi kompaniýasy Japan Mobility Show 2025 sergisinde üç hatarly täze Elevance konseptual wnedorožnigini görkezdi. Geljekde Pajero Sport modeline täsir edip biljek bu konsept, dört elektrik hereketlendirijisi we kompaniýanyň S-AWC ähli tekerleri hereketli ulgamy bilen işleýän plugin-gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Elevance uglerod-bitrap ýangyçda işleýär. Salonda tekiz pol we aýlanýan oturgyçlar arkaly öý myhman otagyna meňzeş giňişlik döredilýär. Gurallar paneli bir bitewi giň ekran şekilinde ýerine ýetirilen. Akylly kömekçi Co-Driver bolsa sürüjä ýedi sürüş režiminiň (şol sanda Power we Mud) arasyna aňsat geçmäge ýardam edýär. Model glemping (lýuks düşelge) üçin niýetlenen ýatalga, kiçi aşhana we duş bilen enjamlaşdyrylan ýörite tirkeg bilen hödürlenýär. Kuwwatly batareýa bolsa uzak ýerlerden elektrik enjamlaryny işletmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem şol sergide täzelenen Mitsubishi Delica D:5 görkezildi. Täze Delica giňeldilen ganatlary, täzelenen panjarasy we has haýbatly görnüşi bilen “jip” stiline golaýlaşdy. Model dört sürüş režimini (Eco, Normal, Gravel, Snow) hem-de ýola uýgunlaşýan S-AWC ulgamy aldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir