Apple kompaniýasy M4 prosessory we Apple Intelligence bilen täze iMac hödürledi
Apple kompaniýasy M4 prosessory we Apple Intelligence emeli aň ulgamy bilen üpjün edilen täze iMac kompýuterini anons etdi. Retina 4.5K displeýli 24 dýuýmlyk monoblok has inçeldi we ýedi reňkde: ýaşyl, sary, mämişi, gülgüne, benewşe, gök we kümüşsöw reňklerinde täzelenen dizaýna eýe boldy.
Kompaniýa M1 esasly geçenki iMac bilen deňeşdirilend...
Apple M4 çibi we emeli aň funksiýalary bilen täzelenen Mac Mini hödürledi
Apple kompaniýasy M4 çibi we täze Apple Intelligence funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan Mac Mini-niň täze wersiýasyny hödürledi. Her tarapy bary-ýogy 5 dýuým ölçegli ykjam gurluş gaýtadan seredilen dizaýny we innowasion sowadyş ulgamyny görkezýär diýip, Overclockers habar berýär.
Täze Mac Mini-niň ýylylyk arhitektura ulgamy howany tutuş ulga...
Hindistandaky “Foxconn” zawodynda iPhone 17-niň kiçi göwrümli önümçiligi başlandy
Hindistanda iPhone 17-niň adaty görnüşiniň kiçi göwrümli synag önümçiligi başlandy. Bu barada The Information habar berýär.
Apple-iň esasy potratçylaryndan biri bolan “Foxconn” Bangalor şäherindäki zawodda smartfony öndürip başlady. Neşiriň habaryna görä, bu seriýadaky beýleki modeller, mysal üçin iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max henizem H...
Google kompaniýasy "Chrome" brauzeri üçin wirtual kömekçi döredýär: “Jarvis taslamasynyň" jikme-jiklikleri
"Google" kompaniýasy “Jarvis taslamasynyň" bir bölegi hökmünde “Chrome” brauzeri üçin emeli aň esasly wirtual kömekçi döredýär. “Jarvis” ulanyjylara web isleglerini dolandyrmaga kömek etmek üçin ekran suratlaryny we tekst buýruklaryny ulanar diýip, The Verge habar berýär.
"Gemini" nerw ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine esaslanan täze emel...
Ykjam ýadro reaktory döredildi. Onuň kuwwaty maglumat merkezlerine energiýa bermäge ýetýär
Deep Atomic kompaniýasy MK60 modully ýadro reaktoryny işläp taýýarlady. 80 m² meýdany bolan gurluş häzirki zaman maglumat merkezlerini işletmek üçin zerur bolan 60 MWt-a çenli elektrik energiýasyny bermäge ukyply we şonça mukdardaky sowadyş güýji bilen üpjün edýär.
Şeýle ykjam reaktorlar, esasanam, emeli aňy, kriptowalýuta amallaryny we bulu...
Microsoft ummandan uglerody aýyrmak boýunça Ebb Carbon tehnologiýasyna maýa goýýar
Microsoft Ebb Carbon kompaniýasy bilen ummandan kömürturşy gazyny aýyrmak boýunça şertnama baglaşdy. Bu şertnamada geljek on ýylyň dowamynda 350,000 tonna çenli CO2 çykarmak göz öňünde tutulýar diýip, Greekwire habar berýär.
Çakyr we suw arassalaýyş pudaklarynda ulanylýan Ebb Carbon tehnologiýasy, kömürturşy gazyny durnukly bikarbonat ionlar...
Hytaý uçýan awtoulaglary köpçülikleýin öndürýän zawodyň gurluşygyna başlady
Hytaýyň Xpeng awtoulag öndürijisiniň golçur kärhanasy bolan Xpeng Aeroht kompaniýasy uçýan awtoulaglary köpçülikleýin öndürýän zawodyň gurluşygyna başlady. Ýyllyk öndürijilik kuwwaty 10 000 awtoulaga çenli bolar diýip meýilleşdirilýän zawod Guandun welaýatynyň Guançžou şäherinde gurulýar.
Gurluşygy 2026-njy ýyla tamamlamak we yzygiderli önüm...
Xiaominiň SU7 Ultra giperkarynyň prototipi Nýurburgringde rekord goýdy
“Xiaomi” kompaniýasynyň elektrik giperkary bolan SU7 Ultra Nýurburgringde bellenilen ýörite aralygy (trassadan) 6 minut 46,874 sekuntda geçip, rekord goýdy.
Bu prototip “Porsche Taycan Turbo GT” we “Tesla Model S” ýaly awtoulaglardan öňe geçdi. Hatda elektrik awtoulaglaryň arasynda önümçilikde iň oňat rekord eýesi bolan “Rimac Nevera” hem 7...
Apple öz PCC bulut ulgamyny döwüp biljek hakerlere 1 million dollar wada berdi
Apple täze sylaglaýyş programmasyny yglan etdi. Kompaniýa Private Cloud Compute (PCC) bulut ulgamynda howply gowşak ýerleri tapana 1 million dollara çenli pul baýragyny teklip edýär.
Bu bulut hyzmaty, Apple-iň iPhone we Mac ýaly enjamlarynyň wezipeleri ýerine ýetirmäge güýji ýetmedik ýagdaýynda, çylşyrymly emeli aň hasaplamalaryny amala aşyr...
OpenAI GPT-4-den 100 esse güýçli emeli aň flagmany bolan Orion-y çykarmaga taýynlanýar
OpenAI kompaniýasy Orion atly täze emeli aň (AI) modelini çykarmaga taýynlanýar, deslapky maglumatlara görä ol GPT-4-den 100 esse güýçli bolar. The Verge neşiriniň habary bu maglumatlary tassyklaýan birnäçe çeşmä salgylanýar.
Ozalky relizlerden tapawutlylykda, Orion ilki diňe OpenAI bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolan kompaniýalar üçin elýeterl...
Instagram wideo meşhur bolmasa, onuň hilini peseldip başlady
Instagram wideonyň hil derejesini onuň meşhurlygyna baglylykda ulaldyp-kiçeldýän syýasaty durmuşa geçirdi. Bu barada TechCrunch-a salgylanyp, 3dnews.ru habar berýär.
Instagramyň we Threadsyň başlygy Adam Mosseri ýörgünli wideolar üçin ýokary hilli kodlamagy ulanjakdygyny, meşhurlygy az wideolaryň bolsa pes hilde ýaýlyma beriljekdigini habar...
Apple M4 çipli täze Mac-lary tanyşdyryş çäresiz çykarar: satuwlar 28-nji oktýabrda
Apple M4 prosessorlaryna daýanýan täze Mac kompýuterleriniň çykjak senesini mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň marketing bölüminiň ýolbaşçysy Greg Joswia X (Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda paýlaşdy.
Apple resmi prezentasiýa etmän, täze önümleri indiki hepdäniň dowamynda ýuwaş-ýuwaşdan çykarar. Ilkinji satyljak enjamyň M4-li MacBook P...
Ýandeks dil modeli YandexGPT 4-e “pikir ýöretmegi” öwretdi
Ýandeks kuwwatly Pro neýroulgamyny we ýönekeýleşdirilen Lite wersiýany öz içine alýan dil modelleriniň täze nesli YandexGPT 4-üň işe girizilendigini habar berdi diýip, IXBT ýazýar.
Işläp düzüjiler täze modelleriň jogaplaryň hili boýunça öňkülerden öňe geçýändigini we 60 sahypa tekst uzynlygyndaky soraglary işlemäge ukyplydygyny nygtaýarlar.<...
Täze Xiaomi 15 Pro-nyň resmi suratlary görkezildi
Xiaomi kompaniýasy täze flagman Xiaomi 15 Pro-nyň resmi suratlaryny hödürledi. Öndürijiniň Weibo sosial ulgamyndaky sahypasynda smartfonyň “has inçe, has güýçli we has näzikdigi” aýdylýar.
Smartfon täze Snapdragon 8 Elite platformasyndaky ilkinji önümçilik enjamlaryndan biri bolar. Täze enjamyň agramy 213 gram we korpusynyň galyňlygy 8,35 mm...
Tesla sürüjisiz taksi hyzmatyny işe girizdi
Tesla-nyň baş müdiri Ilon Mask kompaniýanyň sürüjisiz taksileri onlaýn sargyt etmek hyzmatyny hödürläp başlandygyny, ýöne häzirki wagtda hyzmaty diňe Tesla-nyň işgärleriniň ulanyp bilýändigini habar berdi. Sürüjisiz taksileriň köpçülikleýin önümçiligi ýene iki ýyldan başlap biler, ýöne Tesla eýýäm täze platformasyny synagdan geçirýär.
“Aýlag...
Hindistan Aýyň günorta polýusyndan toprak nusgalaryny ýygnamagy meýilleşdirýär
Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) täze “Chandrayaan-4” Aý missiýasynyň jikme-jikliklerini ýaýratdy. Bu barada "Spacenews" habar berýär.
Onuň maglumatlaryna görä, bu wezipe Aýyň günorta polýusynyň çäginde Aý topragynyň nusgalaryny ýygnamaga gönükdiriler.
Milanda geçirilen Halkara kosmonawt kongresinde ISRO-nyň metbugat sekretary P. W...
Internetiň tizligini ep-esli ýokarlandyrjak optiki kommutator döredildi
Miçigan uniwersitetiniň (ABŞ) gözlegçileri internet we telekommunikasiýa ulgamlaryny düýpli özgerdip biljek doly optiki kommutator döretdiler. Bu barada Nature Communications žurnalynda gürrüň berildi.
Enjam internet magistrallaryndaky päsgelçilikleri ýok edip, optiki süýümden iberilýän maglumatlary elektrik signallaryna öwürmek meselesini ç...
Huawei Android-e garaşly bolmadyk HarmonyOS Next-i çykardy. Ol 30% kuwwatly
Huawei täze HarmonyOS Next operasion ulgamyny resmi taýdan hödürledi. Ol Android-iň arhitekturasyna düýbünden garaşsyz diýip, Hytaýyň China Daily neşiri ýazýar.
Bu eýýäm HarmonyOS-yň bäşinji wersiýasy. Huawei-iň ýerine ýetiriji direktory Ýuý Çendunyň sözlerine görä, OS Linux ýadrosyny we Android-iň başlangyç koduny ulanmazdan, noldan döredi...
Hytaý ilkinji ýüzýän gün elektrik stansiýasyny synagdan geçirmäge taýýarlanýar
Hytaý ýurduň ilkinji ýüzýän gün elektrik stansiýasyny (bekedini) işe girizmäge taýýarlanýar. "Yellow Sea No. 1" atly fotoelektrik platformasy Şandun ýarym adasynyň günortasyndaky Sary deňizde gurlar diýip, New Atlas ýazýar.
Bir ýyllyk synag möhleti başlamazdan öňinçä, häzir stansiýanyň (bekediň) enjamlaryny gurnamak, düzmek işleri soňky tapg...
Samsung Galaxy Ring Hindistanda 465 dollar baha bilen satuwa çykdy
Samsung Galaxy Ring akylly ýüzügi geçen hepde Hindistanda deslapky sargyt üçin elýeterli boldy, häzir bolsa ol satuwa çykdy. Bu barada IXBT habar berýär.
Akylly ýüzügiň bahasy Hindistanda 465 dollar (ABŞ-da baha 400 dollar) bolup, Titanium Black, Titanium Silver we Titanium Gold reňklerde hem-de 5-den 13-e çenli dokuz ölçegde elýeterlidir. G...