2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar. Şol bir wagtyň özünde, emeli aňyň ulanylyş derejesi sebitler boýunça düýpli tapawutlanýar. Global Demirgazyk ýurtlarynda ilatyň ortaça 24,7%-i, Global Günorta ýurtlarynda bolsa 14,1%-i emeli aňdan peýdalanýar. Bu görkezijilerde goňşy döwletlerden ep-esli öňe geçen Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) we Singapur aýratyn tapawutlanýar. Bilermenler "Microsoft" kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan "Global AI Adoption in 2025" hasabatyna esaslanyp, infografika düzdüler. Barlagyň çäginde 147 ýurtda emeli aňyň ulanylyşyna baha berildi. 1-nji ýer: BAE (64,0%). Generatiw emeli aň gurallaryny ilatyň ýarysyndan gowragy ulanýar. Bu ýokary görkeziji tehnologiýalaryň döwlet hyzmatlaryna ir ornaşdyrylmagy we 2017-nji ýylda kabul edilip, ykdysadyýetiň dokuz pudagyny öz içine alýan EA-ny ösdürmegiň milli strategiýasy bilen baglanyşyklydyr. 2-nji ýer: Singapur (60,9%). Bu ýurt emeli aň ulgamyndaky infrastruktura, ylmy barlaglara we işläp düzmelere öňünden maýa goýupdy. Ýewropa: Bu sebitde 46,4% görkeziji bilen Norwegiýa öňde barýar (dünýäde 3-nji orun). Ondan soňra Irlandiýa (44,6%) we Fransiýa (44,0%) gelýär. ABŞ: Ilatyň 28,3%-i emeli aňy ulanýar, bu bolsa reýtingde 24-nji orna gabat gelýär. Şol bir wagtyň özünde, bu tehnologiýa bolan ynam derejesi deňeşdirilende pesligine galýar. Iň pes görkeziji Kambojada hasaba alyndy — 5,1%. Bu ýerde maýa goýumlaryň çäkliligi we infrastrukturanyň gowşaklygy emeli aňyň ösüşini bökdeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir