Samsung kompaniýasy Galaxy S21 seriýasy üçin 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndaky howpsuzlyk täzelenmesini ýaýratmaga başlady. Bu täzelenme, öň yglan edilen goldawyň çäginde Galaxy S21, Galaxy S21+ we Galaxy S21 Ultra modelleri üçin iň soňky resmi täzelenme bolmagy mümkin. Galaxy S21 seriýasy 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda tanyşdyrylypdy. Şonda kompaniýa operasion ulgamynyň üç sany iri täzelenmesini we bäş ýyllyk howpsuzlyk täzelenmelerini wada beripdi. Howpsuzlyk goldawynyň möhleti 2026-njy ýylyň ýanwarynda dolýar, şonuň üçin häzirki çykarylan patç bu borçnamalaryň resmi taýdan tamamlanýandygyny aňladýar. Täzelenme Android-iň ýanwar aýyndaky howpsuzlyk patçyny öz içine alýar we operasion ulgamynyň özüne, şeýle-de "One UI" interfeýsine degişli 55 sany gowşaklygy düzedýär. Dürli derejedäki meseleler aradan aýrylýar, olaryň käbiri "örän howply" diýlip hasaplanýar. Häzirki wagtda G99xNKSSCHZA5 belgili täzelenme Günorta Koreýada ýaýradylýar. Ýakyn günlerde onuň beýleki sebitlerde hem elýeterli bolmagyna garaşylýar. Bu patç çykarylandan soň, "Galaxy S21" seriýaly smartfonlar meýilleşdirilen goldaw maksatnamasyndan çykarylan hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, eger ulgamda çynlakaý howp ýüze çykarylsa, "Samsung" meýilleşdirilmedik täzelenmeleri çykarmak hukugyny özünde saklaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir