Patek Philippe soñky 25 ýylda ilkinji gezek täze sagat kolleksiýasyny hödürledi

Şweýsariýanyň sagat öndüriji kompaniýasy Patek Philippe bazara Cubitus ady bilen täze sagat hataryny çykardy. Bu kompaniýanyň 1999-njy ýyldan bäri ilkinji täze kolleksiýasy diýip, CNBC kanaly habar berýär.
Kolleksiýa üç modelden ybarat: ikisi – polat korpusly we biri – platinaly. Öndürijiniň bellemegine görä, kolleksiýa “aňrybaş sport stilin...

Dowamy »

141 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Ýewropada ýeňil awtomobilleriň satuwy soňky iki ýylda ilkinji gezek yzygiderli pese gaçdy

Ýewropa ýurtlarynda täze awtomobilleriň hasaba alynmagy sentýabr aýynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,2% pese gaçyp, 1,12 mln birlik boldy. Bu barada Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyna salgylanyp, Bloomberg habar berýär.
Soňky gezek hasaba almalaryň sany 2022-nji ýylyň ortasynda yzygider birnäçe aý pese gaçdy. Ýewropa Aziýadan we...

Dowamy »

136 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Siziň 2024-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana amala aşyran saparyňyzy buýsanç duýgusy bilen ýatlaýaryn. Bu saparyň dowamynda biz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler...

Dowamy »

143 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Zaha Hadid býurosy Daşkentde milli äheňleri we futurizmi özünde jemlejek özboluşly ylmy merkez gurar

Asly yrakly meşhur iňlis arhitektory Zaha Hadidiň binagärlik býurosy Özbegistanyň paýtagtynda guruljak Halkara ylmy-barlag merkezi üçin taslama hödürledi. Merkez Täze Daşkent etrabynda ýerleşip, şäheriň ösüş meýilnamasynyň bir bölegine öwrüler diýip, ArchDaily neşiri ýazýar.
Binanyň meýdany 23 000 inedördül metr bolar we binanyň özi Alyşir N...

Dowamy »

128 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Alymlar tasman möjeginiň genomyny kesgitlediler we indi ony janlandyrmak isleýärler

Colossal Biosciences biotehnologiýa kompaniýasynyň alymlary tasman möjeginiň has doly genomyny kesgitlemegi başardylar, olar şeýle hem tilasin (Tylacinus cynocephalus) diýlip hem tanalýar. Indi hünärmenler ýok bolup giden bu görnüşi “dikeltmek” isleýärler. Bu barada Melburn uniwersitetiniň (Awstraliýa) genetika we ösüş biologiýasy boýunça professor...

Dowamy »

142 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Meksikada çagalaryň semizligine garşy göreşmek üçin mekdeplerde sagdyn däl iýmitleriň satuwy gadagan ediler

Meksikanyň hökümeti çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda barha artýan semizlik meselesine garşy göreşmek üçin bilim edaralarynda sagdyn däl iýmitleriň hem-de şekerli içgileriň satylmagyny düýbünden gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň bilim ministri Mario Delgadonyň beren beýanyna salgylanýan TASS habar berýär.
Bu gadaganlyk 2025-...

Dowamy »

133 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Alymlar atmosfera göwher tozuny sepip, Ýeri sowatmagy teklip edýärler

Şweýsariýadaky Sýurihiň Ýokary tehniki mekdebiniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary göwher tozy bilen Ýeri sowatmagyň usulyny teklip etdi. Geophysical Research Letters žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, göwher tozuny atmosfera sepmeklik Gün radiasiýasyny yzyna serpikdirmegiň täsirli serişdesi bolup biler.
...

Dowamy »

133 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara forumynyň birinji gününiň netijeleri

23-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Şu gezekki çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzma...

Dowamy »

167 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Ýakyn 24 sagadyň içinde howply asteroidleriň dördüsi Ýeriň golaýyndan uçup geçer

Şu gün - 24-nji oktýabr, penşenbe güni 30-dan 177 metre çenli ululykdaky dört sany howply kosmos daş bölekleri Ýere ýakynlaşar. Bu barada NASA "Jet Propulsion Laboratory" web sahypasyndaky asteroidlere gözegçilik paneli habar berdi diýip, news.rambler.ru ýazýar.
Ilkinji asteroid obýektleriň iň kiçisi bolar. Ol diametri 30 metr bolan 2015 HM1...

Dowamy »

136 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Türkiýäniň parlamentarileri bilen duşuşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň wekiliýeti Türkmen-Türk parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin 20-25-nji oktýabr aralygynda Türkiýä iş saparyny amala aşyrýar. Bu barada TmCars-a Türkmenistanyň Ankaradaky diplomatik ilçihanasynda habar berdiler.
21-nji oktýabrda Türkmenistan Mejlisiniň wekiliýeti Türkiýe Respublikasy...

Dowamy »

134 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Türkmenistan Halkara derman serişdelerine gözegçilik guramasynyň maslahatyna gatnaşdy

14–18-nji oktýabrda Nýu-Delide (Hindistan) Halkara derman serişdelerine gözegçilik guramasynyň (ICDRA) 19-njy maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri hem gatnaşdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Bu çäre Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň...

Dowamy »

144 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Dört günlük iş hepdesi netijeli bolup çykdy: köpçülikleýin synaglaryň netijeleri

Germaniýada dört günlük iş hepdesini ornaşdyrmak taslamasynyň synaglary geçirilip, ol işgärler we iş berijiler üçin oňyn netijeleri görkezdi. Bu barada naukatv.ru habar berýär.
Synag Mýunster uniwersiteti, “Intraprenör” konsalting kompaniýasy we “4 Day Week Global” guramasy bilen bilelikde guraldy. Kompaniýalar işgärlerine hepdede bir kesgit...

Dowamy »

119 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

"Daewoo E&C" Türkmenabatda dökün öndürýän zawod gurar

Günorta Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction» gurluşyk kompaniýasy Türkmenabatda mineral dökün öndürýän zawod gurar. Kompaniýa munuň üçin degişli tender-bäsleşiginde ýeňdi.
Kärhana ýylda 350 müň tonna fosfat dökünini we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürip biler diýip, «The Korea Herald» neşiri ýazýar.
Bu taslama «Daewoo En...

Dowamy »

114 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Ronaldunyň muşdagy futbolçy bilen duşuşmak üçin welosipedde 13 000 km geçdi

Dünýäniň iň meşhur türgenleriniň biri bolan Kriştianu Ronaldunyň bütin dünýäde muşdaklary bar we olaryň käbiri öz söýgüli futbolçysy bilen duşuşmak üçin täsin hereketleri bilen haýran galdyrýar.
Ýakynda Hytaýdan Ronaldunyň şeýle muşdaklarynyň biri portugaliýaly oýunçy bilen duşuşmak üçin welosipedde 13 000 km geçdi. Janköýer ýoluna 6 aý 20 g...

Dowamy »

123 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Aşgabatda 70-nji belgidäki “Awtokombinat – Gurtly” awtobus ugry täze ugur boýunça hereket eder

25-nji oktýabrdan başlap 70-nji “Awtokombinat – Gurtly” awtobus ugry täze ugur boýunça hereket eder diýip, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy https://ayauk.gov.tm/ru/item/2406https://ayauk.gov.tm/ru/item/2406 berýär.
Üýtgeşmä laýyklykda, bu ugurdaky awtobuslar “Awtokombinat” bellige alyş nokadyndan çykyp A.Nyýazow şaýoly – Gündogar köçe...

Dowamy »

134 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Turkmen Exporter: Türkmen telekeçilerine dünýä bazaryna girmek üçin innowasion B2B platformasy

Elýeterli bahalarda ýokary hilli önümlere bolan islegiň artmagy bilen halkara alyjylar ygtybarly we bäsdeşlik çözgüdini hödürläp biljek ýurtlara barha köp ýüzlenýärler. Turkmen Exporter, amatly we ygtybarly B2B interfeýsi arkaly halkara alyjylar bilen gatnaşygyny ýeňilleşdirýän, dünýä arenasynda türkmen öndürijilerine wekilçilik edýän täze platform...

Dowamy »

132 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Boeing çökgünligi togtatmak üçin uçar önümçiligini azaldar

Boeing kompaniýasynyň täze baş müdiri Kelli Ortberg uçar önümçiligini azaltmagyň hasabyna kompaniýadaky çökgünligi togtatmak kararyna geldi diýip, The Wall Street Journal ýazýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Boeing ikinji derejeli ýa-da netijesiz aktiwlerini satmak mümkinçiligini-de öwrenýär. Boeing-iň Wirjiniýadaky ştab-kwartirasynda geçiri...

Dowamy »

139 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Aşgabatda 70-nji belgidäki “Awtokombinat – Gurtly” awtobus ugry täze ugur boýunça hereket eder

25-nji oktýabrdan başlap 70-nji “Awtokombinat – Gurtly” awtobus ugry täze ugur boýunça hereket eder diýip, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy https://ayauk.gov.tm/ru/item/2406https://ayauk.gov.tm/ru/item/2406 berýär.
Üýtgeşmä laýyklykda, bu ugurdaky awtobuslar “Awtokombinat” bellige alyş nokadyndan çykyp A.Nyýazow şaýoly – Gündogar köçe...

Dowamy »

132 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Türkiýede IV asyra degişli Rim galasy tapyldy, arheologlar onuň gorag ähmiýetini açdylar

Türkiýedäki arheologlar Rim imperiýasynyň gündogar serhedini goramak üçin IV asyrda gurlan Rim galasyny tapdylar diýip, “WokrugSweta” neşiri habar berýär.
Hasankeyfde tapylan desga imperator Konstantiý II-niň dolandyran döwrüne degişlidir. Ol Persiýa bilen serhede gözegçilik etmek üçin hyzmat edipdir we strategiki taýdan möhüm ýerlerde gurla...

Dowamy »

135 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago

Tim Kuk: Apple dünýäde iň gowy emeli aň ulgamyny döreder

Apple-iň baş direktory Tim Kuk kompaniýanyň IT bazaryndaky iň gowy emeli aň (AI) ulgamyny döretjekdigini mälim etdi.
Ol muny "The Wall Street Journal" (WSJ) gazetine beren interwýusynda aýtdy diýip, lenta.ru ýazýar.
Kukuň sözlerine görä, “Apple” gadjetler üçin AI funksiýalaryny döreden ilkinji kompaniýa däldi. "Ýöne biziň pikirimizçe,...

Dowamy »

136 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago