Ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň tertibi

2022-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan Aşgabat halkara howa menziline amala aşyrylýan ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň tertibi çap edildi. Ol “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “turkmenistanairlines.tm” saýtynda ýerleşdirilipdir.

Biz hem Size 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Aşgabat halkara howa menziline amala aşyrýan ýerli ýolagçy howa gat...

Dowamy »

929 6
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde täze ýolbaşçylar bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň käbirinde guramaçylyk meselelerine garady. Bu barada milli Liderimiz degişli Permandyr kararlara gol çekdi.

Şol resminamalar laýyklykda:

Abdymuhammet Begmyradowiç Aramow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Köpet...

Dowamy »

827 0
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

Koronawirusa garşy tabletkalar tassyklandy

ABŞ-nyň Azyk harytlary we derman serişdeleriniň hiline sanitar gözegçiligini amala aşyrýan gullugy (FDA) “Merck” derman öndürýän kompaniýasynyň koronawirus ýokanjyna garşy işläp düzen “Molnupiravir” tabletka görnüşindäki derman serişdesini adatdan daşary ýagdaýlar üçin ulanmaga rugsat berdi. FDA bu rugsatnamasy bilen “Pfizer” kompaniýasynyň “Paxlov...

Dowamy »

760 0
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

Ýalaňaç uklamak

Has sagdyn bolmak üçin ýalaňaç ýatmak kellä gelmeýän bolup biler, emma beýle etmegiň peýdalary az däl. Bularyň käbirlerini öň eşiden bolmagyňyz mümkin, käbirleri bolsa sizi geň galdyryp biler.

1. Tiz uka gitmek
Sowamak bedeniňize ýatmaly wagtyň bolandygyny habar berýär, şonuň üçin eşikleriňi çykaryp bedeniň temperaturasyny aşa...

Dowamy »

1216 4
Täzelikler, Mister X tarapyndan 3 years ago

«Aşgabat-siti» üçin Halkara bäsleşik

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň ýerleşjek ýeriniň inžener-geologik gözleg işlerini toplumlaýyn geçirmek üçin bu ugurda baý tejribesi bolan ýöriteleşdirilen kompaniýany işe çekmek üçin HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Gyzyklanma bi...

Dowamy »

815 0
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

Spreý koronawirusdan gorap biler

Awstraliýaly alymlar burna spreý pürkmek arkaly gany suýaldyp, bedeniň koronawirusa garşy göreşijiligini artdyrmagyň üstünde iş alyp barýarlar. Spreýiň düzüminde «Heparin» atly arzan derman serişdesi bar.

Örtük dakynmazdan öň

Alymlaryň pikirine görä, şeýle usul keselden goranmagyň ilkinji serişdeleriniň biri bolup bile...

Dowamy »

772 0
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

Türkmenistan «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba alan ilkinji döwletleriň biri

Öň hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba aldy we onuň ulanylmagy üçin degişli şahadatnamany berdi.

Şeýlelik bilen, Türkmenistan «Sputnik V», «EpiWakKorona» we «Sputnik Laýt» ýaly rus sanjymlarynyň öz çäginde ulanylmagyny makullan döwletleriň ilkinjilerini...

Dowamy »

752 0
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

Bazarlarda käbir harytlaryň bahasy 50 göterim arzanladylar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran sapary we şol saparlaryň çäklerinde ýerlerde bazarlarda...

Dowamy »

736 1
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

Täze ýylda awtobuslar mugt bolar

Şu gün Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçiren hormatly Prezidentimiz 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyzyň şäher awtobuslaryndan mugt gatnadylmagyny guramak babatda deigşli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz halkymyzyň Täze ýyl baýramçyl...

Dowamy »

624 0
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi daşary ýurtda wekilhana açar

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň daşary ýurtlarda wekilhanalaryny açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Milli Lid...

Dowamy »

608 0
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

“Rönesans” kompaniýasy Türkmenistanda täze taslamany durmuşa geçirer

Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” kompaniýasy Türkmenistanda täze gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirer. Bu barada milli Liderimiz degişli Karara gol çekdi.

Şol resminama laýyklykda, Goranmak ministrligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Berdimuhamet Annaýew adynda...

Dowamy »

659 0
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

“Balkanhimsenagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň o...

Dowamy »

597 0
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

Ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Täze ýyl baýramy hem-de 2022-nji ýylda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly maslahatlary, «tegelek stol» maslahatlaryny, döredijilik duşuşyklaryny we sergileri, onl...

Dowamy »

621 0
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

«Aşgabat-siti»: maslahat beriji kompaniýalary üçin halkara bäsleşik

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynda sanlylaşdyrmagyň ýokary tehnologiýaly ulgamyny ornaşdyrmak üçin bu ugurda baý tejribesi bolan maslahat beriji kompaniýalary işe çekmek üçin HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Gyzyklanma b...

Dowamy »

600 0
Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 3 years ago

"Sahawatly söwda" - harytlarda 50%-e çenli arzanladyş

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şu günler Diýarymyzyň ähli künjegi barha ýakynlaşýan Täze ýylyň şatlyk-şowhunly dabaralaryna beslenýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli, 2021-nji ýylyň 25-nji dekabryndan geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli halkymyzyň dürli harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, harytlary arzanladyla...

Dowamy »

843 1
Täzelikler, Mister X tarapyndan 3 years ago

🙂Ateistler hem ynanýar🙃

Hemmelere salam. Şu wagt oturyp ýene-de bir meselä aýanlyk bereýin diýjek boldum. Belki bu biziň birek birege bolan gaýraýşymyzy has hem güýçlendirer we düşünşmämiz aňsatlaşar. Elbetde gep ýene-de din hakynda bolar, emma bu gün biz diniň bize berýän täsirine radikal seretjek bolarys.

Ýöne ilki bir zady göz öňüňize getiriň, diýeliň s...

Dowamy »

1101 8
Täzelikler, TrustORG tarapyndan 3 years ago

Ejemi ýa-da Mommy?

"Eje" iň bir gudratly we keremli sözleriň biridir. Muňa delil edip "Jennet - enelermiziň dabanynyň astyndadyr" ýa-da "Atasyz - ýetim, enesiz -ýesir" diýlen atalar sözlerimizi hem mysal bermek bolar. Edil şolar ýaly bul söz dürli dillerde dürliçe aýdylýar, aşakda mysal getirjek sanaw edip:

Türkmençe - eje
Özbekçe - o'yi
...

Dowamy »

995 9
Täzelikler, TrustORG tarapyndan 3 years ago

Wanga hakynda hakykat))

Dolulygyna bir gün wagt tapsam ýazmagym ahmal, ýöne esasy bilmeli bir zadyňyzy aýdaýyn, galanynam çala gymyldasaňyz, özüňiz derňäp anygyna ýetip bilýäňiz.

Garaz hemmämize Wanga tupanda ýitirim boldy we ķör bolup gelejegi görmek ukybyna eýe boldy diýip aýdylýar. (Wersiýalar dürli dürli ýöne hemmesem meňzeşiräk, ýagny tupanda ýitdi, ha...

Dowamy »

1214 10
Täzelikler, TrustORG tarapyndan 3 years ago

****

Salam oglanlar-gyzlar, agalar-iniler, jigiler-uýalar. Gowymy ýagdaýlaryňyz,gezip ýörsüňizmi sag aman?!
Bu temany açmagymdan maksat siz bilen hoşlaşmak. Hoş sag boluň,sag-salamat geziň,işiňizde-okuwyňyzda üstünlik hemmäňize! Meň üçinä gyzykly geçdi, Kop agzalar bilen tanyşdym. Düşünjesi güýçli oglanlarmyz gyzlarmyz bar,gaty begendim şoňa. Men...

Dowamy »

984 14
Täzelikler, Гость tarapyndan 3 years ago

.......

Biz teatr sahnadan spektala tomaşa edip otyrys.Sahnadaky bar zatlar ýasama we galp.Hakyky wakalar sahnanyň arkasynda bolup geçýär."Hakyky wakalar, ýasama wakalaryň hezini gaçyrýar"-diýip,ikisiniň arasyny perde bilen bölüp goýupdyrlar.

Dowamy »

905 3
Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago