UEFA-nyň Milletler ligasynyň jemleýji ýaryşy Niderlandlarda geçer
Milletler ligasynyň jemleýji oýunlary Niderlandlarda geçer. Bu barada UEFA-nyň resmi saýty habar berýär. Mini-turnire A Liganyň ýeňiji toparlary gatnaşar.
"UEFA-nyň Milletler ligasynyň final oýunlaryny kabul etmek hormaty ilkinji gezek Niderlandlaryň paýyna düşdi diýip, UEFA-nyň ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.
Rotterdam we Ens...
Financial Times 2022-nji ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny çykardy
«Nesliň sesi» adyny alan amerikaly aýdymçy Billi Aýliş, britan şazadasy Garriniň ýanýoldaşy gersoginiýa Sassekskly Megan Markl, şeýle hem sport karýerasyny tamamlan tennisçi Serena Uilýams penşenbe güni Financial Times gazetinde çap edilen ýylyň 25 sany abraýly zenanlarynyň sanawyna düşdüler.
Reýtinge hatda ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň kazysy,...
Türkmenistanyň biržasynda bir hepdede 21 mln 250 müň dollarlyk geleşik baglaşyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 21 million 250 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de dizel ýangyjy,...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, gowaça meýdanlarynda bar bolan...
Arnold Şwarseneggeriň «Terminatordaky" motosikli auksionda satylýar
Amerikan filmlerinde ulanylan 400-den gowrak rekwizit zatlar Nýu-Ýorkdaky Heritage Auctions auksionynda goýuldy. Bu barada anna güni söwda öýüniň metbugat gullugy habar berdi.
Heritage Auctions-yň wise-prezidenti Jo Maddaleniň sözlerine görä, "agzalan auksion - taryhy filmleriň çagalykda bizi begendiren we häzirki zaman filmleriniň öňe gitmä...
Dünýädäki iň garry pişik Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Britaniýadan Flossi atly pişik dünýäde häzirki wagtda ýaşaýan iň garry pişik diýlip ykrar edildi. Häzir onuň ýaşy 26 ýyl we 316 gün. Bu barada moya-planeta.ru habar berýär.
Flossi 1995-nji ýylda Mersisaýdda doguldy. Ilkibaşda onuň öýi hem ýokdy we ol ýerli hassahananyň golaýyndaky pişikleriň “koloniýasynda” ýaşaýardy. Flossini köçeden bir iş...
Britaniýaly lukman we paralimpiýaçy Jon Makfoll maýyplygy bolan ilkinji astronawt bolar
Ýewropanyň kosmos agentligi (EKA) 17 sany täze astronawtyň adyny mälim etdi, olaryň arasynda britaniýaly lukman we paralimpiýaçy Jon Makfoll hem bar. EKA-nyň 41 ýaşly täze astronawty taryhda maýyplygy bolan ilkinji astronawt bolar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär diýip, forbes.kz belleýär.
Jon Makfoll 19 ýaşynda motosikl heläkçiligi...
HBS: Samsung Galaxy S23 hemra aragatnaşygyna eýe bolar
Samsung-yň Galaxy S23 flagman seriýasynyň smartfonlary hemra aragatnaşygyna birikmek funksiýasyna eýe bolar. Bu barada Etnews koreý neşiri habar berdi. iPhone 14-den tapawutlylykda, Galaxy S23-däki hemra aragatnaşygy maglumatlary diňe bir gyssagly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik bermän, "tekstli habarlary we şekilleri ýüzlerçe Kbit/s tizlikde" geçi...
Dünýä çempionaty — 2022-niň 8-nji oýun gününiň netijeleri
Dünýä çempionaty — 2022-niň 8-nji oýun güni tamamlandy. 27-nji noýabrda Katarda toparlaýyn tapgyryň 2-nji tapgyrynyň 4 sany duşuşygy geçirildi.
E topar
Er-Raýan, «Ahmed bin Ali» stadiony
Ýaponiýa – Kosta-Rika 0:1 (0:0)
Gol: 0:1 – Fuller (81).
El-Haur, «Al-Baýt» stadiony
Ispaniýa – Germaniýa 1:1 (0:0)
...
Ahal welaýatynyň Tejen şäher häkimligi ýatyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Tejen şäher häkimligini ýatyrmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karard...
Balkan welaýatynyň Serdar etrap häkimliginiň ady üýtgedildi, käbir häkimlikleri ýatyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrap häkimliginiň adyny üýtgedip, ony Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap häkimligi diýip atlandyrmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Şeýle hem resminama laýyklykda,...
Daşoguz welaýatynyň birnäçe häkimlikleri ýatyrylyp, Şabat etrap häkimligi döredildi
Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň adyny üýtgedip, ony Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap häkimligi diýip atlandyrmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Daşoguz welaýatynyň...
Lebap welaýatynyň Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, welaýatyň Farap we Döwletli etrap häkimliklerini ýatyrmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çyký...
Mary welaýatynyň Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, welaýatyň Serhetabat we Oguzhan etrap häkimliklerini ýatyryldy hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip...
Amazon film önümçiligine ýylda 1 mlrd dollardan gowrak serişde sarp etmegi meýilleşdirýär
Amazon.com Inc. film önümçiligine ýylda 1 mlrd dollardan gowrak serişde sarp etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.
Kompaniýa bu filmleri akym hyzmatlarynda çykarman, adaty premýeralary geçirip, olary kinoteatrlarda prokata goýbermekçi bolýar. Amazon bu pullara ýylda 12 – 15 film surata d...
Nikkei: Ýaponiýanyň banky 2023-nji ýylda sanly iýeni iş ýüzünde synagdan geçirip başlar
Ýaponiýanyň banky (merkezi bank) 2023-nji ýylyň ýazynda üç sany iri milli bank bilen hyzmatdaşlykda sanly iýeni synagdan geçirmegiň soňky amaly tapgyryna başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada penşenbe güni Nikkei gazeti ýazdy diýip, TASS habar berýär.
Onuň maglumatlaryna görä, ýapon milli sanly walýutasyny synag etmegiň iki ýyllyk maksatnamas...
GTA 6-nyň çykjak ýyly belli boldy
Microsoft-a ygtyýar berlen, Activision-Blizzard-y satyn almak boýunça geleşigiň Beýik Britaniýada dowam edýän derňewiniň çäklerinde GTA-nyň 2024-nji ýylda çykjakdygy aýdylýar. Bu barada Gamesradar habar berýär.
Microsoft kompaniýasy tarapyndan Activision-Blizzard-yň satyn alynmagy Call of Duty-niň işläp taýýarlaýjylarynyň maksatly platform...
Binance kriptowalýuta bazaryny dikeltmek üçin gazna döretdi
Dünýädäki iň uly kriptowalýuta biržasynyň operatory Binance Holdings Ltd. ýylyň başyndan bäri 1,4 trln dollar töweregi ýitiren kriptowalýuta bazaryny dikeltmegi maksat edinýän gaznany döretdi. Industry Recovery Initiative (IRI) adyny alan gazna maýadarlar üçin açyk bolup, 6 aý töweregi hereket eder. Şol bir wagtyň özünde Binance munuň maýa goýum ga...
Jonni Depp «Karib deňziniň garakçylary» seriýasynyň täze filminde surata düşer
Amerikaly aktýor Jonni Depp kapitan Jek Serçäniň başdan geçirmeleri barada “Karib deňziniň garakçylary” seriýasynyň soňky filminiň çykanyndan bäş ýyl geçenden soň, onuň altynjy filminde surata düşer. “The Sun” gazetiniň habar bermegine görä, Deppiň ady filmiň surata düşürilişine gatnaşmak üçin çagyrylýan artistleriň we tehniki işgärleriň sanawynda...
Mask bilen Obama Katardaky dünýä çempionatynyň myhmanlary bolmagy mümkin
Katardaky dünýä çempionatynyň guramaçylary futbol turniriniň myhmanlary hökmünde Ilon Masky we Barak Obamany garşylamaga taýýarlyk görýärler. Bu barada TASS agentligine gizlinligi saklamak şerti bilen, penşenbe güni Dohanyň myhmanhanalarynyň biriniň işgärleri gürrüň berdiler.
"Myhmanhanamyzda Maskyň, Obamanyň we beýleki hormatly myhmanlaryň...