Gazagystan Geljegiň oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görüp başlady
Gazagystan Geljegiň oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görüp başlady. Ýurt ilkinji ýaryşlaryň geçirilen ýeri bolan Tatarystanyň kömegine bil baglaýar diýip, Gazagystanyň parlamentiniň Mažilisiniň (aşaky palatasynyň) başlygy Ýerlan Koşanow Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň başlygy Farid Muhametşin bilen duşuşygynda aýtdy.
«Biziň Prezidentimiz Geljegi...
Türkiýede emeli aň narlaryň we almalaryň ýetişişine gözegçilik eder
Türkiýede emeli aň arkaly miweli agaçlara gözegçilik etmek üçin programma üpjünçiliginiň döredilendigi barada Anadolu habarlar agentligi habar berýär. Enjamlar nar we alma baglarynda miweleriň ýetişiş derejesini takyk kesgitlärler.
Taslama Siirt we Bartyn uniwersitetleriniň alymlarynyň goldaw bermegi bilen döredildi. Programma üpjünçiligi il...
Braziliýadaky alymlar laboratoriýa şertlerinde ýetişdirilen GMO çybynlary arkaly denge ysytmasyna garşy göreşýärler
Braziliýa denge ysytmasynyň rekord derejede ýaýramagy bilen göreşýär. 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda milliondan gowrak ýokuşmanyň hasaba alnandygy habar berildi, bu 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 226% köpelendigini aňladýar. Käbir şäherlerde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.
“Hi-Tech” portalynyň habaryna görä, bu ýag...
Alymlar köp gatly janly 3D derini açyk ýaranyň göni özüne çap etdiler
Pensilwaniýa döwlet uniwersitetiniň alymlary derisine uly zeper ýeten alakalaryň deri gatlagyny dikeltmek üçin 3D printerde tüýlek follikully köp gatlakly janly derini çap etdiler diýip, uniwersitetiň web sahypasyna salgylanýan Science Direct neşiri ýazýar.
Alymlar syçanlar bilen geçirilen operasiýa wagtynda olaryň kellesinde deriniň ýetmeýä...
Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýaty” ikinji we üçünji möwsümlere uzaltdy
Netflix akym hyzmaty “Awatar: Aang hakynda rowaýat” serialyny iki goşmaça möwsüme resmi taýdan uzaltdy. Olar serial üçin soňky möwsümler bolar. Bu barada film.ru habar berýär.
Taslama strimingde 22-nji fewralda ilkinji gezek görkezildi we oňa 41 milliondan hem köp gezek tomaşa edildi. “Aang hakynda rowaýat” Nickelodeon-yň adybir serialyna es...
Arheologlar neandertallar tarapyndan taýýarlanan 40 müň ýyl ozalky çylşyrymly ýelimi tapdylar
Neandertallar ýelim döretmegiň çylşyrymly tehnologiýalaryny ele alyp bilipdirler. ABŞ-dan we Germaniýadan Halkara arheologlar topary 40-120 müň ýyl ozal ýaşap geçen neandertallaryň daş gurallaryny döretmek üçin iki komponentli ýelim ulanandygyny anykladylar. Bu açyşa Science Advances (SciAdv) ylmy žurnalynda neşir edilen gözleg bagyşlandy.
A...
2024-nji ýylyň fewraly howa gözegçilikleriň taryhynda iň yssy aý boldy
2024-nji ýylyň fewral aýy howa gözegçilikleriň taryhynda resmi taýdan iň yssy aý diýip hasaba alyndy. Daily Mail-iň habar bermegine görä, bu aýda ýerüsti howanyň ortaça temperaturasy 13,54° C bolup, 2016-njy ýyldakydan 0,12° C-den ýokarydyr.
2023-nji ýyl iň yssy ýyl boldy, ýöne 2024-nji ýylda temperatura rekordlaryny dowam etdirer diýlip çak...
2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan aktýorlary belli boldy
“Forbes” žurnaly 2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan aktýorlarynyň onlugyny hödürledi. Sanawda birinji orny geçen ýylda, takmynan, 73 mln dollar gazanan Adam Sendler eýeledi diýip, championat.com belleýär. Ikinji orunda 59 mln dollar bilen Margo Robbi ýerleşdi. Üçlügi 45 mln dollar bilen Tom Kruz jemledi.
2023-nji ýylda iň köp hak alan akt...
"Türkmenhowaýollary" Milana ilkinji gatnawyny amala aşyrdy
6-njy martda Milandaky Malpensa howa menziline Aşgabatdan ilkinji howa gatnawy gondy. "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň B737-800 howa gämisi Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky ilkinji howa gatnawy boldy.
Ilkinji gatnawyň amala aşyrylmagy mynasybetli guralan dabara ýerli resmi adamlar, Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow we...
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsümiň VII saýlama oýny geçirildi
6-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň VII saýlama oýny geçirildi. «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar astynda geçirilýän III möwsümiň VII saýlama oýnunyň t...
Aşgabatda «Soltan Sanjar» atly taryhy dramanyň ilkinji görkezilişi boldy
Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda «Soltan Sanjar» atly taryhy dramanyň ilkinji görkezilişi boldy. Spektakly Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary taýýarladylar.
Taryhy drama Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň edebi esasynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professory, Türkmenistanyň at gazana...
Türkmenistan «ITB Berlin 2024» sergisinde syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezdi
2024-nji ýylyň 5 – 7-nji martynda Germaniýada geçirilen «ITB Berlin 2024» atly halkara syýahatçylyk sergisine Türkmenistan hem gatnaşdy. Bu abraýly sergide milli syýahatçylyk operatory hökmünde «Aýan» kompaniýasy ýurda wekilçilik etdi.
«ITB Berlin» – dünýädäki iň iri syýahatçylyk sergisi bolup, oňa gatnaşmak üçin her ýyl 180 ýurtdan we sebit...
8-nji mart agşamy görmek üçin iň gowy filmler maslahat berildi
«Syzgyrlyk», «Gaçan gelinlik» we «Arwah» filmleri 8-nji mart agşamy görmek üçin iň gowy filmlerdir, sebäbi olar her bir gyzyň göwnünden turup biler diýip, «News.ru» saýtyna russiýaly kino tankytçysy Dawi Şneýderow gürrüň berdi.
Ol şeýle hem «Titanik» we birnäçe rus filmlerine tomaşa etmegi maslahat berdi. Emma Juliýa Roberts bilen Riçard Gir...
Alymlar elektron galyndylaryndan altyn almagyň usulyny oýlap tapdylar
Şweýsariýada Sýurihiň Ýokary tehniki mekdebiniň (ETH Zurich) alymlary peýnir önümçiliginden goşmaça alynýan önüm bolan kesilen süýdi ulanyp, elektron galyndylaryndan altyn çykarmagyň adaty bolmadyk usulyny oýlap tapdylar diýip onlinelibrary.wiley.com ýazýar.
Elektron platalaryň metal bölekleri kislota hammamynda eräp, metallary ionlara bölýä...
Türkmenistan ýurduň ösüşine uly goşant goşan uzak ýaşly aýallary hormatlaýar
Türkmenistanda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurduň ösüşine uly goşant goşan aýal-gyzlar hormatlanýar. Uzak ýaşly aýallara aýratyn üns berilýär. Şeýle pähim-paýhasly aýallara “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde ýörite materiallar bagyşlanýar.
Hojambaz etrabynyň Boroşly obasynda 97 ýaşly Akjagül Durdyýewa ýaşaýar. Ol...
Fransiýada Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşjak tomaşaçylaryň sany azaldyldy
Fransiýada Prezident Emmanuel Makronyň tabşyrygy bilen Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşjak tomaşaçylaryň sany azaldyldy. Bu barada “Politico” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär.
Neşiriň çeşmesiniň maglumatlaryna görä, bu çözgüt märekä gözegçilik etmek we howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglany...
"Dýunanyň" režissýory sanalgysy dolup barýan adamyň arzuwyny hasyl etdi
Režissýor Deni Wilnýow hospisde sanalgysy dolup barýan hassanyň arzuwyny amala aşyrdy diýip, The Washington Post neşiri habar berýär.
2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Kwebekdäki hassahananyň düýbüni tutujy Žoze Ganýon hassalaryň biriniň arzuwyny amala aşyrmagyny haýyş edip režissýor Deni Wilnýowa ýüz tutdy. “Dýuna”-nyň uly muşdagy, ömrün...
Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň NUMA GmbH kompaniýasy bilen onlaýn duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk bölüminiň, “Bagtyýar dostlar” syýahatçylyk kompaniýasynyň we Germaniýanyň “NUMA GmbH” syýahatçylyk kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideo maslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.
2016-njy ýylda esaslandyrylan NUMA GmbH Germaniýanyň...
Balkanabatdan “Meňli” topary “Iň gowy gyzlar gurnagy” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Aşgabatda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan umumybilim berýän mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Iň gowy gyzlar gurnagy” bäsleşiginiň netijesi jemlendi. 1-nji martdan 3-nji mart aralygynda geçen finala başlangyç ýaryşlarda gowy netijeleri görkezen gatnaşyjylar gatnaşdy diýip, “Türkmenis...
Italiýadan we Türkmenistandan pianinoçylar Aşgabatda Bahyň, Mosartyň, Şopeniň we Nino Rotanyň sazlaryny ýerine ýetirdiler
Aşgabadyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Türkmenistanda Italiýanyň ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Çärä Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari, türkmen intelligensiýasynyň wekilleri hem-de köp sanly aýdym-saz söýüjileri gat...