Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putine gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti holl» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
"Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly...
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny ýurduň güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany hatynda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky...
Saud Arabystanynda dünýäde iň uzyn asma howuz gurlar
Saud Arabystanynyň çägini ösdürmek agentligi Neom «Treym» atly täze syýahatçylyk taslamasyny hödürledi. Kompaniýanyň resmi web sahypasyndaky maglumata görä, myhmanhana Akaba aýlagynyň günorta kenaryndaky lagunyň girelgesiniň garşysynda ýerleşer.
250 otaga niýetlenen myhmanhana 450 metrlik asma howuz bilen birleşdirilen iki binadan ybarat bol...
McDonald's futbol boýunça Fransiýanyň çempionatynyň täze baş hemaýatkäri bolar
Fransiýanyň Professional futbol ligasy (LFP) McDonald's bilen şertnama baglaşdy, oňa laýyklykda, tiz tagam zynjyry geljek üç möwsümde Liga 1-iň baş hemaýatkäri bolar diýip, LFP-niň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Häzirki wagtda ýaryş Liga 1 Uber Eats diýlip atlandyrylýar, häzirki hemaýatkär bilen şertnama möwsümiň ahyryna çenli dowam e...
Şwesiýanyň koroly ABBA toparynyň agzalaryny Waza ordeni bilen sylaglady
Şwesiýanyň koroly Karl XVI Gustaw ABBA estrada toparynyň agzalaryny rysarlyk ordenleri bilen sylaglady. Bu barada TASS hökümet kanselýasriýasyna salgylanyp habar berýär.
Agneta Feltskog, Býorn Ulweus, Benni Andersson we Anni-Frid Lingstad «halkara aýdym-saz durmuşyna goşan goşandy» üçin Waza (Vasaorden) ordeni bilen sylaglandylar.
Kor...
Türkmen suratkeşleriniň 12-si Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan eserlerini hödürledi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň 12-siniň eserleriniň sergisi açyldy.
Serginiň guramaçylary sergini «Pyragynyň wasp eden ýurdunda bahar» diýip atlandyrdylar. Sergide jemi 120 surat, heýkeller...
Daşoguzda ýazky sogan ekişi tamamlandy
Daşoguz welaýatynda ýazky sogan ekişi tamamlandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.Ekiş üçin soganyň ýerli howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmäge uýgunlaşdyrylan ýokary hasylly, ir ýetişýän, guraklyga we aýazlara çydamly görnüşleri ulanyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, görnüşler saýlananda, olaryň ösýän möwsümi, dürli...
Raşid Meredow we Jozep Borrel Brýusselde gepleşik geçirdiler
19-njy martda Brýusselde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝB-niň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili Jozep Borreliň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-iň metbugat-gullugy habar berýär.
Diplomatlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslah...
Türkmenistanda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň sebitleýin okuw merkezi döredilip bilner
19-njy martda Brýusselde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sonders bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistan DIM-iň metbugat-gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar gümrük işi ugrundaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuň...
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli halkyny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutany Nowruzy "ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramy" diýip atlandyrdy.
"Gündogaryň meşhur akyldarlary Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň,...
Türkmenistan we Belgiýa hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekdiler
19-njy martda Brýusselde Türkmenistan DIM-iň başlygynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belgiýa Patyşalygynyň Federal daşary işler, halkara söwda we hyzmatdaşlygyň ösüş gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
“Şu gün Türkmenistanyň wise-premýeri we daşary işler mi...
Brýusseldäki duşuşyklar: Türkmenistan we ÝB ynsanperwer ugurda, ykdysadyýetde we söwdada hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
19-njy martda türkmen wekiliýetiniň Brýussele saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň abraýly wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyk geçirildi.
ÝB-niň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skug bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan – ÝB Bilelikdäki komitet...
Ikinji jahan urşunyň weterany 99 ýaşynda orta bilim hakynda şahadatnama aldy
ABŞ-da Ikinji jahan urşunyň weterany 99 ýaşynda orta bilim hakynda şahadatnamasyny aldy diýip, Inside Edition neşiri ýazýar. Pensioner üçin 100-den gowrak adamyň gatnaşmagynda ýörite dabara geçirildi.
Çarlz Berd 1943-nji ýylda Ikinji jahan urşy döwründe ABŞ-nyň goşunyna çagyrylanda 18 ýaşyndady. Şonda ol orta mekdebi tamamlamaga ýetişmedi we...
“Içiňi sowatmagyň” peýdasy degenok: fiziki maşklar gahar-gazaba garşy täsirli usul däl
Ogaýo Döwlet uniwersitetiniň gözlegçileri gahary azaltmagyň iň täsirli usulyny tapmak üçin 10189 adamyň gatnaşmagynda 154 gözlegiň meta-derňewini geçirdiler.
Netijeler fiziki işjeňligiň gaharyň güýjüni peseldýändigi baradaky giňden ýaýran ynamyň toslamadan gaýry zat däldigini görkezdi.
Alymlar gyjynmany peseldýän çäreleriň (çuňňur dem...
Tokioda ýer titremä garşy durnukly 64 gatly bina guruldy
Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binalarynyň birine öwrülen täze Mori JP Tower gökdirän binasynyň gurluşygy tamamlandy. Hi-Tech-iň berýän habaryna görä, 64 gatly diňiň beýikligi 325,2 metrdir.
Gökdirän binanyň taslamasy Pelli Clarke & Partners binagärlik býurosy tarapyndan işlenip düzüldi. Bina Tokionyň ýaşyl baglyklary bilen tanalýan, gülläp-ös...
«Bornmutdan» Riçard Hýuz «Liwerpulyň» täze sport direktory bolar
Şotlandiýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Riçard Hýuz täze möwsümde «Liwerpulyň» sport direktory wezipesinde nemes Ýorg Şmadtkeniň ýerine geçirer diýip, futbol boýunça Angliýanyň 19 gezek çempionynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Hýuz «Liwerpula» goşulmak üçin «Bornmutda» tehniki direktorlyk wezipesini terk eder. Şmadtke gyşky transf...
Indoneziýanyň goranmak ministri Prabowo Subianto ýurduň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Indoneziýanyň goranmak ministri Prabowo Subianto ýurduň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada RIA Nowosti Indoneziýanyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Prabowo Subianto Indoneziýanyň 38 welaýatynyň 36-synda we daşary ýurtlarda ýeňiş gazandy. Iki welaýatda, Açehde we Günbatar Sumatrada onuň bäsdeşi...
Gyrgyzystanda Magtymguly Pyragy barada leksiýalar girizilip bilner
20-nji martda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi N.Golliýew respublikanyň bilim we ylym ministri D.Kendirbaýewa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistan DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen bilim we ylym pudagynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp m...
Hytaýda Aşgabadyň howa menzilini ýada salýan şekilde howa menzili gurulýar
Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çžeszýan welaýatynda dizaýny boýunça Aşgabadyň howa menzilini ýada salýan täze Lişuý howa menzili gurulýar. MAD Architects binagärlik býurosy tarapyndan işlenip taýýarlanan taslama uçmaga taýyn ap-ak guşy ýatladýar diýip, New Atlas ýazýar.
Gurluşygy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. “Guş...
Türkmenbaşy we Neapol portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi
20-nji martda türkmen wekiliýetiniň Rime amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew bilen Wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşy...