Türkmenistanyň Özbegistan bilen daşary söwda dolanyşygy 1 mlrd dollardan geçdi
2023-nji ýylyň jemi boýunça Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1,0 mlrd dollardan geçdi. Bir ýyl ozal ol 926,3 mln dollara barabar bolupdy, görkeziji tas 74 mln dollar artdy. Şeýle netijeler Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň maglumatlaryndan gelip çykýar.
Haryt dolanyşygy 2017-nji ýylyň öza...
«Sanly ulgam hyzmatlary» HJ netijeli sanly çözgütleri Türkmenistanyň bazaryna hödürleýär
Ýakynda Türkmenistanyň sanly tehnologiýalar bazarynda täze kompaniýa – “Sanly ulgam hyzmatlary” hojalyk jemgyýeti peýda boldy. Bu kompaniýa ýokary hilli önümleri döretmekde professionallygy bilen tapawutlanýar.
“Sanly ulgam hyzmatlary” birnäçe esasy ugurlar boýunça iş alyp barýar.
Birinjiden, kompaniýa ulanyjylaryň häzirki zaman isleg...
Astronomlar asman jisimini «Barbigeýmer» hormatyna atlandyrdylar
«Barbigeýmer» hormatyna (Kristofer Nolanyň atom bombasyny dörediji baradaky «Oppengeýmer» atly taryhy dramasy we Greta Gerwigiň «Barbi» başdan geçirme komediýasy) iri ýyldyz «Barbenheimer Star» diýlip atlandyryldy. Bu barada «Live Science» neşiri «Sloan sanly asman gözegçiligi» taslamasyna gatnaşyjy astronomlaryň beýanyna salgylanyp habar berýär....
Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşdy
22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge we onuň täze ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirildi.
...
Parižde geçjek Türkmenistanyň maýa goýum forumyna hasaba almaklyk başlandy
Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin onlaýn hasaba alnyş başlandy. Bu barada guramaçylar resmi saýtynda habar berdiler.
Öň habar berşimiz ýaly, forum 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriler.
Foruma janly görnüşde gatnaşmak üçin hasaba almaklyk...
2023-nji ýylyň iň gowy film taslamalary mälim edildi
«Oppengeýmer» terjimehal filmi 2023-nji ýylyň iň gowy taslamasy boldy. «Rotten Tomatoes» kinoreýting agregatorynyň web sahypasynda getirilen maglumatlar muny subut edýär diýip, lenta.ru habar berýär.
Iň gowy filmleriň sanawynda «Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl: Öldüriji hasaplaşyk. Birinji bölüm» filmi hem bar, ol sanawda ikinji orny eý...
Apple Vision Pro-nyň nämesi üýtgeşik? Kompaniýa giňeldilen hakykat garniturasynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi
Apple 19-njy ýanwarda deslapky sargytlaryň açylmagynyň öňüsyrasynda öz Vision Pro giňeldilen hakykat garniturasynyň “bir topar öwrülişik güýmenje aýratynlyklaryny” açdy. Bu barada 3DNews habar berýär.
Vision Pro arkaly ulanyjylar akym hyzmatlarynda seriallara we filmlere tomaşa edip bilerler, Environments-iň kömegi bilen landşaftlarda ondan-...
Ýaponiýa üçin taryhy gün. SLIM apparaty Aýa gonmaga taýynlanýar
Ýaponiýanyň SLIM awtomatiki Aýa gonuş apparaty Aýyň orbitasynyň pes halkasyna üstünlikli girdi. IXBT.com habarlar gullugynyň habaryna görä, ol uçurylandan 110 gün soň, 19-njy ýanwarda Aýa gonmaga synanyşar.
25-nji dekabrda SLIM Aýyň orbitasyna ýetdi we 14-nji ýanwarda bolsa pessaýlamak manýowryny geçirdi. Bu amal wagtynda kosmos gämisiniň na...
Türkmenistan we Eýran özara ýük daşamalar babatda mümkinçilikleri artdyrmagy meýilleşdirýär
16-njy ýanwarda türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk-Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerinde, bu ýerde hereket edýän edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň serhet wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berildi.
Türkmen tarapdan wekiliýete Türkmenistan Döwle...
Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklarynyň strategiýasyna gaýtadan sereder
Ýewropa Parlamentiniň deputatlary Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) 2019-njy ýylda kabul eden Merkezi Aziýa strategiýasyna gaýtadan seretmek boýunça karar kabul etdiler.
Çarşenbe güni Strasburgda geçirilen ýygnanyşykda parlamentiň 543 deputaty bu karary goldady, 42-si garşy ses berdi, 44-si bolsa saklandy. Bu karar Ýewropa Bileleşiginiň döwletlerin...
Jebel şäherçesinde ýylylyk we ses geçirmeýän plitalary, düşekçeleri öndürýän kärhanany gurmak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Balkan welaýatynda ýylylyk we ses geçirmeýän plitalary, düşekçeleri hem-de üznüksiz süýümleri öndürýän kärhanany gurmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak boýunça açyk halkara bäsleşigini yglan etdi.
Bu barada degişli bildiriş "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde çap edild...
Türkmenistan Owganystan bilen Hyratdaky kiçi elektrik bekediniň kuwwatyny artdyrmagy maslahatlaşýar
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň halkara energetika taslamalary bölüminiň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň “DABS” energetika korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen Nur-al-Jihad kiçi elektrik bekediniň kuwwatyny artdyrmak meýilnamasyny durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Bel...
Anjelina Joli bilen Bred Pittiň Täze Orleandaky jaýy 2,8 mln dollara satyldy
Aktýorlar Anjelina Joli bilen Bred Pittiň Täze Orleanyň taryhy Fransuz kwartalyndaky jaýy auksionda 2,8 mln dollara satyldy. Bu barada gozgalmaýan emläk baradaky Mansion Global neşiri habar berýär. Jaýy satmak barada ylalaşyk 2023-nji ýylyň dekabr aýynda gazanyldy diýip, forbes.kz belleýär.
1830-njy ýyllarda gurlan bu jaý birwagtlar Microsof...
BMG-niň Baş sekretary hökümetleri we biznesi emeli aň töwekgelçiliklerini azaltmaga çagyrdy
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hökümetleri we tehnologiýa kompaniýalaryny emeli aňyň döredýän töwekgelçiliklerine bilelikde gözegçilik etmäge we azaltmaga çagyrdy. Bu barada RIA Nowosti agentligine salgylanyp, sputnik.kz habar berýär.
“Bize hökümetleriň tehnologiýa kompaniýalary bilen emeli aňyň häzirki ösüşinden ýüze çykýan töwekgel...
Meksika 2036-njy ýylda Olimpiadany geçirmek üçin beren arzasyny yzyna gaýtardy
Meksikanyň Olimpiýa komiteti öň 2036-njy ýyldaky Olimpiadany ýurduň çäginde geçirmek üçin tabşyran arzasyndan ýüz öwürdi. Report agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada komitetiň başlygy Mariýa Hose Alkala aýtdy.
Onuň bellemegine görä, Olimpiadany geçirmek üçin bäsdeşlik örän güýçli.
Komitetiň başlygy munuň deregine Meksikanyň 2032-n...
Android-de Chrome brauzerinde islendik saýtdaky teksti sesli eşitdirmek funksiýasy peýda bolar
Google kompaniýasy Android-de Google Chrome brauzeri üçin täze funksiýanyň başlangyç wersiýasyny çykardy. Ol islendik sahypanyň mazmunyny neýroulgam sesiniň kömegi bilen sesli eşitdirmäge mümkinçilik berýär diýip, championat.com habar berýär.
Bu mümkinçilikden peýdalanmak üçin Chrome brauzeriniň beta-wersiýasy we salgy setirinde “chrome://fl...
Türkmenistan Katar bilen migrasiýa ugry boýunça aragatnaşyk gurmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katardaky ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Içeri işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Abdulaziz bin Faisal bin Mohammed Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatl...
Türkmen ilçisi Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, şol sanda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk,...
Hytaýyň jemi içerki önümi 2023-nji ýylda 17 trillion dollardan geçdi
Hytaýyň jemi içerki önümi (JIÖ) geçen ýyl 5,2% artyp, 17,71 trillion dollara ýetdi. Bu barada Hytaýyň Döwlet statistika gullugy (DSG) habar berdi diýip, Kazinform-a salgylanýan Trend ýazýar.
Resmi maglumatlara görä, 2023-nji ýylda Hytaýyň jemi içerki önümi 126,06 trillion ýuana (takmynan 17,71 trillion dollar) ýetdi.
Brifingiň dowamyn...
Panama kanalynyň geçirijilik kuwwaty üçden bir esse azaldy. Ýitgiler 700 million dollara ýetip biler
Gurakçylyk bilen bagly suwuň derejesiniň peselmegi sebäpli Panama kanalynyň ýolbaşçylygy her gün geçýän gämileriň sanyny üçden bir esse azaltmaga mejbur boldy. Bu barada kanalyň ýolbaşçylygynyň başlygy Rikaurte Waskese salgylanýan Associated Press (AP) agentligi ýazýar diýip, TASS habar berýär.
Indi her gün kanaldan 24-den köp gämi geçmeýär...