Saglygy berkitmek üçin elýeterli miwe salgy berildi

Eger her gün bir alma iýilse, lukmana az ýüz tutsa bolar. Bu barada berhiz lukmany Maýkl Mosli gürrüň berdi diýip, «Daily Mirror» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» ýazýar.

Lukman almany saglygy berkitmekde ählitaraplaýyn peýdaly miwe diýip atlandyrdy. Ol almanyň aşgazanyň işine oňyn täsir edýändigini, bedeni witaminler we peýdaly mad...

Dowamy »

214 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşular, Türkmenistanyň medeni mirasynyň obýektlerini goramak hakynda Kanuna üýtgetmeler çap edildi, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 300-den gowrak türkmen talyby bilim alýar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam edýär. Saparyň dowamynda döwlet Baştutany «COP-28» maslahatynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi we Ählumumy howa sammitinde çykyş etdi. «Şu gün bu belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna özüniň goşu...

Dowamy »

219 0
Täzelikler, 1 year ago


«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsümiň IV saýlama oýny 20-nji dekabrda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň IV saýlama oýny 20-nji dekabrda bolar. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berdi.

Dowamy »

220 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda breýn-ring bäsleşigi geçirildi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda breýn-ring bäsleşigi geçirildi.
«Baky Bitarap Türkmenistanyň zehinli ýaşlary» atly bäsleşik institutyň Ylym bölümi tarapyndan guraldy.
«Turkmenportala» habar berilişi ýaly, çekeleşikli geçen bä...

Dowamy »

229 0
Täzelikler, 1 year ago


Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu iş sapary ýakynda Prezident Serd­ar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren­ Hökümet mejlisinde şu ýylyň ahyry...

Dowamy »

212 0
Täzelikler, 1 year ago


Ýylyň jemleri bilen bagly, ýaşlaryň baýramçylyk konserti guralar

şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, saparynyň barşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýaşlar ýylynyň jemlerini jemlemek, ähli ulgamlarda öz hünär ugurlary boýunça gö...

Dowamy »

207 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Dubaýda COP-28 Bütindünýä howa maslahatyna gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün — 2-nji dekabrda BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowam...

Dowamy »

218 0
Täzelikler, 1 year ago


Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaşlar forumyna taýýarlyk boýunça iş maslahatyny geçirdi

türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy.
Saparynyň barşynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda iş maslahatyny geçirdi.

Dowamy »

217 0
Täzelikler, 1 year ago


Ýokary okuw mekdepleri bilelikdäki onlaýn-bilim maslahatyny geçirdiler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti maglumat tehnologiýalary temasyndan bilelikdäki onlaýn-bilim maslahatyny geçirdiler.
Maslahata paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň fakultetleriniň birnäçesiniň mugallymlary gatnaşdylar. Onuň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň ugurda...

Dowamy »

411 0
Bilim, 1 year ago


Işdäaçary göwnejaý hödürlemek üçin birnäçe ideýalar

Hatda iň adaty görünýän işdäaçar hem bezelen görnüşde göwnejaý fantaziýa bilen hödürlenilse baýramçylyk stolunyň täsin bezegine öwrülip biler. Iň halanylýan işdäaçarlary hödürlemegiň birnäçe täsirli usullaryny dykgatyňyza ýetirýäris.

Dowamy »

207 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýeti Eýrana bardy

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýeti öň gol çekilen resminamalaryň çäginde kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin Eýrana bardy. Bu barada HHM habar berýär.
Türkmen uniwersitetiniň wekilleri Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen Oba hojalygy ylymlary we tebigy baýlyklar uniwersitetinde gepleşik geçirdi. Taraplar bilim pudagy...

Dowamy »

223 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Gyrgyzystanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwle...

Dowamy »

215 0
Täzelikler, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, 1-2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy.
Bütindünýä sammiti Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli gü...

Dowamy »

216 0
Täzelikler, 1 year ago


Birža söwdalarynda tüýjümek önümlere, nah ýüplüge uly isleg bildirildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Daşary ýurtly işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt p...

Dowamy »

215 0
Täzelikler, 1 year ago


Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawy täzelendi

Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawyny täzelediler diýip, «Habar 24» ýazýar. Täze sanawda Sýurih we Singapur birinji orny paýlaşdylar. Olardan soň Nýu-Ýork we Ženewa ýerleşdi.
Ilkinji onluga şeýle hem Gonkong, Pariž we Los-Anjeles girdi.
Hünärmenler sanawy düzenlerinde, dünýäniň 170 sany iri şäherinde ýaşaýyş öýleriniň kärendesi, az...

Dowamy »

229 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmenistanda hepdäniň ikinji ýarymy ýagyşly bolar

Hepdäniň ikinji ýarymynda Türkmenistanda ýagyş ýagar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi:

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijeleri...

Dowamy »

217 0
Täzelikler, 1 year ago


Braziliýada guraklyk sebäpli millionlarça adam ýitgi çekýär

Braziliýada dowam edýän rekord derejeli guraklykdan millionlarça adam ýitgi çekýär diýip, «Habar 24» ýazýar.
Amazonka derýasynyň 4 sany iň uly akymynyň suwy soňky 50 ýylda iň pes derejede azaldy. Netijede, soýanyň 10 million tonna hasyly howp astynda galýar. Amazonas ştaty iň ýitgi çeken künjekdir. Ol ýerde sentýabrdan bäri adatdan daşary ýa...

Dowamy »

215 0
Täzelikler, 1 year ago


Bütindünýa banky 40 milliard dollar bölüp bermekçi

Bütindünýä banky howanyň üýtgemegi bilen bagly göreş taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin her ýyl 40 milliard dollardan gowrak maýa bölüp bermekçi. Bu barada bankyň başlygy Ajaý Banga Dubaýda geçen Howa sammitinde (COP28) habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.
Banga bu başlangyjyň 2025-nji ýyldan durmuşa geçiriljekdigini, ilkibaşda maliýeleşdirmek...

Dowamy »

217 0
Täzelikler, 1 year ago


Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary jemagat hojalygy hyzmatlary üçin e.gov.tm portaly arkaly töleg edip bilerler

Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynda «Arkadag şäheriniň onlaýn hyzmatlar portaly» atly ýörite bölüm bar.

Häzirki wagtda web sahypasy arkaly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan elektroenergiýa, tebigy gaz we suw üçin tölegleri kabul edilýär.

«Turkmentelecom»-dan internet we öý telefon hyzm...

Dowamy »

216 0
Täzelikler, 1 year ago


«Nebitmaş» DK-da ŞF-20 izolýatorlaryny öndürmek üçin Ýewropanyň öňdebaryjy enjamy gurnaldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ŞF-20 izolýatorlarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu önümiň öndürilmegine kärhanada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «EСTkema» kompaniýasynyň ýokary derejede berk bolan keramiki toýuny almaga niýetlenen häzirki zaman enjamlar toplumynyň gurnalmagy ýardam etdi....

Dowamy »

225 0
Täzelikler, 1 year ago


Bagtly bolmagyň ýönekeý usuly salgy berildi

Türkiýäniň Sabançi uniwersitetiniň kliniki psihologlar topary irden goňşularyňa salam bermegiň we nätanyşlar bilen hoşamaý gürleşmegiň adamlary bagtly edýändigini anykladylar. Alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijeleri «Social Psychological and Personality Science (SPPS)» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Barlaglara 60 müň adam g...

Dowamy »

206 0
Täzelikler, 1 year ago


Bişkekde Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklaryndaky ähmiýeti» atly halkara ylmy maslahat guraldy.
1-2-nji dekabrda bolan maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymla...

Dowamy »

208 0
Täzelikler, 1 year ago


Çehiýada haryt otlulary çaknyşdy

Çehiýanyň gündogaryndaky Pardubisk ülkesiniň Çeska-Trşebowa şäherinde iki sany haryt otlusy çaknyşdy. Bu barada «Report.az» habar berdi.
Netijede, bir adam ýaralandy. Wagonlaryň altysy demir ýoldan agdy, ýitgi 150 million kron (7 million dollar töweregi) bahalanýar.
Heläkçilige otlularyň birinji maşinistiniň ünssüzligi sebäp boldy, ol...

Dowamy »

207 0
Täzelikler, 1 year ago


Honda howpsuzlyk kemeri bilen bagly kemçilik sebäpli ABŞ-da 300 müň ulagyny yzyna çagyrýar

Ýaponiýanyň Honda Motor Co. awtoulag öndürijisi öňdäki howpsuzlyk kemerlerinde öňe çekijiniň bir düzüm böleginiň ýoklugy sebäpli ABŞ-da 300 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar diýip, MarketWatch habar berýär.
Kampaniýa Accords we HR-V modellerine degişli bolar diýip, Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli dolandyryş gullugynyň (NHTSA) habarynda...

Dowamy »

297 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti dekabryň başynda Berlinde iş saparynda bolar

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti 3 — 7-nji dekabr aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysyn...

Dowamy »

308 0
Täzelikler, 1 year ago