Ierusalimiň iň gadymy ilatly etraby bolan Dawidiň şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda ysraýylly arheologlar goýy gyzyl daşly kiçijik altyn ýüzügi tapdylar. Hünärmenleriň bellemegine görä, tapyndy irki ellinçilik döwrüne degişlidir, ýagny takmynan 2300 ýyl ozal, sebiti miladydan öňki 332-nji ýylda Aleksandr Makedonskiý basyp alyp yzýany döredilipdir. Bu eýýäm soňky ýylda bu ýerden tapylan şuňa meňzeş ikinji ýüzük. Öňküsi birneme ulurakdy, ony arheologlar 2024-nji ýylyň maý aýynda tapypdylar. Diametrinden çen tutsaň, iki ýüzük hem çagalar - oglanjyklar ýa-da gyzjagazlar üçin niýetlenendir. Ellinçilik döwründe granat ýaly açyk daşly altyn şaý-sepler ýoň bolupdyr. Bu şaý-sep däp-dessurlary Hindistandan we Parsystandan gelipdir we grek serkerdesiniň basyp alyşlaryndan soň täze söwda ýollarynyň açylmagy bilen meşhurlyk gazanypdyr. Iki ýüzük hem uly binanyň düýbünden, b.e. öňki III asyryň ahyryna – II asyryň başlaryna degişli gatlakdan tapyldy. Başga-da, arheologlar şol ýerden bürünç gulakhalkalary, şahly haýwanyň şekili salnan altyn gulakhalka we altyn monjuk tapdylar. Alymlaryň pikirine görä, şaý-sepleriň bilgeşleýin poluň aşagynda gömlen bolmagy mümkin. Munuň sebäbi, gyzlaryň çagalykdan ululyga geçmeginiň nyşany hökmünde toýuň öňüsyrasynda öýde şaý-sepleri gizlemek däbi bilen baglanyşykly bolup biler. Arheologlaryň Iýerusalimdäki ellinçilik döwründen bäri altyn şaý-sepleriň şeýle uly ýygyndysyny ilkinji gezek tapyşy. Alymlaryň bellemegine görä, bu Iýerusalimiň baý bolandygyny we şol döwürde şäher ilatynyň durmuşynyň ýokary derejede bolandygyny görkezip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir