UEFA-nyň ýolbaşçysy FIFA-nyň prezidenti bolmak üçin Infantino bilen bäsleşmez

UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin FIFA-nyň prezidenti wezipesine dalaşgär bolmajakdygyny tassyklady. Bu barada ol «The Rest is Politics» britan podkastyna beren interwýusynda aýtdy.

FIFA-nyň ýolbaşçysynyň nobatdaky saýlawlary 2027-nji ýylyň martynda Marokkonyň paýtagty Rabatda geçirilmeli.

«Men FIFA-nyň prezidentl...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmen KHBS-iniň wekilleri Daşkentde we Samarkantda halkara media forumyna gatnaşýar

24–28-nji awgust aralygynda Özbegistanyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde «Yslam siwilizasiýasynyň merkezi: täze garaýyşlar, täze açyşlar» atly halkara media forumy geçirilýär. Onuň çäginde gatnaşyjylar yslam siwilizasiýasynyň taryhyny we medeni mirasyny şöhlelendirmegiň çemeleşmelerini, şeýle hem maglumat çygrynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinç...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, 1 month ago


78 ýaşly goja futbolda 63 möwsüm eminlik edip, rekord goýdy

Welsli futbol emini Ken Raýt 78 ýaşynda iň uzak dowam eden eminlik karýerasy üçin Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi şahadatnamasyny aldy. Bu barada UEFA-nyň X sosial torundaky sahypasynda habar berilýär.

Raýt 1964-nji ýyldan bäri oýunlarda eminlik edýär — ol Welsiň höwesjeň ýaryşlaryndan başlap, weteran ýaryşlaryna çenli dürli derej...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda täze saglyk şäherçesini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda täze saglyk şäherçesini döretmegi teklip etdi. Degişli teklip 23-nji awgustda paýtagtyň demirgazyk böleginde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşlygyň dowamynda aýdyldy diýip, TDH habar berýär.

Binany gözden geçirmegiň do...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk künjeginde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu binanyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär diýip, TDH habar berýär.

Bu döwrebap lukmançylyk merkezini saglygy goraýy...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 1 month ago


Täjigistanda syýahatçylyk salgydy girizildi

Täjigistanda Syýahatçylygyň ösüş gaznasy döredildi. Ol beýlekiler bilen bir hatarda syýahatçylyk ýygymlarynyň hem hasabyna doldurylar. Degişli karar ýurduň hökümeti tarapyndan 1-nji iýulda çykarylypdy, indi bolsa ol güýjüne girdi.

Gazna Täjigistanyň raýatlarynyň daşary ýurda syýahat etmek üçin satyn alýan syýahatçylyk bukjalarynyň ba...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, 1 month ago


«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

22-nji awgustda Aşgabatda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak üçin yglan edilen bäsleşigiň çäginde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýär diýip, TDH belleýär.

Jemleýji tapgyr Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bo...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanda yssy dowam edýär: şu hepde howa +42°C-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň berýän maglumatyna görä, şu hepde ýurt boýunça üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Hepdäniň ahyrynda käbir sebitlerde az-kem ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Temperatura gijelerine iň pes +19°C-dan, gündizlerine iň ýokary +42°C-a çenli ýokarlanar. Şem...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 1 month ago


Hytaý birbada 4,3 million ulagy yzyna ýygnaýar

Hytaýda 10 brende degişli bolan 4,3 milliondan gowrak ulag yzyna çagyrylýar. Muňa adatdan daşary ýagdaýlarda ulanylmaga niýetlenen mehaniki gapy tutawaçlarynyň o diýen göze ilmän, agyr ýol-ulag hadysalaryndan soň ýolagçylara maşyndan çykmaga päsgel berip bilmegi sebäp boldy, diýip «CnEVPost» neşiri habar berýär.

Hytaýyň Bazary düzgün...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Detroýtda sapagy goýbermedik mekdep okuwçylaryna $1000 tölener

Detroýtda (ABŞ-nyň Miçigan ştaty) sapaklaryny goýbermän, yzygiderli mekdebe gatnan okuwçylar 1 müň dollara çenli sowgatlyk kart alyp bilerler. Bu barada Fox News teleýaýlymy habar berýär.

Ýokary synp okuwçylaryna sypdyrman sapaga gatnaşan her hepdesi üçin 100 dollar möçberinde elektron sowgatlyk karty berilýär. Şunlukda, olar dört he...

Dowamy »

86 0
Täzelikler, 1 month ago


«Iň gowy ýeňişlerimiň biri»: Norris «Formula-1-iň» yzly-yzyna ikinji ýaryşyny utdy

McLaren toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris Niderlandlaryň Zandwort şäherinde geçirilen «Formula-1» ýaryşynda birinji orny eýeläp, yzly-yzyna ikinji gezek ýeňiş gazandy.

Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, Mercedes toparynyň wekilleri Andrea Kimi Antonelli we Jorj Rassell eýelediler.

«Ýaryşa başlaýşym hakd...

Dowamy »

102 0
Sport, 1 month ago


Efiopiýaly ylgawçy 2 ýylda 2 gezek ýarym marafonuň rekordyny döwdi

Efiopiýaly Ýomif Kejelça Buenos-Aýres (Argentina) şäherinde 21,1 kilometrlik aralygy 56 minut 51 sekuntda geçip, ýarym marafon boýunça dünýä rekordçysy adyny gaýtaryp aldy.

Kejelça ugandaly Jeýkob Kiplimonyň mart aýynda Lissabonda görkezen (heniz World Athletics tarapyndan tassyklanmadyk) 57 minut 02 sekuntlyk netijesini gowulandyrdy...

Dowamy »

87 0
Sport, 1 month ago


Sehudo RAF tituly ugrundaky göreşde Dwalişwilini 36 sekuntda ýeňdi

UFC-niň öňki çempiony, amerikaly Genri Sehudo erkin göreş boýunça geçirilen Real American Freestyle (RAF) 12 ýaryşynda gruziýaly Merab Dwalişwiliden üstün çykyp, öňki ýeňlişi üçin aryny aldy.

RAF-yň ýeňil agramdaky çempionlyk duşuşygy ABŞ-nyň Kliwlend şäherinde geçirildi. Oňa dürli söweş sungatlarynyň wekilleri gatnaşdy.

Dowamy »

92 0
Sport, 1 month ago


Sürüjileri işden «sessizje» çykarandygy üçin Uber-e tas $1 milliard jerime salyndy

Niderlandlarda Maglumatlaryň goralyşyny düzgünleşdiriji edara (AP) Uber-e 825 million ýewro (tas 966 million dollar) möçberinde uly jerime saldy. Bu barada Reuters habar berdi.

Jerimäniň salynmagyna 2020–2022-nji ýyllar aralygynda kompaniýanyň sürüjiler bilen işleşende dolulygyna awtomatlaşdyrylan algoritmlere bil baglamagy sebäp bol...

Dowamy »

68 0
Täzelikler, 1 month ago


Bişkekde Merkezi Aziýanyň iň belent synlama çarhy gurnaldy

Bişkekde belentligi 92 metrden geçýän synlama çarhy gurnaldy.

Bu barada «Asman Park» maşgala-dynç alyş merkeziniň durkuny täzelemek işleriniň gidişini barlan şäher häkimi Aýbek Junuşaliýew munisipalitetiň metbugat gullugyna habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu Merkezi Aziýada şeýle görnüşli attraksionlaryň iň belendidir.

Dowamy »

66 0
Täzelikler, 1 month ago


Lotereýada ikilenç utan amerikaly puluny mätäç maşgalalaryň çagalaryna bagyşlady

Demirgazyk Karolina ştatynyň ýaşaýjysy Kristian Breton dessin utuşly lotereýada eýýäm ikinji gezek uly möçberde pul utdy. Ol baýragyň bir bölegini ýaşaýan ýerindäki kömege mätäç maşgalalaryň çagalaryna ýardam bermek üçin harçlamak kararyna geldi. Bu barada Lottery Post neşiri habar berýär.

6-njy awgustda Breton 30 dollara «$100 000 C...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 1 month ago


Hytaý robotlary Useýn Boltuň 100 metr aralykdaky rekordyny täzelediler

Hytaýyň ynsanpisint robotlary ýamaýkaly meşhur sprinter Useýn Boltuň 100 metr aralykda goýan 9,58 sekuntlyk dünýä rekordyny täzelediler.

Taryhy ylgawlar Pekinde geçirilen Robotlaryň ikinji bütindünýä oýunlarynda boldy. Robotlar tizlik boýunça adamy yzda galdyrsa-da, pellehana ýetilen pursady olara entek kämilleşmegiň gerekdigi belli...

Dowamy »

97 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen PETRONAS täze Ähtnama gol çekdi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

21-nji awgustda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde J.Gurbangeldiýewiň, Malaýziýanyň ilçisi Mohd Suhaými bin Ahmad Tajuddiniň we...

Dowamy »

99 0
Bilim, 1 month ago


ÝB-niň alty ýurdy nebit kompaniýalaryna aşa uly girdeji üçin salgyt salmagy talap edýär

Germaniýa, Italiýa, Awstriýa, Polşa, Portugaliýa we Ispaniýa Ýewropa Bileleşigini (ÝB) nebit kompaniýalarynyň aşa uly girdejileri üçin salgyt salmak meselesini maslahatlaşmaga çagyrdylar. Bu başlangyç dünýä bazaryndaky durnuksyzlygyň täsiri netijesinde olaryň girdejileriniň birden ýokarlanmagy bilen baglydyr diýip, AFP agentligi habar berýär.
...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Kaşaňlygyň täze nusgasy: Hyundai-yň premium-brendi täze mähnet krossowerini görkezdi

Hyundai-yň düzümindäki Genesis lýuksa ulaglar brendi täze flagmanyny — äpet Genesis GV90 elektrokrossowerini köpçülige hödürledi.

Ulaga ýöne bir uly diýmek bärden gaýdýar, ol, hakykatdan hem, äpet: uzynlygy 5286 mm, tigir bazasy bolsa 3246 mm-e deňdir.

Model täze eMP batareýa platformasynyň binýadynda guruldy. Ol 657 a...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


ABŞ-nyň kazyýeti 75 ýurduň raýatlaryna immigrasiýa wizalaryny gadagan edýän karary ýatyrdy

Nýu-Ýork ştatyndaky federal kazyýet ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 75 ýurduň raýatlaryna immigrasiýa wizalarynyň berilmegini gadagan edýän kararyny ýatyrdy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Döwlet departamenti degişli çäklendirmeleri 2026-njy ýylyň başynda girizipdi. Bu kararyň üstünden adam hukuklaryny goraýjy guramalar, im...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, 1 month ago


3,7 milliard ýyl öň bu ýerden suw akypdyr: Marsdaky gadymy krateriň täze suratlary görkezildi

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) «Mars Express» orbita enjamy arkaly alnan Marsyň täze suratlaryny çap etdi. Olarda planetanyň Günorta belentlikleri we ägirt uly Skiaparelli krateri şekillendirilen.

Takmynan, 3,7 milliard ýyl ozal bu ýerleriň howasy has ýyly we çygly bolupdyr, ýer üstünden suw akymlary akyp geçipdir. Krateriň diamet...

Dowamy »

68 0
Täzelikler, 1 month ago


«Bawariýa» 12-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny eýeledi

Mýunheniň «Bawariýasy» futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda Dortmundyň «Borussiýasyndan» üstün çykdy.

Oýun Dortmund toparynyň öý stadiony bolan «Signal Iduna Parkda» geçirildi. Duşuşyk 2:1 hasabynda «Bawariýanyň» peýdasyna tamamlandy.

Wensan Kompaniniň şägirtleri eýýäm birinji ýarymda iki gol bilen...

Dowamy »

83 0
Sport, 1 month ago


Similac-yň ýetiren zyýany üçin Abbott bäbekli maşgalalara $670 mln tölär

Amerikanyň Abbott korporasiýasy «Similac» süýt garyndylary bilen bagly kazyýet talaplaryny doly bolmasa-da, bölekleýin çözmek üçin 670 mln dollar öwez puluny tölemäge razy boldy. Muňa garamazdan, kompaniýa barybir öz hatasyny boýun almaýar.

Şikaýatyň mazmunyna görä, kompaniýanyň önümleri täze doglan çagalarda iň howply içege keseller...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, 1 month ago


Hakerler GTA VI-ny ogurladylar: Oýny döreden kompaniýa $3 mlrd ýitgi çekdi

Heniz resmi ýagdaýda köpçülige çykarylmadyk Grand Theft Auto VI oýnuna degişli maglumatlaryň ogurlanmagy ony çykarýan Take-Two Interactive kompaniýasynyň bazar bahasynyň üç günüň içinde tas 3 milliard dollar pese düşmegine getirdi.

CYBERLEEK atly hakerler topary oýun baradaky täze maglumatlary yzygiderli paýlaşmagyny dowam edýär. Ola...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, 1 month ago